2022-nji ýylda Eýranda polisiýanyň tussaglygynda heläk bolan Mahsa Amininiň maşgalasy, eger-de eýran häkimiýetleri rugsat berse, onda onuň dünýäden ötmeginiň ikinji ýyl dönümini hatyralamak isleýär. Mahsa Aminiň ölümi tutuş ýurt boýunça “Zenanlar, Ýaşaýyş, Azatlyk” protest hereketini tutaşdyrypdy.
12-nji sentýabrda Mahsa Aminiň kakasy Amjad, Azatlyk Radiosyna ýollan maglumatynda, maşgalanyň ýogalan ýaş gyzyň hatyrasyny onuň jaýlanan mazarlygynda geçirmek isleýändigini aýtdy. Ol bu barada beýleki adamlardan hem haýyşlaryň gelendigini nygtady.
“Biz, Mahsa Jina Amininiň maşgalasy, Eýrandaky gam çekýän edil beýleki maşgalalar ýaly, däp-dessurlarymyza we dini adatlarymyza laýyklykda, özümiziň ýakynymyzyň dünýäden gitmeginiň ýyl dönümini hatyralamak hukugymyzy ulanmak isleýäris” diýip, Amjad Amini ýollan audio ýazgysynda belledi.
Ol geçen ýyl gyzynyň ýylyny hatyralajak bolanlarynda, häkimiýetleriň onuň jaýlanan mazarlygyna barýan ýollary petikläni üçin, muny amal edip bilmändiklerini hem sözüne goşdy.