23-nji sentýabrda Eýranyň resmileri kömür käninde bolan partlamada heläk bolanlaryň sanynyň 38 bolandygyny, şeýle-de 14 adamyň henizem ýeriň aşagynda galýandygyny aýtdylar.
Täze görkezijiler mundan bir gün öň yglan edilen sanlardan pesdir. Ýagny 22-nji sentýabrda partlamada ölenleriň 51 adamdygy aýdylypdy.
Eýranyň mediasynyň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda, paýtagt Tährandan 540 km günorta-gündogarda ýerleşýän, Tabas sebitindäki kömür känindäki partlama metan syzmasy sebäp bolupdyr.
Kände entegem metanyň uly mukdarynyň saklanmagy, halas ediş işleriniň depginini gowşadýar diýip, Günorta Horasan welaýatynyň häkimi Jawad Ghenaat aýtdy.