Eýranda Hameneýi ýurduň täze prezidentini tassyklady

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi (çepde) we Masud Pezeşkiýan ýurduň merhum ozalky przidenti Ebrahim Raisiniň suratynyň gapdalynda otyrlar. Tähran. 28-nji iýul

28-nji iýulda Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi resmi ýagdaýda Masud Pezeşkiýany ýurduň täze prezidenti hökmünde ykrar etdi, şeýle-de oňa Günbatar ýurtlarynyň deregine, Eýranyň goňşy döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge görkezme berdi.

Hameneýi Pezeşkiýany “akylly, ahlakly, meşhur we ylym-bilimli” bir şahs hökmünde häsiýetlendirdi.

Hameneýi Eýranda hem dini, hem-de syýasy taýdan iň ýokary häkimiýete eýedir.

Pezeşkiýan Hameneýiň ykrar etmesinden soňky eden çykyşynda, ýurtda “reformalaryň zerurdygyny” aýtdy, emma şol bir wagtda, “ýokary ruhany lideriň umumy syýasatyny berjaý etmegi” göz öňünde tutýandygyny hem sözüne goşdy.