Eýranda gazaply protestleriň ýyl dönümini ýatlan ýüzlerçe demonstrant saklandy

Soňky günleriň dowamynda protestler Sistan-Bulujystan welaýatynyň dürli sebitlerinde, şol sanda Zahedanda hem geçirildi diýip, Haalwş topary belleýär.

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde mundan öň öldürilen köp sanly demonstrantlaryň ýyl dönümi mynasybetli geçirilen protestlerde, ýüzlerçe demonstranty sakladylar. Bu barada adam hukuklaryny goraýjy topar maglumat berýär.

Eýranyň Sistan-Bulujystan welaýatyndaky hukuk bozulmalaryna gözegçilik edýän Haalwş toparynyň 2-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, sentýabryň 30-ndan bäri sebitde azyndan 216 adam, şol sanda ýaşlar hem tussag edilipdir.

Geçen ýylyň 30-njy sentýabrynda welaýatyň paýtagty Zahedan şäherinde geçirilen protestler howpsuzlyk güýçleri tarapyndan dargadylanda, azyndan 104 adam öldürildi diýip, düýbi Norwegiýada ýerleşýän Eýran Adam Hukuklary guramasy mälim edipdi.

Eýrandaky etniki buluçlaryň köplük bolup ýaşaýan sebitindäki bu gazaply hadysa “Ganly Anna güni” diýlip hem atlandyrylýar.

Soňky günleriň dowamynda protestler welaýatyň dürli sebitlerinde, şol sanda Zahedanda, Çabaharda, Klaşda we Mirjawehde dagy geçirildi diýip, Haalwş topary belleýär.

Topar tussaglaryň anyk nirede we haýsy şertlerde saklanýandygy baradaky maglumatlaryň anyk däldigini nygtaýar.