Eýran Ysraýyla garşy ar alyş çäresiniň "tamamlanandygyny" aýdýar. ABŞ, Ysraýyl jogap barada duýdurýar

Bir aýal Eýranyň Ysraýyla amala aşyran raketa hüjüminiň netijelerini surata alýar.

Eýran Ysraýyla garşy özüniň raketa hüjüminiň tamamlanandygyny aýtdy, ýöne sebitdäki barha artýan dartgynlylyklaryň arasynda, Tähranyň täzeden herekete geçmäge mejbur edilip bilinjekdigini hem duýdurdy.

1-nji oktýabrda Eýran Ysraýyla garşy ganatly raketalaryň giň gerimli hüjümini amala aşyrdy. Tähran munuň Ysraýylyň Liwanyň günortasyndaky Eýran tarapyndan goldanylýan Hezbollah jeňçi toparyna garşy kampaniýasyna jogap bolandygyny aýdýar.

Bu ýagdaýlaryň arasynda, Ysraýyl, şol sanda onuň ýakyn ýarany ABŞ jogap çäreleri barada duýduryş berdi.

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi X sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazgysynda, hüjümiň “diňe harby we howpsuzlyk sebitlerini” nyşana alandygyny aýtdy. Ol munuň Ysraýylyň “Gazadaky we Liwandaky genosidi” diýip häsiýetlendiren çärelerine jogap bolandygyny, şeýle-de munuň “BMG-niň Çarteriniň 51-nji maddasyna laýyklykda, Eýranyň özüni goramak hukugy bolandygyny” öňe sürdi.

“Biziň çärämiz tamamlandy, bu Ysraýylyň režiminiň mundan beýleki garşylygy çagyrmak islegine çenli. Bu ýagdaýlarda, biziň jogabymyz has güýçli we has kuwwatly bolar” diýip, Aragçi belledi.

Mundan öň, Eýranyň kuwwatly Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy raketa hüjüminiň geçen hepde Ysraýylyň Hezbollahyň lideri Hassan Nasrallahy öldürmegine jogap bolandygyny aýtdy.

Hem harby topar, hem-de syýasy partiýa bolan Hezbollah Liwanyň günortasyndaky köp sebitleri öz gözegçiliginde saklaýar. ABŞ bu topary terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär. Şol bir wagtda, Ýewropa Bileleşigi onuň diňe harby ganaty özüniň gara sanawyna girizdi.

Ysraýylyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary 180 töweregi raketanyň aglabasyny urup düşürdi diýip, harbylaryň metbugat wekili kontr-admiral Daniel Hagari aýtdy. Şol bir wagtda, raketalaryň käbiri Ysraýylyň merkezi we günorta sebitlerine gelip düşdi. Ol hüjüm başlandan bir sagat çemesi soňra, Ysraýylyň ýaşaýjylaryna bomba gaçybatalgalaryndan çykyp boljakdygyny aýtdy.

Ysraýylyň halas ediş gulluklary iki adamyň gaçan galyndylaryň netijesinde ýeňil ýaralanandygyny aýtdylar. Okupirlenen Günbatar Bankdaky Jeriço sebitinde bir palestinaly "urlan raketanyň galyndylary asmandan gaçyp, ony uranda" heläk boldy diýip, şäheriň häkimi Husseýn Hamaýel aýtdy.

2-nji oktýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar boýunça gyssagly ýygnak geçirer.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu hüjümiň "uly ýalňyşlyk" bolandygyny aýtdy we Tähranyň "munuň üçin jogap berjekdigini" belledi. "Kim-de kim bize hüjüm etse, biz olara hüjüm ederis" diýip, ol sözüne goşdy.

ABŞ prezidenti Jo Baýden jogap çärelerini Netanýahu bilen gürleşjekdigini aýtdy. Ondan anyk çäre barada soralanda, ol: "Bu barada häzir gürrüň edilýär. Muny görmeli bolar" diýip, jogap berdi.

Bu aralykda, Ysraýylyň polisiýasy Tel-Awiwde bolan ok atyşykda we pyçaklamada alty adamyň ölendigini we dokuszsynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Polisiýa munuň "terror" hüjümi bolandygyny aýtdy we iki hüjümçiniň soňundan öldürilendigini habar berdi. Bu waka boýunça hiç kim jogapkärçiligi öz üstüne almady.

Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy 1-nji oktýabrdaky raketa hüjüminde Tel Awiwiň töweregindäki üç harby bazanyň nyşana alnandygyny aýtdy.

Ol eger-de Ysraýyl ar alsa, Tähranyň jogabynyň "has ýykgynçylykly" boljakdygyny aýtdy.

Dünýä liderleri Eýrana we Ysraýyla ýüzlenip, dartgynlylyklardan saklanmaga we ok atyşyklary bes etmek barada gepleşiklere başlamaga çagyrdylar.