Eýran “Yslam Döwleti-Horasan” toparynyň 14 agzasyny saklandygyny aýdýar

3-nji ýanwarda Eýranyň günortasyndaky Kerman welaýatynda amala aşyrylan iki sany bombaly hüjümde 95 adam öldi.

Eýran “Yslam Döwleti-Horasan” toparynyň 14 agzasyny tussag etdi. Bu barada ýurduň Aňtaw ministrligi 23-nji awgustda mälim etdi.

“Yslam Döwleti” ekstremistiki toparyň Owganystandaky şahamçasynyň agzalarynyň haçan ele salynandygy aýdyňlaşdyrylmaýar. Maglumatda olaryň 14-siniň hem Eýrana bikanun geçendigi we “terroristiki operasiýalary amala aşyrmagy planlaşdyrandygy” bellenilýär.

Tussag edilenleriň ýedisi günortadaky Fars welaýatynda, galanlary hem demirgazykdaky Tähran we Albors sebitlerinde, şeýle-de günorta-günbatardaky Huzerestan welaýatynda saklandylar.

Ýanwarda “Yslam Döwleti-Horasan” topary Eýranyň günortasynda 95 adamyň ölümine sebäp bolan iki bombaly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.