Eýranda bir ruhanyny öldürmekde günäli tapylan asly kürt bir tussag jezalandyrylyp öldürildi. Bu hukuk toparlarynyň kazyýet işindäki aýdyňlygyň ýokdugy baradaky şikaýatlaryna garamazdan amal edildi.
Kamran Şeýkhen 25-nji iýulda irden Urmia şäherindäki türmede dardan asylmazyndan ozal, 15 ýyl çemesi wagt tussaglykda saklanypdy.
Ol 2008-nji ýylyň sentýabrynda Mahabad şäheriniň jemagat ymamy Abdolrahim Tinanyň ölümi bilen bagly ölüme höküm edilen ýedi tussagyň iň soňkusy boldy.
Kürtleriň “Hengaw” hukuk toparynyň maglumatyna görä, aýyplananlaryň ýedisi hem soňky sekiz aýyň dowamynda jezalandyrylyp öldürilipdir.
Amnesty International guramasy ölüm jezasyna höküm edilen ýedi aýyplanýanyň “adalatsyz kazyýet diňlenişikleri we gynamalar bilen etmişi boýun aldyrmak” ýaly ýagdaýlara ünsi çekip gelýärdi.
“Hengaw” sud diňlenişikleriniň “bikanun we aýdyň däl ýagdaýda” geçendigini aýdýar.