Eýran iki günde 8 adamy jezalandyryp öldürdi

Illýustrasiýa suraty

Eýranyň häkimiýetleri geçen dynç günleriniň dowamynda sekiz adamy jezalandyryp öldürdi diýip, adam hukuklaryny goraýjy toparlar aýdýar. Bu şu aýyň başynda geçirilen irki prezidentlik saýlawlarynyň dowamyndaky dymmyşlykdan soň, režimiň ölüm hökümleriniň berjaý edilmegini gaýtadan güýçlendirýändigi baradaky howatyrlanmalary artdyrdy.

Adam hukuklaryna gönükdirilen HRANA habar agentliginiň maglumatyna görä, 21-nji iýulda Karaj şäherindäki Kezel Hesar türmesinde dört adam, şol sanda Owganystanyň bir raýaty dardan asylypdyr. Maglumata görä, olar neşe bilen ilteşikli jenaýatda günäli tapylypdyr.

Hukuk toparlary Eýranda owgan raýatlarynyň barha köp jezalandyrylyp öldürilýändigini hasaba alýarlar. Aktiwistler olaryň kazyýet işleriniň adalatly geçmeýändigini aýdýarlar.

Mundan başga-da, düýbi Osloda ýerleşýän Eýranyň Adam Hukuklary toparynyň maglumatlaryna görä, 20-nji iýulda Şiraz türmesinde dört adam, şol sanda bir aýal dardan asylypdyr. Olaryň üçüsi adam öldürmekde, ýene biri jynsy zorlukda günäli tapylypdyr.

Amnesty International guramasy Eýranyň 2023-nji ýylda 853 adamy jezalandyryp öldürendigini, olaryň azyndan 481-iniň neşe aýyplamalary bilen ilteşiklidigini aýdýar.