Donald Tramp ABŞ-nyň prezdent saýlawynda ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan 270 saýlaw kollegiýasy sesini alyp, ABŞ-nyň köp sanly metbugat habaryna, şol sanda AP we CNN maglumatlaryna görä, prezident saýlawynda Kamala Harrisden üstün çykdy.
Wiskonsinde ýeňiş gazanmak bilen, öňki prezident we Respublikan partiýanyň dalaşgäri Tramp, häzirki wise-prezident we Demokratik partiýanyň dalaşgäri Harrisden üstün çykyp, prezident bolmak üçin zerur bolan 270 saýlaw sesini aldy. AP habar gullugynyň habaryna görä, Tramp 5-nji noýabrdaky ses berişlikden soň, Saýlaw kollegiýasynyň 277 sesini aldy.
Tramp biraz öň öz goldawçylarynyň ýygnagynda çykyş edip, özüni ýeňiji diýip yglan etdi.
"Men öz çagalarymyzyň we siziň mynasyp bolan güýçli, howpsuz we gülläp ösýän Amerikasyny döredýänçäm dynç almaryn” diýip, ol 6-njy noýabr säherinde şowhun edip gygyryşýan goldawçylaryna Palm Biçde, Floridadaky Gurultaý merkezinde eden ýüzlenmesinde aýtdy.
Iki orny almak bilen, Demokratlara goşmaça urgy urup, Respublikan partiýa Senatyň gözegçiligini hem yzyna, öz eline aldy.
5-nji noýabrda geçirilen taryhy prezident saýlawy Russiýanyň Ukrainadaky urşuna, Ýakyn Gündogardaky söweş konfliktine we beýleki global meselelere uly täsir etjege meňzeýär.
Ses berişligiň Ýewropa etjek täsiriniň ähmiýetini tutuş continent boýunça köp sanly gözegçilik toparlarynyň syny esasynda, gözegçileriň netijäniň daşary syýasatda nämäni aňlatjakdygyna berýän bahalary arkaly görüp bolýar.
Harris prezident Jo Baýdeniň Ukraina kömek syýasatyny dowam etdirjekdigini we basybalyjy rus güýçleriniň ýeňlenini görmek isleýändigini aýdan bolsa, Tramp ABŞ-nyň Kiýewe goldawyny sorag astyna aldy we bu meseledäki ýüküň agramyny Ýewropanyň çekmelidigini aýtdy, NATO-nyň geljegini güman astynda goýdy.
Saýlawlara ýakyndan gözegçilik edilýän ýurduň raýaty, ukrain parlamentiniň daşar ýurt meseleleri komitetiniň başlygy Trampyň ýeňşinde "hem kynçylyk, hem-de pursat, mümkinçilik" görýändigini aýtdy.
"Tramp, olara özüniň düşünişine görä, diňe Birleşen Ştatlarynyň bähbitlerinden ugur alar, şu sebäpden biz Ukrainany goldamagyň Birleşen Ştatlar üçin bähbit bolýandygyny subut etmeli bolarys" diýip, kanun çykaryjy Oleksandr Merežko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
“Mysal üçin, ol öz milli howpsuzlyk geňeşçisini saýlanda, has köp zat aýan bolar” diýip, Merežko sözüniň üstüni ýetirdi.
Tramp saýlaw kampaniýanyň dowamynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini birnäçe gezek nyşana aldy we, Russiýanyň giň gerimli çozuşy başlanaly bäri iki tarap bolan kanun çykaryjylaryň ikisiniň hem tassyklamagy bilen onlarça milliard diollarlyk kömek alandygyny nazarda tutup, ony "dünýäniň iň uly satyjysy" diýip atlandyrdy.
Şeýle-de, ol Kiýewiň urşuň öňüni almak ýa-da çozuşy soňlamak üçin Russiýa bilen ylalaşyk baglaşmalydygy baradaky delilini gaýtalady.
Zelenski 6-njy noýabrda Trampy gutlap, onuň "kuwwatlylyk arkaly parahatçylyga" ygrarlylygynyň Ukraina üçin "adalatly parahatçylygy" golaýladyp biljekdigini aýtdy.
Harris kampaniýasy öz dalaşgäriniň her bir ses sanalýança garaşjakdygyny we diňe şondan soň, 6-njy noýabrda halka ýüzlenjekdigini aýtdy.
Saýlawçylar hem milli derejede, hemem çekeleşikli bäsleşik meýdançasy bolan birnäçe ştatda iki bölünip, şol sanda Trampyň janyna kast ediş synanyşygy, prezident Jo Baýdeniň iýulda demokratlaryň dalaşgärliginden çekilip, Harrisiň kandidat bolmagyna ýol açmagy bilen, netijeleri öňünden çaklamagy kynlaşdyrdy.
Örän çekeleşikli bolan bäsleşikde kimiň ýeňendigine garamazdan, onuň taryhy saýlawdygyny inkär edip bolmaz.
Tramp kasam kabul ediş dabarasynda iň ýaşuly prezident, şeýle-de jenaýatda ýazgarylan ilkinji prezident bolar.
60 ýaşly Harris saýlanan halatynda ilkinji aýal, ikinji garaýagyz we Günorta Aziýa asylly ilkinji prezident bolmalydy.
Brýusselde saýlaw gözegçilik partiýasyny gurnan Larri Moffetiň sözlerine görä, ses berişlige bolan gyzyklanma ABŞ syýasatyň dünýäniň galan bölegine nähili çuňňur täsir edýändigini görkezdi.