Erdogan: Türkmen gazynyň Türkiýä, Ýewropa akyp başlamagy “diňe wagt meselesi”

Türkmenistan bilen Türkiýe soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary ýygjamlaşdyrdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Trans Anadoly gaz geçiriji taslamasynyň (TANAP) kuwwatynyň giňeldilmegi netijesinde, türkmen gazynyň Türkiýä we Ýewropa akyp başlamagynyň “diňe wagt meselesidigini” aýtdy.

Türk metbugatynyň maglumatyna görä, Erdogan bu barada 4-nji iýunda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçen Halkara Kaspi Nebit we Gaz Sergisinde çykyş edipdir.

Türkmenistan bilen Türkiýe soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary ýygjamlaşdyrdy.

Türkmenistan Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa Bileleşigine tebigy gaz ibermäge isleg bildirip gelýär.

Mundan öň, Ankara türkmen gazynyň Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üsti bilen Türkiýä daşalmagy boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny mälim edipdi.