Ene-atalar: Körpeleri çagalar bagyna nobatsyz salmak üçin 1700 manat para bermeli

Çagalar bagynyň körpeleri.

Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze 2023-2024-nji okuw ýyly ýaňy başlan mahaly, Aşgabatda körpeleri çagalar bagyna nobata durup ýerleşdirmegiň barha kynlaşýandygyny, ene-atalar aýdýarlar. Olar nobatyň öz wagtynda ýetmeýändigini aýdyp, körpeleri nobatsyz çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin para bermäge mejbur bolýandyklaryny belleýärler.

Bu waka, 1-nji sentýabrda Bilimler we talyplar ýaşlar gününde ýurduň dürli sebitlerinde täze umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar baglarynyň 10-dan gowragynyň açylan mahalyna gabat geldi.

TDH-nyň habarynda ýurtda bilim we terbiýeçilik edaralarynyň hataryna täzeleriniň goşulandygy, körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigi aýdylýar.

Degişli maglumat Ene-atalar çagalar baglarynyň özlerinden edýän talaplarynyň ýyl-ýyldan artýandygyny aýdýar

Ýöne paýtagtly ene-atalaryň ençemesi täze bilim we terbiýeçilik edaralarynyň sany artsa-da, körpeleri çagalar bagyna ýerleşdirmegiň ýyl-ýyldan kynlaşýandygyny gürrüň berýär.

Olaryň sözlerine görä, ene-atalar körpeleri çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin ýazgyda duran adresine degişli etrap bilim bölüminde bir ýyl öňünden nobata durmaly.

“Nobata durmak üçin tabşyrylmaly resminamalaryň düzüminde nika şahadatnamasynyň we är-aýalyň pasportlarynyň asyl nusgalary, ýaşaýan ýerinden sprawka, Jemagat hojalygy müdirliginden sprawka bar. Bu resminamalary tabşyran adamlar käte bir ýarym ýyl, käte-de ondan hem köp garaşmaly bolýarlar” diýip, aşgabatly ene aýtdy.

Ýagdaýlardan habarly çeşmämiziň tassyklamagyna görä, munuň sebäbi köplenç çagalar baglarynda körpeler üçin ýeterlik ornuň bolmandygy bilen baglanyşykly. Käte-de muňa ene-atalardan biriniň çagalar bagynyň ýerleşýän sebitinde ýazgyda durmandygy sebäp bolýar.

“Türkmenistanda maşgala guran ýaşlardan biri beýleki welaýatyň ýa şäheriň ýaşaýjysy bolsa, olaryň nika şahadatnamasy hem bolsa, beýleki sebitden gelen raýat diňe bäş ýyl geçensoň adamysynyň ýa-da aýalynyň ýaşaýan ýerinde ýazgyda durup bilýär. Ýöne adatça toýdan bir ýyl soň çaga dogulýar. Şeýlelikde, bäş ýyl dolmanka, çagalar bagyna zerurlyk döreýär. Ýöne resmiler ene-atadan biriniň sebitde ýazgyda durmandygyny aýdyp, olaryň çagalaryny kabul etmeýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu bökdençlikler zerarly, çagalaryny öz wagtynda çagalar bagyna ýerleşdirmek isleýän ene-atalar alaçsyz para bermäge mejbur bolýarlar. Paranyň möçberi 1700 manada ýetýär.

“Bu, resmi däl mukdar bolup, muny çagalar bagyna nobatsyz salmak isleýän tas ähli adam töläýmeli. Hatda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem bu parany töläp, düzgünleri berjaý etmeli” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň Bilim bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Degişli maglumat Ene-atalar çagalar baglaryndaky ýaramaz şertlerden şikaýat edýärler

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim edaralary bir ýaşdan alty ýaşa çenli körpelere degişli bolup, olar iki görnüşli bilim maksatnamasyny öz içine alýar. Bir ýaşdan bäş ýaşa çenli mekdebe çenli kiçi ýaşly çagalaryň irki ösüşine we okuwyna üns berilse, bäş ýaşdan alty ýaşa çenli çagalar başlangyç mekdebe taýýarlanýarlar. Çagalary başlangyç mekdebe taýýarlyk Türkmenistanda hökmany talap bolup durýar.

Türkmenistanda mekdebe çenli bilim edaralarynyň aýlyk tölegi 80 manada deň. Ýöne ýurduň kanunçylygynda, çagalary bu edaralara ýerleşdirmegiň mugtdygyna kepil geçilýär.

Muňa garamazdan, habarçylarymyz ýurtda körpeleri para bermezden çagalar bagyna tas salyp bolmaýandygyny, para bermedikleriň birnäçe ýyl garaşmaly bolýandygyny habar berýärler.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

"Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Degişli maglumat Bilimdäki para okajak çagalaryň egninden basyp, 'täze belentliklere' göterilýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.