Elipbiý reformalary: Türkmen elipbiýindäki 'ç' we 'g' harplarynyň özboluşlylygy

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Gyrgyz intelligensiýa wekilleri elipbiý reformalaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. 1939 ý. Frunze ş.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany türkmen elipbiýiniň käbir meselelerine gönükdirilýär.

Türkmenistanda latyn harply täze türkmen elipbiýiniň iň soňky wersiýasy 1999-njy ýylda gutarnykly kabul edildi.

Has ozal, 1993-1999-njy ýyllar aralygynda latyn grafikaly türkmen elipbiýiniň häzirkisinden sähel tapawutly görnüşi ulanylýardy. Türkmenistanda 1992-nji ýylda latyn elipbiýiniň taslama görnüşi ulanyşa girizilipdi.

1940-1993-nji ýyllar aralygynda kiril elipbiýi, 1920-nji ýyllaryň ahyrynda kiril gatyşyk latyn harplary, 1920-nji ýyllaryň başlaryna çenli bolsa arap grafikaly türkmen elipbiýi ulanylýardy.

Latyn harplara geçiş iňlis dilinden giňden peýdalanylýan global dünýäde türkmenler üçin täze mümkinçilikleri aňsatlaşdyrdy.

Ýöne dilçiler heniz hem türkmen elipbiýiniň häzirki görnüşi boýunça käbir soraglary gozgamagy dowam etdirýärler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Elipbiý reformalary: Türkmen elipbiýindäki 'ç' we 'g' harplarynyň özboluşlylygy - DT