Dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň yz ýany, Tükmenbaşyda taksi tölegleri üç esse gymmatlady

Illýustrasiýa suraty.

Hazaryň kenarynda dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň yz ýany, Türkmenbaşy şäherinde taksi hyzmatlarynyň tölegleri üç esse töweregi gymmatlady. Şäher içi gatnawlar üç manatdan 10 manada, Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinden Awaza syýahatçylyk zolagyna çenli aralyk bolsa, ýolagçy başyna 20 manatdan 60 manada ýokarlandy. Transport nyrhlarynyň göterilmegi ýerli ýaşaýjylar üçin oňaýsyzlyk döretdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýulda sebitden maglumat berdi.

“Gurban baýramyndan soň, şäher içi taksileriň bahasy ýolagçy başyna üç manatdan 10 manada çykdy. Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinden Awaza gözegçilik nokadyna çenli bolan aralyk adam başyna 20 manatdan 60 manada ýokarlandy” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Taksi sürüjileri özleri üçin kesgitlenen gündelik plan borçnamasynyň 220 manatdan 350 manada ýokarlandyrylandygyny aýdýarlar. Munuň yz ýany, taksi gatnawlarynyň bahalary gymmatlady.

Sürüjiler üçin kesgitlenen täze plan borçnamalary ilkibaşda 1-nji iýunda güýje girizilipdir, ýöne soňra bir aý möhlet bilen goýbolsun edilip, 1-nji iýulda gaýtadan täze borçnamalar güýje girizilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýerli transport hünärmeni şäher taksileriniň ätiýaç şaýlary bilen üpjünçiliginde bar bolan problemalar, galyberse-de, Awazada nobatdaky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda taksi sürüjileriniň gündelik plan borçnamalarynyň ýokarlandyrylandygyny aýdýar.

Degişli maglumat Balkanda 'gara bazar söwdasy' bilet gytçylygyny güýçlendirdi

Redaksiýa howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, transport hünärmeniniň at-familiýasyny agzamakdan saklanýar.

Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş möwsümi 1-nji iýunda başlanyp, 1-nji sentýabrda tamamlanýar.

Transport hünärmeni Awazada tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň yz ýany, taksi sürüjileriniň gündelik plan borçnamasynyň hem ýokarlandyrylandygyny, ýöne gelýän syýahatçylaryň sanynyň azlygy sebäpli, ilkibaşda, öňki borçnamalaryň bir aý möhlet bilen saklanyp galandygyny gürrüň berdi.

“Soňky bäş gün bäri syýahatçylaryň sany artyp başlady, biz hem bahalary götermeli bolduk. Ýogsam bolmasa, taksi sürüjileri gündelik plan borçnamasyny ýerine ýetirmek üçin gaty kösenmeli bolýarlar” diýip, transport hünärmeni gürrüň berdi.

Taksi hyzmatlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy şäher ýaşaýjylarynda nägilelik döretdi. Şeýle-de, bu ýagdaý şäheriň köpçülik transport serişdeleriniň gatnawlary bilen bagly problemalara ünsi çekdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar şäherdäki awtobus gatnawlarynyň ilatyň talabyny ödemeýändigini aýdýarlar. Şäheriň käbir ilatly nokatlaryna köpçülikleýin transport serişdeleri, awtobuslar barmaýar.

Türkmenbaşynyň halkara howa menzili, demir ýol menzili, Awaza syýahatçylyk zolagy we kiçi etrapçalar Magtymguly, Azatlyk we Şagadam köçeleriniň ugry bilen gatnaýan awtobus gatnawlary bilen üpjün edilipdir. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şagadam köçesiniň şäheriň günorta böleginden geçýän ýedi kilometr töweregi böleginde awtobus gatnawlarynyň ýokdugyny aýdýar.

Şäheriň awtobus gatnawlary bilen üpjün edilmedik böleginiň ýaşaýjylary iň ýakyn awtobus duralgasyna barmak üçin, pyýada ýöremeli bolýarlar.

Degişli maglumat Awazadaky myhmanhana işgärleri syýahatçylaryň azlygyndan alada edýärler

Bu aralykda, Türkmenbaşynyň taksi parkyna degişli taksileriň sürüjileri täjirçilik ulaglary üçin zerur bolan ätiýaç şaýlarynyň bahalarynyň gymmatdygyny, ulaglarda tehniki näsazlyk ýüze çykan halatynda öz hasaplaryna bejermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Eger ulagyň tekeri ýarylsa, akkumlýatory köýse ýa-da başga-da islendik tehniki näsazlyk ýüze çykan halatynda abatlaýyş işleri sürüjiniň boýnuna ýüklenýär” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi we Türkmenbaşy şäherine bölünip berlen täze taksi ulaglarynyň Aşgabatdan getirilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýatlasak, mundan ozal, martyň başlarynda döwlet media serişdeleri Aşgabat şäherinde 530 sany täze, “Toyota Corolla” kysymly awtoulaglaryň ilata hyzmat edip başlandygyny habar berdiler. Şonda paýtagtdaky köne taksi ulaglarynyň 300-den gowragynyň welaýatlara bölünip berlendigi mälim boldy. Şonda Balkan welaýatynyň awtoparklarynyň paýyna 100 töweregi taksi ulagy düşüpdi.

“Ätiýaç şaýlary gymmat. Adamlar Aşgabatdan ýadap gelen ulaglary alyp, taksi sürüjisi bolmak islemeýärler” diýip, bir türkmenbaşyly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sebit ýaşaýjylarynyň transport kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.