Duralgadaky pursatlar: urşa gidýänleriň hoşlaşygy we gelenleriň duşuşygy

Ukrain esgeri gysga wagtlyk rugsat günlerinde yzyna gelensoň, aýaly bilen hoşlaşýar.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain redaksiýasynyň fotožurnalisti Serhiý Nužnenko ýurduň gündogarynda ýerleşýän Kramatorsk şäherinde bolup, ol ýerde ukrain harbylarynyň urşa ugradylyş pursatlaryny we frontdan gaýdyp gelýänleriň duşuşygyny surata düşürdi.

Nužnenko frontdaky söweşler barada, maglumat almaga mümkinçiligi bolan az sanly habarçylaryň biridir.

Kramatorsk şäherindäki demirýol duralgasy rus-ukrain serhedinden takmynan 150 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ol Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň esasy demirýol we logistika merkezi bolup durýar.

Aýralygyň öň ýanyndaky ýüzbe-ýüz bakyş.

Şunuň ýaly pursady ýurduň ähli demirýol duralgalarynda görse bolýar. Ukraina Donbasda operatiw üstünlige ýetmek isleýän rus goşunlarynyň hüjümini togtatmak üçin, bar güýji bilen göreşýär.

Beýleki bir harby gullukçy gysga dynç günlerine gelensoň, aýaly bilen hoşlaýar.
 

Bir aýal ugramazdan öň, otlynyň penjiresinden, ellerini ýüregiň şekilinde edip görkezýär.
 

Birleri hoşlaşýan mahalynda, beýlekiler dolanyp gelip, şu esger ýaly, öz ýakynlary bilen duşuşýarlar.
 

Ýewgeniý rugsat günlerinde, öýüne dolanýar. Ol gyzy üçin, Boýard lakamly güjük alyp barýar.

28-nji aprelde Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdesi gündogardaky ukrain goşunlarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny duýdurdy: Russiýa "bütin front boýunça" hüjüm edýär we "käbir taktiki üstünlikleri" gazanyp, ukrain goşunlaryny täze goranyş pozisiýalaryna yza çekilmäge mejbur edýär.

"Frontdaky ýagdaý ýaramazlaşdy" diýip, general-polkownik Oleksandr Syrskiý Telegram’da ýazdy.

Kramatorsk demirýol duralgasyndaky duýgy-täsirler Ukrainada barýan urşuň ýowuz alamatyny görkezýär. Bu duralgadan dogan-garyndaşlary harbylary urşa ýollaýarlar we ol ýerden gelenleri garşylaýarlar.