Ýer togalagynyň öňdebaryjy diplomatlary we syýasatçylar Ýakyn Gündogardaky söweşleriň has güýçlenmeginden howatyrlanyp, dünýä hepde ahyrynda Eýranyň eden görlüp-eşidilmedik howa hüjümine duçar bolan Ysraýylyň berjek jogabyna garaşýan wagtynda, saklanmaga çagyrdylar.
Tähran 13-nji aprel güni giçlik Ysraýyla 300-den gowrak raketa we pilotsyz uçar bilen hüjüm etdi. Emma bu raketalaryň we dronlaryň tas hemmesi Ysraýylyň goranyş ulgamlary, ABŞ, Fransiýa, Angliýa we Iordaniýa güýçleri tarapyndan saklandy. Diňe birnäçe raketanyň Ysraýylyň çägine baryp, howa bazasyna sähelçe zyýan ýetirendigi we 7 ýaşly bir gyzy agyr ýaralandygy habar berildi.
Ysraýyl bilen Eýran onlarça ýyl bäri barlyşyksyz duşman bolup gelýär, ýöne olar ozal bir-birege hüjüm etmekde proksi güýçleri ýa-da beýleki tarapyň üçünji ýurtdaky emlägini nyşana almak usullaryny ulanan bolsalar, bu gezek olaryň biriniň topragyna ilkinji gezek göni hüjüm edildi.
Netijede, Ysraýyl söweş kabineti 15-nji aprelde ýygnanyşmak kararyna geldi. Aýdylmagyna görä, sagçy hökümetiň içindäki berki liniýaly adamlaryň käbiri berk gaýtawul berilmegini islese, beýlekileri has aram karara gelinmegini isleýär.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ýeňiş gazanmak wadasyny berdi, uruş kabinetiniň täsirli bir agzasy bolsa, ýurduň öz “islän wagtynda we görnüşinde” ar aljakdygyny aýtdy.
"Biz uçudyň gyrasynda durus we ondan yza çekilmeli" diýip, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell Ispaniýanyň “Onda Cero” radiostansiýasyna aýtdy. Ol 14-nji aprel güni giçlik Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian bilen gürleşendigini hem sözüne goşdy.
"Biz togtadyjylara basmaly we yza çekilmeli" diýip, ol aýtdy.
Angliýanyň daşary işler ministri Deýwid Kameron 15-nji aprelde BBC bilen geçirilen söhbetdeşlige goşulyp: "Meniň pikirimçe, özlerine hüjüm edilendigi üçin, olar gaýtawul bermek baradaky pikirlerinde aňrybaş derejede mamla bolup biler, ýöne biz olary dost hökmünde hem kelle, hem ýürek bilen pikirlenmäge, akylly we dogumly bolmaga çagyrýarys” diýdi.
Siriýanyň Damask şäherindäki ilçihanasynyň binasyna edilen we Ysraýyldan görlen hüjüme jogap berýändigini aýdýan Eýran Günbatar ýurtlaryna Tähranyň iki brigada generalyny öldüren zarbadan bäri görkezen sabyr-kanagatynyň “gadyryny” bilmelidigini aýtdy we, "Ysraýyl gyzyl çyzyklardan geçse", özüniň has "aýgytly" hereket etjekdigini duýdurdy.
Birleşen Ştatlar Ysraýylyň howpsuzlygyna ygrarlydygyny, ýöne, aýdylmagyna görä, ýewreý döwletine özüniň hiç bir ar alyş çäresine gatnaşmajakdygyny aýtdy.
"Ýakyn Gündogar howply ýagdaýa geldi... Häzir düşüşmegiň we gyzyşmagy gowşatmagyň wagty geldi" diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş Howpsuzlyk geňeşiniň 14-nji aprelde çagyrylan jogap mejlisinde, Eýranyň Ysraýyla garşy eden görlüp-eşidilmedik hüjüminiň has uly sebit urşuna ýazmak ähtimallygy baradaky gorky-howatyralaryň güýçlenen wagtynda aýtdy.
Howpsuzlyk geňeşiniň duşuşygy hiç hili karar kabul etmezden tamamlanandan soň, ABŞ-nyň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Robert Wud " Howpsuzlyk geňeşiniň bolup geçen wakalara jogaby bolmaly" diýdi.
Eýranyň hüjümi Eýran bilen Günbataryň arasynda Gaza zolagynda dowam edýän uruş we 1-nji aprelde Siriýadaky Eýran konsullygyna urlan ganly zarba sebäpli ýitileşen dartgynlylygyň arasynda edildi. Eýran öz konsullygyna urlan zarbany Ysraýyldan görýär.
ABŞ resmileri Waşingtonyň hüjümiň öňüsyrasynda we soň, Şweýsariýanyň araçylary arkaly, Eýran bilen gytaklaýyn aragatnaşyk saklandygyny aýtdylar, ýöne hiç bir jikme-jikligi açmadylar.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nasser Kanaani 15-nji aprelde Tähranyň Ysraýyla beren harby jogaby meselesine nähili çemeleşjekdigi barada öňünden hiç bir ýurt bilen ylalaşyk baglaşmandygyny duýdurdy.
Ysraýylyň Gazadaky ar alyş urşy 7-nji oktýabrda Gazany dolandyrýan, ABŞ w Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy topar diýlip kesgitlenen Hamasyň Ysraýylyň çägine eden hüjümi bilen başlandy.
Hamasyň reýdi 1200 adamyň ölmegine, ýüzlerçe adamyň zamun alynmagyna sebäp boldy.
Ysraýylyň Gaza zolagynda Hamasy gutarnykly ýok etmek maksady bilen başlan urşy 33,000-den gowrak palestinalynyň öldürilmegine sebäp boldy.
Gazadaky söweş başlanaly bäri, Eýranyň Ysraýyla we Günbatara garşy "garşylyk okunyň" bir bölegi hökmünde, Tähran Ysraýyly nyşana alýan söweşiji toparlary we wekilleri aç-açan goldady we bu ýagdaý barlyşyksyz duşman bolan iki ýurduň, Eýranyň we Ysraýylyň gatnaşmagynda has uly Ýakyn Gündogar konfliktiniň döremegi baradaky aladalary güýçlendirdi.
Tährana ýakyn hasaplanýan Russiýa, Eýranyň Ysraýyla eden hüjümini aç-açan tankytlamadyk hem bolsa, Kreml 15-nji aprelde "mundan aňryk gitmegiň hiç kimiň bähbidine däldigini" aýtdy, "syýasy we diplomatik usullar" arkaly çözgüt tapmaga çagyrdy.
Eýranyň duldegşir goňşusy bolan Türkmenistan, bu hüjümden öň öz serhedinde ýokary hüşgärlik ýagdaýyna geçen hem bolsa, sebitdäki beýleki ýurtlardan tapawutlylykda, bu waka hiç bir açyk reaksiýa bildirmedi.