Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sanynda geçen hepdede türkmen-owgan serhedinde badalga berlen iri infrastruktura taslamalary hem-de Türkmenistanyň maýa goýum gurşawy barasyndaky iki aýrybaşga makalany diňleýjilerimize eşitdirýäris.
Ýöne ilki bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan dünýä türkmenlerinde gyzyklanma döredip biljek bir täzeligiň mazmuny bilen tanyş boluň!
14-nji sentýabrda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 25-nji maslahaty geçirildi. Döwlet mediasyna görä, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahata daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmen diasporalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Resmi habarlardan çen tutulsa, bu ýygnaga Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň başlygy, Türkmenistanda türkmen halkynyň milli lideri yglan edilen Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşmandyr.
Duşuşykda türkmen prezidentiniň ýygnaga gatnaşyjylara iberen gutlag haty okalypdyr. Dünýä türkmenleriniň wekilleri her ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda duşuşýar.
Gepleşigi aşakdaky düwmä basyp, diňläp bilersiňiz!
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar