Dünýä boýunça ýüzlerçe kompaniýa näsazlyk sebäpli işlerini togtatmaly boldy

Bökdençlikler ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we Awstraliýanyň dagy iri aeroportlarynyň işine täsir ýetirdi.

19-njy iýulda Windows operasion sistemasynda dörän näsazlyk sebäpli, dünýä boýunça howa gulluklaryň, media serişdeleriň, banklaryň we aragatnaşyk kärhanalaryň işinde bökdençlikler ýüze çykdy.

Bu bökdençlikler ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we Awstraliýanyň dagy iri aeroportlarynyň işine täsir ýetirdi. Näsazlyk sebäpli bu ýurtlaryň bank ulgamlarynda, hassahanalarynda we wokzallarynda hem bökdençlikler döredi.

Microsoft kärhanasy Windows 10 operasion sistemasyndaky näsazlygyň CrowdStrike anti-wirusynyň täzelenmegi bilen bagly dörän ýalňyşlyk sebäpli ýüze çykandygyny aýtdy. Kompaniýa munuň kiber-hüjüm bolmandygyny we degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy.