Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň geňeşliklerinde ýerleşýän döwlet dükanlary ýeňillikli azyk paýlarynyň gapdalyndan goşmaça harytlaryň satyn alynmagyny talap etmegi bes etdi. Oba ýaşaýjylary bu täzeligi ätiýaçly hoşallyk bilen kabul etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary hepdäniň dowamynda sebitden maglumat berdiler.
Ýurtda ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, Baýramalynyň oba ýerlerindäki döwlet dükanlary ýaňy-ýakynda ilatyň subsidirlenen un paýlaryny paýlady.
Azyk paýlaryny almaga baran ýerli ýaşaýjylar özlerinden esasy harytlaryň gapdalyndan şireli suwlar, rezin şypbyklar, kanselýariýa harytlary ýaly goşmaça harytlaryň satyn alynmagynyň talap edilmeginiň ýatyrylandygyny bilip galdylar.
“Öňler döwlet dükanyndan adam başyna her aý 5 kilogram ýeňillikli un satyn alanymyzda, esasy önümleriň gapdaly bilen goşmaça harytlaryň satyn alynmagy talap edilerdi. Goşmaça harytlary satyn almakdan boýun gaçyrsaň, azyk paýlary berilmezdi. Şu gün döwlet dükanyna un geldi, onuň gapdalyndan goşmaça harytlaryň satyn alynmagy talap edilmedi” diýip, hepdäniň dowamynda bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Ýeňillikli azyk paýlarynyň ýany bilen zerurlygy bolmadyk harytlary satyn almak şert goşulýarTürkmenistanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly dowam edýän aladalaryň fonunda döwlet dükanlarynyň hödürleýän subsidirlenen iýmit önümleri, şol sanda kesgitli möçberlerde ýeňillikli bahadan satylýan un we ösümlik ýagy ýaly harytlar ençeme maşgalalaryň, hususan-da üpjünçiligi pes hojalyklaryň güzeran aýlamak mümkinçiliklerine goşant goşýar.
Döwlet dükanlarynyň satyjylary azyk paýlarynyň gapdalyndan alyjylara şert goşulýan goşmaça harytlaryň mejbury söwdasynyň bes edilendigini tassyklaýarlar.
“Ýaňy-ýakynda uly ýygnak boldy. Mundan beýläk döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan azyk paýlarynyň gapdalyndan goşmaça harytlaryň satylmagy gadagan edildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir dükan satyjysynyň sözlerini getirýär.
Azatlyk Radiosy döwlet dükanlarynda azyk paýlarynyň ýany bilen raýatlardan goşmaça harytlaryň satyn alynmagynyň talap edilmegi barada ençeme gezek habar berdi.
Habarçylarymyz soňky sapar Aşgabadyň eteklerindäki obalaryň döwlet dükanlarynda azyk paýlarynyň gapdalyndan zerurlygy bolmadyk harytlaryň satyn alynmagynyň şert goşulýandygyny habar berdi. Has ozal, awgustyň ahyrlarynda habarçylarymyz hut paýtagtyň döwlet dükanlarynda ilatyň un paýlarynyň gapdalyndan ýaramlylyk möhleti geçen harytlaryň satyn alynmagynyň talap edilýändigini habar berdiler.
Satyn alynmagy şert goşulýan harytlar onsuz hem ýeňillikli azyk paýlaryna mätäç bolup galýan üpjünçiligi pes hojalyklar üçin artykmaç çykdajy bolýardy.
“Adamlar maşgalalaryň her bir agzasyna bäş kilogramdan paýlanyp berilýän ýeňillikli un paýlaryny alyp, onuň ýany bilen goşmaça haryt satyn almaga mejbur edilmezden, begenişip öýlerine gaýtdylar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Degişli maglumat Paýtagtlylar unuň ýanyndan ýaramlylyk möhleti geçen önümi satyn almaga mejbur edilýärUn paýlarynyň paýlanylmagy hem wagtal-wagtal käbir sebitlerde gijikdirilýär. Üstesine, ilatyň köp garaşan azyk paýlarynyň gapdalyndan goşmaça harytlaryň şert goşulmagy arz-şikaýatlara we nägileliklere sebäp bolýardy.
Käbir ýaşaýjylar bu täzeligi ätiýaçly kabul edýär. Olar bu tejribäniň şu günler söwda pudagynda dowam edýän barlaglardan soň gaýtadan güýje girizilmeginden howatyr edýärler.
“Häzir döwlet dükanlarynda barlaglar alnyp barylýar. Barlagçylar gidenden soňra, goşmaça harytlar ilatyň üstüne gaýtadan ýüklenilip başlansa, biz nirä ýüz tutmaly?” diýip, beýleki bir ýaşaýjy alada bildirýär.
Azatlygyň habarçylary 4-nji dekabrda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda hem söwda resmileriniň barlag geçirýändiklerini, şol bir wagtda azyk nobatlarynyň wideo ýazgy edilýändigini, biraz soň, 6-njy dekabrda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda “barlaglara niýetlenilip, bitin towuk etiniň görkezme satuwynyň guralýandygyny” habar berdiler.
Hökümet resmileri ýurtda azyk üpjünçiliginiň pes ýagdaýy bilen bagly habarlary teswirlemeýärler, şeýle-de, döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler hem bu meseleleri agzamaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.