Türkmenistanda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň fewral aýynda ýokarlandyrylmagynyň yz ýany, ýurduň döwlet dükanlarynda unuň bahasynyň gymmatlamagy bilen, şu günler Mary welaýatynyň döwlet eýeçiligindäki käbir dükanlarynda pes hili unlara alyjy tapylmaýar. Ýerli ýaşaýjylar döwlet bahasy hususy söwdadaky nyrhlar bilen tas deňleşen hili pes unlary satyn almakdan ýüz öwürýärler. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy 6-njy maýda sebitden maglumat berdi.
“Döwlet dükanlaryna paýlanyp berilýän unlaryň hili pes, ýakymsyz ysy bar. Bu unlaryň 50 kilogramlyk bir haltasynyň bahasy 250 manat. Bular ýaly unlar bazarlarda 180-200 manatdan bahalanýar. Dükanlaryň işgärleri ilata zor bilen un satmaga çalyşýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Sakarçäge etrabynda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar bu sebitde hili pes unlaryň döwlet dükanlary tarapyndan ýük awtoulaglarynda köçelere aýlanyp satylýandygyny aýdýarlar.
“Käbir hojalyklar bu unlardan satyn alyp galýar, käbirleri bolsa satyn almakdan ýüz öwürýär” diýip, un söwdasynyň şaýatlary aýdýar.
Degişli maglumat Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýarTürkmenistanda soňky ýyllaryň dowamynda ýitileşen ykdysady krizis ilatyň azyk howpsuzlygyna zarba urdy. Ençeme hojalyklar, şol sanda üpjünçiligi pes maşgalalar, dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan ilata hödürlenýän azyk paýlaryna mätäç bolup galdy. Azyk paýlaryna degişli unlaryň 50 kilogramlyk bir haltasy döwlet dükanlarynda 50 manatdan satylýardy.
Bu aralykda, türkmen hökümeti şu ýylyň fewral aýynda döwletiň kärendeçi daýhanlardan satyn alýan bugdaýynyň we pagtasynyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrdy. Şonda bugdaýyň satyn alyş nyrhy 2,5 esse ýokarlandy.
Täze bahalara parallel döwlet dükanlarynda ýerli unuň we çöregiň nyrhlary hem ýokarlandy. Azatlygyň habarçylary 12-nji fewralda paýtagt Aşgabadyň käbir döwlet dükanlarynda ilata 1 manatdan satylan tegelek çöregiň bahasynyň 2 manat 50 teňňä gymmatlandygyny habar berdiler. Munuň bilen birlikde, döwlet bahasy 1 manat bolan ýerli unuň bahasy 3 manat 50 teňňä çykypdy.
Häkimiýetler döwlet dükanlarynda unuň we çöregiň bahalarynyň birden ýokarlanmagy barada beýanat bermediler.
Bu habarlaryň yz ýany, ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Lebap we Balkan welaýatlarynda ýerli unuň döwlet bahasy gymmatlap başlady. Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçylary fewralyň ortalarynda ozallar 50 kilogramlyk bir haltasynyň döwlet bahasy 50 manat bolan unlaryň bahasynyň 225 manada göterilendigini habar berdiler. Şonda birinji sort unuň döwlet bahasy 200 manat hökmünde kesgitlendi.
Täze bahalaryň ýurduň sebitlerine görä üýtgän halatlary boldy. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary häzirki wagtda unuň döwlet bahasynyň hususy bahalardan hem ýokary göterilendigini, bazarlarda 180-200 manatdan satylýan hili pes unlaryň bölek söwdada 250 manatdan bahalanýandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, hili pes unlara hyrydar gözleýän döwlet dükanlary lomaý söwdada bu unlara 180 manat hökmünde baha kesgitleýär.
Degişli maglumat Aşgabatda ilatyň azyk ogurlamagy bilen bagly wakalar köpelýär“Döwlet dükanlary bahasy 250 manat hökmünde kesgitlenen hili pes unlary çörek bişirip satýan hususy taraplara götere 180 manatdan hödürleýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi. Çörek söwdagärleri öz önümlerini ýokary hilli unlardan taýýarlamaga çalyşýarlar.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda döwlet dükanlary tarapyndan ilata hödürlenen ýeňillikli harytlar köp sanly maşgalalara goşmaça kömek bolýardy.
Unuň bahasynyň göterilmegi bilen, Azatlygyň habarçylary Mary sebitinde ilata ýeňillikli bahalardan hödürlenen pagta ýagynyň 1,5 litriniň bahasynyň hem 25 manatdan satylýandygyny habar berýärler.
Ýatlasak, fewralyň ortalarynda döwlet dükanlary arassalanmadyk pagta ýagynyň 1,5 litriniň bahasyny 25 manat hökmünde gaýtadan kesgitläpdi.
Ozal ilata ýeňillikli bahadan hödürlenýän harytlaryň döwlet bahalarynyň ýokarlanmagy bilen, ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanlaryndaky ýeňillikli azyk paýlarynyň, “paýoklaryň” ýatyrylmagy bilen bagly meseleleriň ýene-de gün tertibine getirilip başlanandygyny aýdýarlar.
Häkimiýetler mundan ozal hem ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanandygyny öňe sürüp, azyk paýlarynyň ýatyrylmagy bilen bagly teklipler bilen çykyş edipdi.
“Döwlet dükanlary girdeji getirmese, bu dükanlaryň hem tiz wagtyň içinde hususylaşdyryljakdygy barada gürrüňler barýar” diýip, bir býujet edarasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.