Dowam edýän yssy howanyň fonunda, çagalaryň arasynda keselçilik köpelýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Şu günler Türkmenistanda yssy howa dowam edýär. Munuň bilen baglylykda, ýurduň Mary welaýatynda çagalaryň arasynda içgeçme, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly keselçilik hadysalary köpelýär. Lukmanlar ýerli keselhanalara ýüz tutýan näsaglaryň sanynyň göz-görtele artandygyny aýdýarlar.

“Yssy howada keselhanalara ýüz tutýan adamlar köpelýär. Hassahanalaryň çagalar bölümlerinde ýer ýok” diýip, bir lukman Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol keselhanalara getirilýän çagalaryň arasynda içgeçme keseliniň hem-de beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, üsgülewük ýaly kesel alamatlarynyň has köp hasaba alynýandygyny aýtdy.

Ýerli lukmanlar hassahanalaryň çagalar bölümlerinde hasaba alynýan körpeleriň ençemesiniň mekdebe çenli bilim edaralaryna gatnaýan çagalar bolandygyny aýdýarlar.

Degişli maglumat Yssy howada lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan raýatlar köpelýär

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa gullugy hepdäniň başynda ýurduň media serişdeleri arkaly ýaýradan maglumatynda üstümizdäki hepdäniň dowamynda ýurduň Mary welaýatynda howanyň temperaturasynyň gündizlerine 34..39 gradusdan 42 gradusa çenli yssy bolmagyna garaşylýandygyny duýdurdy.

“Meteožurnal” neşiri 10-11-nji iýunda bu sebitde yssy howanyň 44 gradusa çenli ýokarlanandygyny habar berdi.

Howa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” neşiri 21-nji iýunda öýlän günorta-gündogar sebitde howanyň iň ýokary temperaturasyny 41 gradus, kölegede 39 gradus hökmünde görkezýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lukmanlar ýerli ýaşaýjylara howanyň yssy wagtynda, hususan-da 10:00-19:00 aralygynda daşaryk çykmazlygy maslahat berýärler.

“Hassahanalara ýüz tutýan çagalaryň aglabasy çagalar baglaryna gatnaýarlar. Käbir çagalar baglarynda ertirlik naharyndan soňra, çagalar günortan sagat 12:00-ä çenli daşarda oýnaýarlar. Olar yssy howada öýlerine gaýtmaly bolýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Welaýatdaky hassahanalaryň birinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir şepagat uýasy günüň dowamynda özleriniň 100-150 çemesi çaga asma sanjymyny edýändiklerini aýdýar. Ol hassahanalarda näsaglaryň köp bolmagy sebäpli, şepagat uýalarynyň näsaglara sanjymlary edip ýetişmeýändiklerini aýdýar.

Ene-atalar näsag çagalaryň beden gyzgynyny düşürmegiň kyn bolýandygyny, üsgülewük we bokurdagyň galmagy ýaly saglyk şikaýatlary bilen lukmançylyk edaralaryna ýüz tutýan maşgalalaryň günsaýyn köpelýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, yssy howada keselçiligiň giň ýaýrap, derman serişdelerine bolan talabyň ýokarlanýan mahaly, lukmanlar näsag hossarlaryna kabul edilýän dermanlaryň ýaramlylyk möhletiniň ýörite barlanyp alynmagyny maslahat berýärler.

Ýatlasak, iýunyň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu sebitiň dermanhanalarynda ýaramlylyk möhleti geçen dermanlaryň satylýandygy barada habar beripdi.

Şonda käbir ýaşaýjylar şeýle dermanlaryň ýol açan ters täsirleri zerarly, sebit hassahanalaryna ýüz tutdular.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda yssy howada çagalaryň arasynda kesel hadysalarynyň ýokarlanmagy barada ýerli saglygy goraýyş edaralaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda wirus ýaýraýar, hassalar ys we tagam duýmaýar

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary Lebap we Balkan welaýatlarynda hem yssy howada köpçülikleýin häsiýete eýe bolýan saglyk şikaýatlary barada habar berdiler.

Şonda gündogar sebitdäki habarçymyz aşa yssy howanyň esasan gartaşan adamlara we çagalara ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdyp, Türkmenabatdaky “Ene mähri” merkeziniň näsag çagalardan dolandygyny habar berdi.

Balkanabat şäheriniň Tiz kömek merkeziniň bir lukmany anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna beren maglumatynda bu merkezde saglyk şikaýatlary bilen Tiz kömek gullugyna jaň edýän adamlaryň sanynyň ençeme esse artandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda elektron neşirler yssy howada ilat arasynda saglyk şikaýatlarynyň birden ýokarlanmagy barada habar bermeýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi web sahypasy raýatlary “howanyň yssy günlerinde pasla görä geýinmegi we Günüň göni şöhlesinden goranmagy, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi” maslahat berýär.

“Mähriban ildeşler, bulary berjaý etseňiz ýylyň islendik paslynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz!” diýip, Saglygy goraýyş habarlar merkeziniň beýanatynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.