Dowam edýän demografiýa krizisi harby borçlulyga ýaramsyz ýaş ýigitleri harby gulluga mejbur edýär

Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanda soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän köpçülikleýin göçe-göçlügiň, ilat sanynyň ymykly kemelmeginiň arasynda, ýurduň ýaragly güýçleriniň şahsy düzümi san taýdan azalýar. Munuň bilen baglylykda, harby ýolbaşçylar gulluga ýaramsyz ýaş ýigitleri hem harby gulluga çagyrmak arkaly bu ýagdaýa çykalga tapmaga çalyşýarlar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan ýurduň harby lukmançylyk barlag toparlaryna iberilen we Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine mälim bolan gizlin bir buýruk raýatlaryň “saglyk ýagdaýlary zerarly harby gulluga ýaramsyz hasaplanylmagyny” gaýtadan kesgitleýär.

Azatlyk Radiosynyň harby pudakdan habarly çeşmeleri täze talaplara laýyklykda, öňler raýatyň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegine getirýän käbir keselleriň lukmançylyk barlagynyň täze sanawyndan aýrylandygyny aýdýarlar.

“Harby wekilliklerde döredilýän lukmançylyk toparlary gipertoniýa (ýokary gan basyşy), gepatit, epilepsiýa we diabet ýaly kesellerden ejir çekýän, hatda ýasy daban bolan, ýa-da gijeki enurez (peşewi saklap bilmezlik) ýaly kesellere duçar bolan ýaşlar boýunça hem harby gulluga ýaramly diýip netije çykaryp başlady” diýip, Azatlyk Radiosynyň harby pudaklardaky çeşmeleri aýdýarlar.

Täze talaplar diňe “göze dürtülip duran” beden şikeslenmelerini we keselleri "ýarawsyzlyk" hasaplaýar we şeýle keseller bilen näsaglan ýaş raýatlaryň gulluga ýaramsyz hasap edilmegine rugsat berýär.

Degişli maglumat Goşun gullugyndan ir boşajaklaryň 'para möwsümi' başlandy

“Meselem, ýigidiň bir aýagy beýleki aýagyndan gysga bolsa, ýa-da oňurgada bolup geçen degenerasiýa sebäpli ýöremekde kynçylyk çekýän bolsa, insult we infarkt geçiren bolsa, ýa-da akyl taýdan kemisli bolsa, diňe şonda, ol harby gulluga ýaramsyz hasap edilýär. Şular ýaly göze dürtülip duran kesellerden başga islendik kesel raýatyň harby gulluga ýaramsyz hasap edilmegine rugsat bermeýär” diýip, harby lukmançylyk toparlaryna iberilen buýrukdan habarly çeşmeler aýdýar.

Türkmenistanda soňky bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýitileşen ykdysady kynçylyklar has köp raýatlaryň daşary ýurtlara köpçülikleýin çykmagyna alyp geldi. Onsuz hem, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri soňky ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri ilatyň daşary ýurtlara köpçülikleýin çykmagynyň, emigrasiýa tolkunlarynyň dowam edýändigini aýdýarlar.

Mundan ozal, 2008-2018-nji ýyllar aralygynda 1 million 900 müň çemesi türkmenistanlynyň ýurdy terk edendigi 2019-njy ýylyň maýynda Azatlyk Radiosyna mälim boldy. Ygtybarly çeşmeler şonda döwlet statistika komiteti tarapyndan geçirilen ýapyk barlaglara salgylanyp, bu raýatlaryň tas ählisiniň ýurdy hemişelik terk edendigini aýan etdiler.

Ilat sany boýunça 2021-nji ýylyň tomsunda Azatlyk Radiosyna gelip gowşan maglumatlar ýurdyň umumy ilat sanyny 2,7-2,8 million çemesi adam hökmünde görkezdi.

Türkmen hökümeti 2022-nji ýylyň dekabrynda uçdantutma ilat ýazuwyny geçirip, onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek ilat sanyny aýan etdi, ýöne synçylara görä, sanlar çişirildi. Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň ilat sany takyk 7 million 57 müň 841 adamdan ybarat.

“Emelsiz hökümetiň oýlanyşyksyz alyp baran içerki we daşarky syýasaty netijesinde, Türkmenistan onlarça ýyl bäri demografiýa krizisine sezewar bolýar. Ilat sanynyň kemelmegi bilen, ýurduň döwlet hökmünde geljegi garaňky görünýär” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany, Türkmenistanda häkimiýeti ele geçiren adamlar zerur reformalary öz wagtynda durmuşa geçirip bilmedi. Bu ýagdaý ilatyň durmuş goraglylygyna zarba urdy, ilatda geljege bolan ynam döredip bilmedi.

Degişli maglumat Amatsyz gulluk şertleri harbylary has oňat mümkinçilikleri gözlemäge iterýär

“Sowet Soýuzynyň dargamagy bilen, dünýä kartasynda 15 sany täze garaşsyz döwlet emele geldi. Olar özbaşdak döwlet bolup, özbaşdak syýasat ýöredip bilmediler. Özygtyýarlylygy dogry we dürs berjaý edip bilmediler. Türkmenistan hem, şolaryň hatarynda, garaşsyz döwlet statusyna garamazdan, möhüm reformalary, şol sanda oba hojalyk we ykdysady reformalary yza çekdi. Ilatda geljege bolan ynamyň synmagy bilen, ýurtda ýaşaýan köp sanly dürli milletleriň wekilleri ýurdy hemişelik terk etmäge mejbur boldy. Gazaklar, özbekler, ruslar, tatarlar, azeriler we beýleki milletleriň wekilleri ýurdy terk etdiler. Bu göçe-göçlük Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelemegi bilen gaýtadan güýçlendi” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Şol sebäpden, watan gullugyna çagyrylmaly ýaş ýigitleriň sany azalyp başlady” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýaramly hasap edilip, harby gulluga çagyrylýan näsag esgerleriň ene-atalary öz çagalarynyň esger durmuşy, olaryň harby bölümlerde gündelik ýüzbe-ýüz bolup biljek oňaýsyz tejribeleri bilen bagly alada beýan edýärler.

Ýöne harbylar tarapyndan ene-atalara göwünlik berlip, näsag esgerleriň harby bölümlerde ýeňil-ýelpaý tabşyryklara bellenjekdikleri, olar üçin ýörite şertleriň dörediljekdigi barasynda wada berilýär.

“Olar, meselem, aragatnaşyk batalýonlarynda “komutator” ýagny, telefon jaňlaryny birikdiriji, aşpez ýa-da, harby bölümleriň kömekçi hojalyklarynda doňuz çopany, ýeralma arassalaýjy, gap-çanak ýuwujy ýaly tabşyryklara bellenerler” diýip, harbylar ene-atalara aýdýarlar.

Degişli maglumat Orta mekdepleriň uçurymlary dessine harby gulluga çagyrylyp başlandy

Ýöne esger hossarlary özleriniň harby gulluga ýaramsyz çagalarynyň watan gullugyna çagyrylyp, olara doňuz bakdyrdyljakdygyny, ýa-da ýeralma artdyrdylyp, gap-çanak ýuwmaga mejbur ediljekdiklerini eşidip begenmeýärler.

Harby gulluga çagyrylan ýaramsyz ýaş ýigitler esger durmuşynda hem bir topar kynçylyklary, oňaýsyz tejribeleri başdan geçirýärler.

Demografiýa krizisine duçar bolan ýurtda mejbury ýagdaýda harby gulluga çagyrylýan ýaramsyz ýaş ýigitler esgerlik möhleti gutarýança jebir-jepalara we dürli kemsitmelere duçar bolýarlar.

“Ne hökümet, ne-de prezident bu meseleleriň düýp sebäbine aralaşyp, olary çözüp bilýär” diýip, ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň harby edaralaryndan teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.