Diňle: Türkmenistanlylar urşa gatnaşmaz ýaly Russiýa goýberilmeýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Russiýa barýan ýaşlaryň islendik bahana bilen öňüni petiklemek babatynda polisiýa bölümlerine, migrasiýa gulluklaryna we Aşgabadyň howa menzilindäki serhetçilere görkezme berildi. Bu, türkmen raýatlarynyň Ukraina garşy urşa gatnaşmaga çekilmegi boýunça tassyklanan hadysalar bilen baglanyşyklydyr.