Diňle: Türkmenabatda täze ýylyň ilkinji hepdesinde birnäçe ogurlyk boldy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Baýramçylyklardan soňky hepde Türkmenabadyň käbir ýaşaýjylary ýakymsyz ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Täze ýylyň ilkinji hepdesinde şäherde hususy awtoulaglaryň bölekleriniň we içindäki zatlaryň talanmagy, şeýle-de dükanlarda harytlaryň ogurlanmagy bilen bagly wakalaryň ençemesi boldy.