Diňle: Býujetçilerden, talyplardan gazet-žurnallara abuna ýazylmak talap edilýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanyň býujet edaralarynda, ýokary okuw jaýlarynda gazet-žurnallara 2024-nji ýylyň birinji ýarymy üçin mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Häkimiýetler neşirleriň hem onlaýn, hem-de kagyz görnüşlerine ýazylmagy, şeýle-de degişli töleg kwitansiýasyny hödürlemegi talap edýärler.