Ýewropa Parlamenti 24-nji oktýabrda, öz sözleri bilen aýdylanda, Azerbaýjanda adam hukuklarynyň we halkara borçnamalarynyň bozulmagyny ýazgardy hem-de Ýewropanyň Kawkaz döwletiniň gazyna garaşlylygyny bes etmelidigini aýtdy.
Parlamentiň 453 agzasy BMG-niň gelýän aýda Bakuwda geçirjek 29-njy Howa özgermesi konferensiýasynyň öňüsyrasynda taýýarlanan we Azerbaýjanyň ýurt içinde we daşary ýurtlarda aktiwistlere, žurnalistlere we oppozisiýa liderlerine garşy “görnetin güýçlendiren” "repressiýasyny" ýazgarýan beýanata goldaw sesini berdi.
"Azerbaýjanda adam hukuklarynyň bozulmagynyň dowam etdirilmegi we bu ýurduň howa konferensiýasynyň geçirilmegine beýemçilik etmegi bir ýere sygyşmaýar” diýip, Ýewropa Parlamentiniň kanun çykaryjylary ÝB liderlerine we Ýewropa Komissiýasyna ýüzlendiler.