Soňky iki aý çemesi wagtyň dowamynda 80 töweregi deňizçi harby serkerde öz islegleri boýunça işden çykdy diýip, harby çeşmeler günbatar Türkmenistandan habar berýärler.
Şeýle meýiller harby gullukçylaryň arasynda soňky bir ýylyň dowamynda tas yzygiderli häsiýete eýe boldy.
“Harby deňizçiler özleriniň kanagatlanarly iş şertleri we aýlyk haklary bilen üpjün edilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, çeşmeler aýdýar.
Olar özleriniň hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda döwlet tarapyndan ýeterlik goldawyň berilmeýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenistan dünýä Harby-deňiz güýçleriniň kuwwatyny görkezýär“Ýygnaklarda aýdylýan owadan sözler iş ýüzünde amal edilmeýär, netijede ýokary bilimli ofiserler, harby serkerdeler esgerleri görmäge barýan ene-atalardan çörek pul dileýän derejä baryp düşdüler. Ofiserleriň maşgalalary bar, olaryň çagalaryna mekdep, çagalar baglary gerek, ýaşaýyş jaýlary hem problema bolmagynda galýar” diýip, çeşmeler aýdýar.
Döwlet ýolbaşçylary howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edilýändigini aýdýarlar.
Ýöne ýurduň Harby deňiz güýçlerinde dowam edýän durmuş-üpjünçilik problemalary, harby serkerdeleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary olary has amatly durmuş şertlerini gözlemäge iterýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan harby çeşmeler deňiz güýçlerinde serkerdeleriň aýlyk zähmet haklarynyň 4 müň manatdan aşak bolandygyny aýdýarlar.
“4 müň manat aýlyk alyp, 4,5 müň manatlyk kwartirada kireýine ýaşap bolmaýar” diýip, serkerdeler aýdýarlar.
Netijede, kyn durmuş şertleri harbylary işden sowadýar diýip, çeşmeler aýdýar.
“Azyndan iki harby bölümde ençeme harby ofiseriň, şol sanda borçnamalaýyn harby gullukçylaryň, starşinalaryň işden çykmak üçin arzalaryny berip, ýolbaşçylaryň jogabyna garaşýandyklaryny bilýärin. Goranmak ministri bu arzalara häzirlikçe gol goýman garaşýar” diýip, Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan aýrybaşga çeşmeler aýdýar.
Olar günbatar sebitiň iň iri harby edaralarynyň biri bolan, Garşy harby deňiz birikmesinde hem serkerdeleriň arasynda şeýle meýilleriň bardygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri, hususan-da, çylşyrymly harby gämilerden baş çykarýan harby ofiserleriň işden çykmagynyň ýurduň harby deňiz güýçlerine urgy bolup biljekdigini aýdýarlar.
“Harby ýolbaşçylar serkerdeleriň zähmet haklarynyň köpeldilmegi boýunça haýyş bilen prezidente ýüz tutmakdan gorkýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.
“Dünýäde dartgynly uruşlar bolup duran wagtynda, şol sanda Russiýa-Ukraina urşunyň fonunda, harby gämilerden baş çykarýan ýokary bilimli serkerdeleri ýitirmeklik Türkmenistanyň goranyş kuwwatyna urgy bolar” diýip, Azatlyk Radiosynyň aýrybaşga söhbetdeşleri aýdýar.
Harby gullukçylar deňiz ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde harbylaryň jaý tölegleriniň gymmat bolmagyny, bu sebitde azyk harytlaryň bahalarynyň beýleki welaýatlar bilen deňeşdirilende tas iki esse çemesi ýokary bolmagyny, şeýle-de harbylaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş kynçylyklaryny, şol sanda mekdep, çagalar baglary bilen bagly problemalary ýaramaz durmuş-üpjünçilik şertlerine mysal görkezýärler.
Degişli maglumat Amatsyz gulluk şertleri harbylary has oňat mümkinçilikleri gözlemäge iterýärAzatlyk Radiosy ýurduň harby edaralarynda serkerdeleriň öz islegleri boýunça işden çykmak meýilleri barada ýylyň dowamynda hem birnäçe gezek habar berdiler.
Awgustda habarçylarymyz paýtagt Aşgabadyň harby bölümlerinde harbylaryň ýaşaýyş jaýlarynyň ünsden düşürilmegi barada habar berdiler.
Şeýle meýiller mart aýynda hem habar berildi, şonda habarçylarymyz harbylaryň arasynda iş taşlamak meýilleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyny aýtdy.
2023-nji ýylda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Balkan welaýatynda 200-den gowrak harby işgäriň öz islegleri boýunça işlerinden çykandygyny habar berdi.
Çeşmelere görä, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri işlerinden çykanlarynda olaryň ýurtdan çykmagyna bäş ýyl möhlet bilen gadaganlyk girizilýär.
Hazar deňziniň ýakasyndaky “Garşy” deňiz birikmesi 2021-nji ýylda açyldy. Türkmenistan soňky ýyllarda täze harby gämileri deňiz güýçleriniň inwentaryna goşdy.
Bitarap Türkmenistanyň harby doktrinasy goranyş häsiýetlidir. Global Fire Power neşiriniň 2022-nji ýylda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan harby-deňiz güýçleriniň kuwwaty boýunça Hazar sebitinde Russiýadan we Eýrandan soň, üçünji orunda durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.