2-nji iýunda Daşogzuň ýag zawodynyň bölümleriniň birinde ýangyn döredi. Ody birnäçe sagadyň içinde söndürmek başartdy. Azatlygyň habarçylary hadysada adam pidalarynyň bolmandygyny aýdýarlar. Emma oduň ýüze çykan sehine uly zyýan ýetdi. Dynç günleriniň dowamynda dörän ýangynyň mümkin sebäpleri häzirlikçe belli däl.
“Şu gün öýländen soň ýag zawodynda ýangyn döredi. Polisiýa zawoda barýan ýollaryň ählisini petikli. Ýangyn söndürijiler sebite ýarym sagadyň içinde geldiler. Ody birnäçe sagadyň içinde söndürmek, şeýle-de onuň zawodyň beýleki bölümlerine ýaýramagynyň öňüni almak başartdy” diýip, 2-nji iýunda bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.
Habarçymyz ýangynyň dörän sebitinde polisiýanyň we beýleki howpsuzlyk gulluklarynyň derňew geçirýändigini hem sözüne goşdy.
Ýerli häkimiýetler we döwletiň berk gözegçiligindäki media ýangyn barada dymýarlar.
Ýangyn prezident Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguza etmegine garaşylýan saparynyň öň ýanynda döredi. Habarçylarymyz prezidentiň demirgazyk welaýata 10-njy iýunda gelmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.