Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy hadysalar dowam edýär. 7-nji iýulda ýurduň demirgazygynda hem duzly tupan turdy hem-de güýçli ýagyn ýagdy.
Daşoguzda ýekşenbe güni öýlän dörän tebigy hadysanyň duýdansyz başlanmagynyň ýerli ilat üçin garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny ýerli habarçymyz aýdýar.
"Düýn öýlän Daşoguzda 4 we 7 aralykda ýagyş we şemal döredi, yzýany güýçli duzly tozan turdy. Bu gezek şemal göýä tornadony ýada saldy. Şemal demirgazyk gündogar tarapdan öwüsdi" diýip, Azatlygyň habarçysy 8-nji iýulda habar berdi.
Tebigy hadysa Saparmyrat Türkmenbaşy, Köneürgenç we Boldumsaz etraplarynda has güýçli duýulyp, duzly şemal irden başlanypdyr.
"Saparmyrat Türkmenbaşy etrap aral deňizine golaý ýerleşýändigi sebäpli ir sagat 10-dan 17-ä çenli ak duzly tozanyň aşagynda galdy. Etrapda soňra sagat 17-den soň çabga ýagdy" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Güýçli şemal sebäpli Aý böwür, Diňliburun, Ýylgynly, Serdar, Ruhybelent, Täze zaman obalarynda ýüze golaý elektrik sütüni ýykylypdyr.
Tebigy hadysanyň netijesinde öý telefon liniýalary hatardan çykypdyr.
Etrap häkimliklerindäki resmileriň ýerli ýaşaýjylara aýtmagyna görä, şemal we ýagyş sebäpli sandan çykan elektrik we telefon aragatnaşygyna degişli infrastrukturany dikeltmek üçin azyndan iki hepde wagt gerek bolar.
Daşoguz welaýatyndaky ýagyn we duzly tupan barada resmi media serişdelerinde maglumat bolmady. Azatlyk Daşogzuň häkimiýet wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
Azatlyk bilen gürleşen ýerli ýaşaýjylar bu sebitiň halk köpçüligi örän garyp ýaşaýar. Adamlaryň öýleri palçykdan gurlan we öýleriň köpüsiniň üçekleri gowşak.
Degişli maglumat 'Dem alyp bolmady!' Daşoguzda duzly tupan turdy"Öýleriň üçekleri şifer bilen örtülmedik. Güýçli ýagan ýagyş üçekden akyp, öýleri suw basdy we öý goşlaryny zaýalap, öý otaglary palçykly suwdan doldy" diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, iýul aýynda ýagyşly howa Daşoguz welaýaty üçin adaty ýagdaý däl. Emma duzly ýel soňky birnäçe ýyl bäri gaýtalanyp durýar.
Mundan öň 13-nji maýda turan ýel bilen gelen duzly tozan Daşoguzyň demirgazyk- günbatar etraplarynyň ondan gowragyny gurşap aldy.
Duz bölejiklerinden düzülen tozanly howa adamlaryň demini gysdyrdy.
Degişli maglumat Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary ‘hopukdyrdy’Saparmyrat Türkmenbaşy, Ak depe, Ruhybelent etraplarynda ýiti duzly tozan zerarly dem almak kyn boldy. Howada peýda bolan duzly ümür adamlaryň saglyk ýagdaýyny kynlaşdyrdy. Saglyk kemçilikleri bolan adamlaryň we çagalaryň ýagdaýy has kyn boldy.
22-nji iýunda Daşoguz welaýatynda güýçli tozanly ýel turdy. Habarçylar şeýle güýçli tozanly ýeliň soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bolandygyny bellediler.
Türkmen resmileri häzirki we ozalky adaty bolmadyk tebigy hadysalary düýpden agzamaýar. Öňünden ilata duýduryş bermeýär we soňundan netijeleri aýan etmeýär.
Degişli maglumat "Krizis eýýäm geldi". Suw ýetmezçiligi Türkmenistanyň geljegine abanýan howpdan habar berýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.