Daşoguzda bolan ýol hadysasynda üç adam heläk boldy

2023-nji ýylyň maý aýynda Aşgabadyň eteginde bolan ýol-ulag heläkçiligi. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda adam pidalaryna getiren ýol-ulag hadysalarynyň ýene biri boldy. Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinden 10 kilometr günortadaky awtomagistralyň ugrunda üç awtoulagyň çakyşmagy netijesinde bolan ýol hadysasynda üç adam öldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, heläkçilikli waka 1-nji awgustda irden sagat 9 töwereginde welaýatyň iri galla kärhanasynyň golaýynda boldy.

“Ýol hadysasyna uçran üç ulagyň içinde jemi 13 adam bolup, olaryň üçüsi wakanyň bolan ýerinde jan berdi. Başga dört adam we bir sany çaga agyr ýaralandy. Olar içerki gan gitme, kelle çanak ýarylmasy ýaly saglyk näsazlyklaryndan ejir çekýärler we hassahananyň reanimasiýa bölüminde bejergi alýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly daşoguzly lukman habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Daşoguz-Lebap ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy

Azatlyk Daşoguz şäheriniň Tiz kömek merkezi bilen habarlaşyp, waka barada goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Merkeziň telefona jogap beren resmisi ýol hadysasynyň bolandygyny we wakada birnäçe adamyň ölendigini tassyklady. Ýöne ol bu barada goşmaça maglumat bermekden saklandy.

Waka şaýat bolan raýatlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, heläkçiligiň bolan wagty, sürüjiler awtoulaglary aşa ýokary tizlikde dolandyrýardylar.

Şeýle-de, olar adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň, şol sanda tiz kömek ulaglarynyň wakanyň bolan ýerine wagtyndan giç gelendigini we munuň ýol hadysasyna uçran adamlaryň köp gan ýitirmegine we wagtynda halas edilmezligine sebäp bolandygyny hem aýtdylar.

“Ulaglardaky derman gutujyklarynda-da, ilkinji kömek üçin gerek bolan medisina serişdeleri, şol sanda dermanlar we sargylar ýok eken” diýip, şaýatlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň bu barada welaýatyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyndan kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady. Şeýle-de, redaksiýamyzyň welaýatyň Polisiýa müdirligi bilen habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Degişli maglumat Aşgabatda bolan iki ýol hadysasynda bir çaga öldi, başga bir çaganyň ykbaly nämälim

17-nji iýulda geçirilen hökümet mejlisinde ýurduň içeri işler ministri Muhammet Hydyrow garamagyndaky düzümleriň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak işini talabalaýyk alyp barmak boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly işlere berk gözegçilik etmek babatda ministre degişli görkezmeleri berdi diýip, TDH habar berdi. Ýöne habarda hasabatyň we görkezmeleriň jikme-jiklikleri aýdyňlaşdyrylmady.

Degişli maglumat Daşoguzda üç mekdep okuwçysynyň ölümine sebäp bolmakda aýyplanýan polisiýa işgärine 18 ýyl kesildi

Bu waka, Azatlykda ýurtda adam pidalaryna getirýän ýol heläkçilikleri barada maglumatlaryň yzygiderli çap edilýän mahalyna gabat geldi.

Habarçylarymyz şu ýylyň başyndan bäri ýurduň dürli sebitlerinde 10-dan gowrak ýol-ulag hadysalarynyň bolandygyny we bularda 40-a golaý adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.

Ýurduň Içeri işler ministrligi we oňa degişli edaralary ýurduň çäginde hasaba alynýan ýol-ulag hadysalary barada halka hasabat bermeýärler. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň resmi websaýtynda hem, ýurtda bolan ýol-ulag hadysalary we olarda heläk bolan raýatlar baradaky statistika halka elýeterli bolan maglumatlaryň hatarynda görünmeýär.

Berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem, ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri baradaky maglumatlary ilat köpçüligine ýetirmeýär. Ýarym-resmi media serişdelerinde daşary ýurtlarda bolan ýol hadysalary barada habar berilse-de, Türkmenistanyň içindäki ulag heläkçilikleri barada hiç hili maglumat çap edilmeýär.

Degişli maglumat Mary – Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adam öldi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.