Daşoguz prezidentiň saparyna taýýarlanýar, býujet işgärleri arassaçylyk işlerine çekildi

Açylmagyna 'garaşýan' metjit

Daşoguz prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde etjek saparyna taýýarlanýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Adatça bolşy ýaly, döwlet baştutanynyň öňde duran sapary barada resmi maglumat berilmeýär. Bu sapar onuň Lebap welaýatyna baryp, Köýtendag etrabyndaky sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşmagynyň, sebit ýaşaýjylaryna 200 çemesi awtobusyň 'sowgat berilmeginiň' yz ýanyna gabat gelýär. Saparyň dowamynda täze metjidiň açylmagyna garaşylýar.

Däp bolşy ýaly, Türkmenistanda prezidentiň sebitlere edýän saparlary, gatnaşýan dabaraly çäreleri ýyllar boýy dowam edýän mejbury zähmet, býujet edaralarynyň işgärleriniň köpçülikleýin arassaçylyk işlerine çekilmegi, aýdym-saz, tans toparlarynyň, teatr işgärleriniň we okuwçylaryň gatnaşmagynda şowhun-şagalaň bilen utgaşýar.

Adamlar, hiç hili goşmaça töleg tölenmezden, öz geýim-eşiklerinde köçeleri, howa menziliniň töwereklerini, prezidentiň geçjek ýerlerini arassalamak, ot-çöpleri çapmak ýaly tot-tozanly işlerde ulanylýar, ýöne işlerini ýitirmekden gorkup, seslerini çykaryp bilmeýär diýip, Azatlyga gowuşýan habarlarda aýdylýar.

Aýdylmagyna görä, prezident Ruhubelent etrabynyň çäginde gurlan metjidiň açylyş dabarasyna, welaýat çäginden geçýän halkalaýyn elektrik ulgamynyň işiniň bir tapgyrynyň açylmagyna gatnaşar. Şeýle-de, prezidentiň welaýat ýaşaýjylaryna taksi ulaglaryny, kiçi we uly awtobuslary ‘sowgat etmegine’ garaşylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, Lebapda hem prezident saparyna gabat ilata 200 çemesi awtobus ‘sowgat edilipdi’ we Azatlygyň habarçysy ozal sebitlere iberilen ýüzlerçe awtobusyň ençeme aýlap awtoparklarda boş durandygyny habar beripdi.

Degişli maglumat Balkanda we Maryda täze metjitleriň gurluşygy üçin 'haýyr-sahawat pullary' ýygnalýar

Mundan başga, prezidentiň saparyna gabat Boldumsaz etrabynyň çäginde gurlan uly kärhananyň açylmagyna, howa menziliniň golaýynda gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň toplumlaýyn ulanmaga berilmegine garaşylýar. Ýöne, belki-de howpsuzlyk aladalary sebäpli, prezidentiň bu dabaralaryň anyk haýsylaryna gatnaşjakdygy gizlin saklanylýar diýip, habarçy ýazýar.

Türkmenistanyň prezidenti adatça sebitlere uçarly baryp, etrap ýerlerine dikuçarly syýahat edýär. Bu golaýda Lebap sebitinde hem şeýle boldy.

Daşoguzdaky habarçymyzyň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, garaşylýan saparyň öňüsyrasynda Boldumsaz we Ruhubelent etraplarynda täze dikuçar meýdançalary guruldy.

ruhubelent etrabyndaky ynamdar çeşmäniň aýtmagyna görä, dikuçar meýdançasyna düşemek üçin zerur bolan asfalty tapmak gaty kyn boldy.

“Tutuş bir welaýatda 100 kwadrat metr ýer üçin asfalt tapmak uly alada boldy” diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

“Belent mertebeli myhmanyň şu hepdäniň 3-nji we 5-nji günleri gelmegine garaşylýar, metjidiň açylmagy bilen ol ýerde agzaçar sadakasy berilmeli. Bu sadaka gatnajak adamlaryň üç arkasy öwrenilip, sanawy taýýar edilidi. Sadaka gatnaşýan adamlaryň geýjek geýim-eşigi, oturjak ýerleri we beýleki etika meseleleri bilen ýörite bellenen režissýorlar meşgullanýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistan özüni dünýewi döwlet diýip atlandyrýar. Şol bir wagtda, ýurtda döwlet serişdesine gurulýan we düşen bahasy açyk aýdylmaýan dini desgalaryň sany yzygiderli köpelýär.

Degişli maglumat Lebapda gurlan baş metjidiň bahasy barada täze jikme-jiklikler aýan boldy

Azatlygyň habarçylary geçen ýyl Lebabyň dolandyryş merkezinde 2020-nji ýylda açylan metjidiň gurluşygynyň käbir jikme-jikliklerini anykladylar.

Maglumat üçin aýdylsa, bu metjidiň düýbi 2015-nji ýylyň tomsunda tutulypdy we ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar onuň gurluşygynyň nazarda tutulan wagtynda tamamlanmagynyň öňüni aldy.

Bu hili ýagdaýlaryň Balkan, Mary, Ahal sebitlerinde gurlan uly metjitleriň gurluşygynda hem ýüze çykandygy, netijede ilatdan, telekeçilerden mejbury-meýletin serişde toplanan halatlarynyň hem bolandygy habar berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat prezidentiň gatnaşmagynda açylýan binalaryň tutýan meýdany, içine ýerleşjek adamlaryň sany hakynda maglumat berip, olary ýurtdaky ýokary depginli ykdysady ösüşiň delili hökmünde görkezmäge çalyşýar. Ýöne soň esasan boş durýandygy aýdylýan myhmanhalar, metjitler, niýetlenilen kuwwatlylygyndan has pes derejede işleýän kärhanalar, hususan-da ýapylýan iş orunlary barada maglumat berilmeýär.

Bir tarapdan metjitleriň gurluşygyna millionrça dollar harçlaýan Türkmenistan ikinji tarapdan din azatlygyny dowamly çäklendirmekde tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.