Özbegistanyň Daşary işler ministrligi, hamala “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky Owganystanyň hökümetiniň özara serhet araçäginde ýerleşýän söwda merkezinde konsertleri we beýleki aýdym-sazly çäreleri gadagan etmegi sorandygy baradaky owgan mediasynda çykan habarlary inkär etdi.
14-nji oktýabrda Owganystanyň Atlaspress neşirinde çap bolan habarda aýdylmagyna görä, “Talyban” özbek hökümetinden Termiz Halkara Söwda Merkezinde aýdym-sazly çykyşlaryň bes edilmegini sorapdyr.
Habarda, hamala “Talybanyň” eger-de bu berjaý edilmese, onda owgan raýatlarynyň bu desga barmagynyň öňüni aljakdygy bilen haýbat atandygy hem bellenilýär.
“Talyban” aýdym-sazly çykyşlaryň dini taglymatlara çapraz gelýändigini aýdyp, olary gadagan edýär.