Daşkent esasan goňşy ýurtlaryň raýatlarynyň hasabyna lukmançylyk syýahatçylygynyň ösýändigini aýdýar

Illýustrasiýa suraty

Özbegistan has gowy we elýeterli bejergini gözleýän täjikleriň we beýleki köp sanly Merkezi Aziýalylaryň esasy lukmançylyk syýahatçylyk nokadyna öwrülendigini aýdýar. Özbegistanyň resmileriniň aýtmagyna görä, ýanwar-awgust aýlarynyň dowamynda, 60 müňe golaý täjik raýaty olardan lukmançylyk kömegini sorapdyr. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100 göterim artykdyr. Duşenbe bu maglumat bilen ylalaşmaýar.

Ranohon Burhonowa görüş kynçylyklary sebäpli dörän katarakt operasiýasyndan sagalýar.

Ol aýalyň dogduk mekany Täjigistanda bu operasiýany hödürleýän keselhanalar köp. Täjigistanyň Sogd sebitinden bolan 59 ýaşly öňki şepagat uýasy bulary örän ýöntem hasaplap, goňşy Özbegistana gaýtdy.

«Men sentýabryň ahyrynda Daşkentde geçirilen operasiýa üçin, 800 dollar töweregi töledim — diýip, ol gürrüň berýär. — Täjigistanyň we Özbegistanyň bahalary takmynan deňeçer. Ýöne meniň üçin iň esasy faktor hyzmatyň hili boldy».

Burhonowanyň aýtmagyna görä, keseli nädogry kesgitlemek we medisina pudagynda dowam edýän biperwaýlyk baradaky ençeme habarlar ýaýrandan soň, öz ýurdundaky lukmanlara "ynamyny ýitiripdir".

«Täjigistanda gowy wraçlar ýok diýemok. Ýöne men gözüme howp abananda, janymy töwekgellige salmak islemedim» diýýär.

Ol bejergiden alty hepde geçensoň, oftalmologa barlatmak üçin, Daşkende dolanmagy planlaşdyrýar.

Özbegistanyň resmi syýahatçylyk saýtlarynyň lukmançylyk syýahatçylygyny reklama etmek üçin ulanýan suratlarynyň biri

Özbegistan köp sanly orta girdejili täjikler hem-de Merkezi Aziýanyň beýleki goňşy ýurtlarynyň has gowy we elýeterli bejergini gözleýän milleti üçin, meşhur lukmançylyk syýahatçylygyna öwrüldi. Käbir näsaglar öz ýurdunda elýeterli bolmadyk ýörite lukmançylyk kömegini bu ýerden gözleýär.

Özbegistanyň resmi statistikasyna görä, 57 müň 380 täjik raýaty lukmançylyk kömegini almak üçin, ýanwar-awgust aýlary aralygynda Özbegistana barypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100 göterim köp bolup, öňküden artyk 28 müň 600 töweregi täjigistanlynyň bejergi almak üçin Özbegistana gelendigini görkezýär.

Täjigistanly müşderiler Özbegistanyň hususy medisina hyzmatyna 2018-nji ýyldan gatnap başladylar. Daşkent şonda Merkezi Aziýadaky goňşulary üçin, 3 aýlyk wizasyz režimi girizipdi.

Degişli maglumat Medisina syýahatçylygynyň meşhurlygy artýar. Türkmen raýatlary näme üçin Özbegistany saýlaýarlar?

Soňky ýyllarda kowid çäklendirmeleri ýatyrylandan soň, lukmançylyk syýahatçylygy ýene-de gülläp öçdi.

Ýaşaýyş ýeriniň we naharyň bahasynyň elýeterli bolmagy, dürli hat-ýazuw bökdençlikleriň aradan aýrylmagy we dil päsgelçiliginiň bolmazlygy Özbegistany goňşy ýurtlardan gelýän näsaglar üçin, has hem özüne çekiji etdi.

Özbegistandan lukmançylyk kömegini soraýan täjikleriň aglaba köpüsi maslahat, bejergi we gaýta-gaýta barlag üçin, goňşy döwlete birnäçe sapar gidip-gelmäge mümkinçiligi bolan orta gürpdäki adamlara elýeterlidir.

Has barly adamlar adatça Hytaýdaky, Eýrandaky we Russiýadaky keselhanalary we kliniki merkezleri saýlaýarlar.

Gizlinlik sebäpleri boýunça adyny tutmak islemedik 48 ýaşly täjigistanly näsag Nazokat öz sagalyşyna gözegçilik edip biler ýaly, her üç aýdan Daşkende gatnaýar.

Özbegistanda noýabr aýynda bolanda, Nazokatyň bagrynda 4-nji derejedäki fibroz keseli anyklandy. Mundan öň Täjigistanyň keselhanalary C gepatitiniň fonunda ýüze çykan keselçiligi anyklap bilmediler.

«Men Täjigistanda 6 aýlap gowy bejergi alyp, wirusdan halas boldum. Ýöne şonda-da özümi ýaramaz duýýardym. Dogan-garyndaşlarym maňa Daşkendiň wraçlaryna ýüz tutmagy maslahat berdiler. Bu meniň janymy halas etdi» diýip, Nazokat gürrüň berýär.

DUŞENBE ÖZBEK STATISTIKASYNA GARŞY ÇYKÝAR

Daşary ýurtlarda bejergi usullaryny agtarýan täjikleriň sanynyň yzygiderli artýan mahalynda, Täjigistanyň häkimiýetleri Özbegistanyň lukmançylyk syýahatçylygy baradaky statistikasyna garşy çykýarlar.

Geçen ýyl Daşkent 2023-nji ýylda Özbegistana saglyk meselesi bilen gelen täjikleriň sanynyň 43 müň 200 töweregi bolandygy barada ýazdy. Bu "mümkin däl" diýip, Duşenbe ol sanlary ret etdi.

«Bu san hakykaty görkezmeýär" diýip, şol wagtda Täjigistanyň Saglygy goraýyş ministri Jamoliddin Abdullozoda Özbegistanyň maglumatlaryna jogap berdi. — Ol serhet geçelgeleriniň ýazgylaryndan alnan maglumat».

Abdullozoda sözüni dowam edip, serhetden geçýän adamlaryň köpüsiniň bu hakykat bolmasa-da, belki-de, artykmaç soraglardan gaça durmak üçin, syýahatyň sebäbi hökmünde "bejergi" meselesini aýdýandygyny belledi hem-de 2023-nji ýylda Täjigistanda ýüz müňlerçe adamyň keselhanalarda bejergi alandygy baradaky sanlary getirdi.

Emma täjikleriň ençemesi uly şäherlerden daşarda hünärmen lukmanlaryň bolmazlygyndan nägile bolýarlar. Sebäbi soňky ýyllarda müňlerçe medisina işgäri ýokary aýlyk gözläp, Orsýete gitdi.

SEBITIŇ ULGAM MERKEZI

Özbegistanyň hökümeti lukmançylyk syýahatçylygyny syýahatçylyk pudagynyň bir bölegi hökmünde goldaýar.

Özbegistanyň resmi syýahatçylyk saýtlarynyň lukmançylyk syýahatçylygyny reklama etmek üçin ulanýan suratlarynyň biri

2019-njy ýylda Özbegistanyň hökümeti daşary ýurtlulara lukmançylyk wizasyny almagyň ýönekeýleşdirilen usullaryny girizdi. Resmi syýahatçylyk saýtlary daşary ýurtly näsaglary çekmek üçin, özbek keselhanalaryny we sanatoriýalaryny reklama edýär.

Statistik maglumatlara görä, daşary ýurtly näsaglaryň aglaba bölegini emele getirýän täjiklerden başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Orsýetiň müňlerçe raýaty Özbegistanda lukmançylyk hyzmatyndan peýdalanýarlar.

Özbegistanyň döwlet maglumatlaryna görä, ýanwardan awgust aýyna çenli bu ýurda bejergi almak üçin, 8542 gazagystanly, 6704 gyrgyzystanly, 1299 rus we 672 türkmenistanly gelipdir.

Bu sanlar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazak we rus syrkawlarynyň sanynyň degişlilikde 7200 we 800 adama barabar bolmagyndan artandygyny görkezýär.

Gyrgyzystandan we Türkmenistandan gelen saglyk syýahatçylarynyň sany hem iki esse artdy.

Degişli maglumat Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.