Türkmen häkimiýetleri akyldar we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek halkara forumyna taýýarlyk görýärler we oňa 10-dan gowrak döwletiň prezidentleriniň hem-de halkara guramalarynyň resmileriniň gatnaşmagyna garaşýarlar. Taýýarlyklaryň çäginde paýtagtda we töwereginde gözegçilik güýçlenýär welaýat ýaşaýjylary Aşgabada goýberilmeýär.
"Şu gün ir bilen welaýatlardan Aşgabada barýan ulaglar, ýagny Balkanyň ulaglary Ahalyň Gökdepe etrabyndan şäher tarapa geçirilmeýär. Lebap we Mary welaýatlarynyň ulaglar Gäwers polisiýa nokadyndan paýtagt tarapa goýberilmeýär. Daşoguzdan gelýän ulaglar Bokurdak postunda şäher tarapa geçirilmeýär" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi 10-njy oktýabrda habar berdi.
Habarçylaryň maglumatyna görä, paýtagtyň daşyndaky ýollaryň böwetlenmegi 11-nji oktýabrda paýtagtda geçiriljek Forum sowulýança dowam eder.
Degişli maglumat Türkmenistan Russiýa, Eýran we beýlekiler bilen halkara parahatçylyk forumyna taýýarlyk görýär"Bu çäklendirme 11-nji oktýabr güni paýtagtda Forumyň geçirilmegi bilen bagly. Howpsuzluk maksady bilen welaýat ilatyny paýtagtyň gyrasyndaky awtomenzile goýbermezlik ýokardan tabşyryldy" diýip, polisiýadaky çeşme gürrüň berdi.
Türkmen ýolbaşçylary anna güni paýtagda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli forum geçirip, 10-dan gowrak daşary ýurt liderleriniň, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putiniň we Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýanyň Türkmenistana sapar etmegine garaşýar.
Gökdepedäki ýol polisia postunda welaýatlardan paýtagta barýan diňe bir ulaglar däl, eýse paýtagtda we Ahal welaýatynda hasaba duran raýatlardan başgalary goýberilmeýär.
Polisiýa işgärleri ýolagçylara welaýatlylar üçin ýollaryň böwetlenmeginiň 12-nji oktýabr ir sagat 10-a çenli dowam etjegini duýdurýarlar.
Bu aralykda paýtagtda welaýatlylary anyklap, şäherden çykarmak boýunça reýdler geçirilýär, hatda welaýat ýaşaýjylary wokzalda paýtagta gelen badyna polisiýa tarapyndan saklanýar we yzyna ýaşaýan welaýatlaryna ugradylýar. Habarçylar bu ýagdaýyň bir hepde bäri dowam edýändigini aýdýarlar.
Şeýle-de, köneje geýimli adamlar hem köçelerde polisiýanyň üns merkezine düşýär.
"Aşgabadyň polisiýasy welaýatlylar paýtagtyň görküni gaçyrýar diýýär. Käbiri adamlary 'kirli' atlandyryp, kemsidiji sözleri ulanýarlar" diýip, welaýat ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Şu günler paýtagtyň ýaşaýjylary hem özlerini rahat duýmaýarlar.
"Paýtagtda şu günler gije pyýada gezmek gaty howply. Howpsuzlyk ofiserleri her ýerden çykyp, adamlary gözegçilikde saklaýarlar we dokumentlerini barlaýarlar" diýip aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat Konstitusiýa, Baýdak güni, Pyragynyň ýubileý toýy mynasybetli içerki migrantlar paýtagtdan kowulýarTürkmen mediasyna görä, anna günki halkara forumyny üç ýerde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Ýyldyz” we “Garagum” myhmanhanalarynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şol bir wagtda, bu forumyň çäklerinde 800-den gowrak daşary ýurt žurnalistiniň hem Aşgabada gelmegine garaşylýar.
Media maglumatlaryna görä, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara baglanşygy – häzirki zaman parahatçylygyň we ösüşiň esasydyr” atly halkara forumyna, döwlet baştutanlaryndan başga, şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletler Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, TÜRKSOÝ we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalarynyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Degişli maglumat Faktlar Aşgabadyň sebit integrasiýasyna taýýar däldigini görkezýär - synçyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.