1989 - "Mahmal Rewolýusiýa"

Ilkinji demonstrasiýa 1989-njy ýylyň ýanwar aýynda geçirildi. Çeh studenti Jan Palahyň 1968-nji ýylda sowet goşunlarynyň girizilmegine protest hökmünde özüni oda bermeginiň 20-nji ýyl dönümini bellän protestçilere polisiýa tarapyndan berk gysyş görkezildi.
 

Awgust aýynda 1968-nji ýylda goşun girizilmeginiň ýyl dönüminde has köp demonstrasiýa boldy. Kommunistik häkimiýetinde ilkinji sarsgynlar emele geldi.

Indiki protest 1989-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda, 1918-nji ýylda Çehoslowakiýanyň döredilmeginiň ýyl dönüminde geçirildi. Demonstrantlar Praganyň Waslaw meýdançasynda jemlenip, azatlygy we demokratiýany talap etdiler.  

Öwrülişikli pursat 1989-njy ýylyň 17-nji noýabrynda döredi. 20 ýylyň dowamynda iň uly protest emele geldi. Müňlerçe student şäheriň merkezinden parahatçylykly ýöräp geçdi. Olar Narodni köçesinde polisiýa tarapyndan saklandy.

Studentler şem ýakyp "biziň elimiz boşdyr" diýip, özleriniň ýaragsyzdygyny aýtdylar, emma polisiýa olaryň gaçyp gutulmagy üçin bar bolan ähli ýollary böwetläp, gysyp başlady.    

Demonstrasiýalar tiz güýçlendi. 19-njy noýabrda köçe polisiýasy protestçileri Çehoslowakiýanyň prezidentiniň oturan Praga köşgüne goýbermezlik üçin köprini böwetlediler.

19-njy noýabrda alnan bu suratda protestçiler Pragada polisiýa bilen ýüzbe-ýüz bolan pursatynda dyzyna çökýärler. Polisiýa ýene-de zor görkezmek bilen jogap berdi.

21-nji noýabrda 200 000 gowrak adam Praganyň köçelerine üýşüp, protestleriň bäşinji gününi geçirdi.

24-nji noýabrda protestçileriň sany 300 000 ýetdi. Dissident dramaturg we öňki syýasy tussag Waslaw Hawel Waslaw meýdançasyna çykýan balkondan protestçilere ýüzlendi.

26-njy noýabrda protestler uly parka geçdi. Ýarym million adam Haweliň we beýleki oppozision liderleriň çykyşlaryny diňlemek üçin jemlendi.

Sowet lideri Iosif Staliniň "Hiç zat müdimi däl" diýen ýazgyly heýkeli protestleriň 10-njy güni we ähliumumy iş taşlaýyşyň ilkinji güni Praganyň Waslaw meýdançasynda ýerleşdirildi, 27-nji noýabr.

"Raýat forumy" atly oppozision forumyň liderleri Praganyň teatrynda ştab döretdiler. Waslaw Hawel sag tarapdan ikinji bolup otyr. 

Kommunistler yza çekilip, azat saýlawlary geçirmäge razy bolansoň hem, adamlar köpçülikleýin üýşmegini dowam etdirdiler. 1989-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Waslaw meýdançasynda jemlenen protestçiler Waslaw Haweliň prezident bolmagyny goldaýan şygarlary öňe sürdüler.
 

1989-njy ýylyň 29-njy dekabrynda Waslaw Hawel Çehoslowakiýanyň täze prezidenti bolup saýlanmagynyň yzýany öz aýaly Olga bilen Praga köşgünde raýatlar bilen duşuşýarlar. 
 

1989-njy ýylyň 31-nji dekabrynda Pragada Täze ýyl baýramçylygy we täze demokratiýa dabaralandy.