Ýitip giden dünýäniň suratlary. "Planetanyň arhiwiniň" proýekti

Fransiýanyň muzeýlerinde saklanýan haýran galdyryjy reňkli suratlar 100 ýyl mundan ozalky döwri görkezýär. Dünýäniň dürli künjeklerinden düşürilen suratlar tehnologiýanyň we geosyýasy hereketleriň täsirinde, tanap bolmajak derejede özgeripdir..

Serbiýanyň merkezinde ýerleşýän Kruşewase şäherinde, ýaş serb soýlan goýnuň ýanynda, 1918-nji ýyl. Bu ýaňy-ýakynda Fransiýanyň Albert Kan muzeýi tarapyndan ýokary resminama esasynda, köpçülige görkezilen on müňlerçe reňkli taryhy fotosuratlaryň biridir

Openisadan üç aýal, ol oba häzirki Demirgazyk Makedoniýanyň çäginde ýerleşýär. 1913-nji ýyl

Parižiň günbatarynda ýerleşýän muzeýdäki dikeldiş işleri köp ýyllap dowam edensoň, aprel aýynda ýaňadan açyldy, dikeldiş işleri dowamynda, işgärler sanly maglumat bazasyny hem döwrebaplaşdyrdylar.

Senegally ýaragsyz mergen Fezde, Marokko, 1913 ý.

"Planetanyň arhiwi" muzeýiniň taslamasy 72 müňe golaý suratyň elýeterli bolmagyna ýokary derejede razylyk berdi.

Ýaş çopan Bosniýa we Gersegowinanyň günortasynda ýaşaýan katoliklerden bolmaly, 1912-nji ýyl.

Surat şekilleri öň hem elýeterlidi, ýöne hili pes bolup, olary web-saýtda goýmak kyndy.

Budapeştiň şäher ybadathanasy 1913-nji ýylda. Onuň arka tarapynda görünýän Erzsébet köprüsi, ol Ikinji Jahan urşunda weýran edildi. Häzirki wagtda şol ýerde, Dunaýyň üstünden has ýönekeý köpri guruldy.

“Planetanyň arhiwi” taslamasy 1909-njy ýylda, fransuz bank eýesi Albert Kan tarapyndan işe girizildi. Dünýäniň ilkinji reňkli fotosurat tehnologiýasy bolan Autochrom tiz wagtdan girdejili we köpçülikleýin peýdalanmak üçin ýaramly merkeze öwrüldi.

Pristinada ýoluň üstünde çigit satyp oturanlar, 1913-nji ýyl. Indi ol Kosowanyň paýtagtyna öwrüldi.

Kan baýlygynyň köp bölegini haýyr-sahawat işlerine sarp edipdir.

Sewilýa şäherinden iki tansçy gyz, Ispaniýa, 1914-nji ýyl.

Öz abraýyna aşa berlen Kan globallaşmanyň täsiri astynda, gözüniň alnynda özgerýän dünýäni fotosurat proýektleri arkaly dokumentleşdirmäge çalşypdyr.

Koniçde ogly bilen duran serb, Bosniýa we Gersegowina, 1912-nji ýyl.

Kanyň fotosuratçylary öz işleýän birnäçe ýurtlarynda, ilkinji reňkli suratlary çekdiler.

Bir adam Openisa obasynda jemgyýetçilik ýyladyş jaýynyň ýanynda dur, 1913-nji ýyl. Häzir ol oba Demirgazyk Makedoniýada ýerleşýär.

Kanyň taslamasyna ýolbaşçylyk eden Žan Brunet “Planetanyň arhiwini” üçin, “Ýakyn wagtda ýitip gitjek Planetanyň faktlaryny toplamaga we saklamaga täze dörän gurallaryň ulanylandygyny” aýdýar.

Saraýewodan bolan katolik aýal tatuirkalaryny görkezýär, 1912-nji ýyl. Balkan ýarymadasynda ýaşaýan katolikleriň tatuirka däbi Ikinji Jahan urşundan soň, Ýugoslawiýada kommunist režimi döwründe bes edildi.

Kanyň tabşyrmagy bilen Fransiýanyň iň gowy fotosuratçylarynyň onlarçasy dünýä syýahata gidipdir. Bankiriň düşündirişine görä, " dünýäde wagtyň geçmegi bilen adam tejribesiniň hem ukybynyň düýpden ýitip gitmezligi üçin, belli bir ýagdaýda [suratda] saklanyp galmagy gerek”.

Atlar Openisanyň golaýyndaky baýyrlykda otlaýarlar (1913). Ol oba häzirki Demirgazyk Makedoniýanyň çäginde.

Albert Kan muzeýiniň wekiliniň aýtmagyna görä, täzelenen onlaýn arhiwi "giň çäkde iş alyp barmaga mümkinçilik döredýär”.

Kestri şäherinden bolan milli egin-eşikli adam, Gresiýa, 1912-nji ýyl. Suratçy ol adamyň boýunyň "azyndan 1,8 metr" bolandygyny belläpdir.

"Creative Commons lisenziýasy boýunça kolleksiýalaryň uly böleginiň onlaýn elýeterliligi suratlaryň ulanylyşyna giňden mümkinçilik döredýär" diýip, muzeýiň wekili sözüne goşýar.

Ankaradaky sowet ilçihanasynyň garawuly. Türkiýe, 1922-nji ýylyň 30-njy dekabry. Şol gün SSSR döredilipdi.

Kanyň fotosuratçylarynyň ulanan Autochrom tehnologiýasy ilkinji gezek Fransiýada 1907-nji ýylda girizildi we dessine şowhun döretdi.

Gön-deri önümlerini işleýän ussa Skopýe derýanyň kenarynda surata düşürmek üçin, az salym işinden el çekýär, 1913-nji ýyl. Häzir bu ýerler Demirgazyk Makedoniýa degişli.

1908-nji ýylda bir bilermen Autochrom tehnikasynyň «tebigatyň reňklerini haýran galdyryjy dogruçyllyk bilen görkezýändigini» belledi.

Parižde bir maşgala, 1914-nji ýyl.

Reňkli suratlar düşüriljek fotolentalar üçin, boýalan gaty kartofel uny we emulýasiýada basylan millionlarça "pikseller" ulanylypdyr.

Görnüşinden, ýaragly esgerler Adana şäherindäki ermeni dermanhanasyny goraýan bolmaly, 1919-njy ýyl. Häzir ol Türkiýäniň gündogarynda ýerleşýär. Ýazgyda şeýle diýilýär: "Siriýa, Adana, ermeni dermanhanasy".

Autochrom tarapyndan döredilen dürli-dümen reňkli şekiller "arzuwlar reňki" diýlip atlandyrylypdyr.

Belgradda limonad satýan söwdagär, 1913-nji ýylyň gyşy.

Fotosuratyň ýokarsyndaky asyl ýazgyda bellenişine görä, limonadyň iki konteýneri açyk-gök, gyzyl we ak reňkde – Serbiýanyň baýdagynyň reňkinde boýalypdyr. Görşümiz ýaly, suratlardaky reňkler hakyky bolşy bilen deňeşdirilende, düýpli öçügsi alnypdyr.

Ermeni Julfada surata düşýär, 1927-nji ýyl. Häzir Julfa Azerbaýjana degişli.

Fotosurat plastinalaryny ulanmak aňsat bolupdyr, ýöne olar gymmada durupdyr.

Eýranyň Gülüstan köşgündäki Nediriň tagty. 1927-nji ýyl. Gymmat bahaly daşlar bilen bezelen tagtyň 300 ýyla golaý ýaşy bar. Ol iň soňky gezek 1967-nji ýylda, Muhammat Reza şa Pählewiniň täç geýdiriliş dabarasynda ulanyldy.

Autochrom tehnologiýasynyň esasy kemçiliklerinden biri, onuň ýagtylyga bolan pes duýgurlygydyr. Şoňa görä bir suratyň düşürilmegi üçin, ep-esli wagt gidipdir, kadry saklamaly bolupdyr.

Küljümek bedenli "dünýäni gezip ýören terkidünýä" öz ýoldaşy bilen Lahorda, 1914-nji ýyl. Lahor Pakistanda ýerleşýär.

Hatda aýdyň günde-de surat almak üçin, birnäçe sekunt saklanmaly bolupdyr. Munuň özi, hereketli, goh-galmagally köçeleriň şekilini ýeterlik derejede döretmegiň mümkin däldigini aňladýar. Portretleri düşürmek üçin, adamlar uzak wagtlap şol bir şekilde doňup durmaly bolupdyrlar.

Wladaýa obasyndan bolan bolgar gyzy, 1918-nji ýyl.

Umumylykda, Kanyň işe çeken fotosuratçylary 50-den gowrak ýurda baryp görüpdirler. Olar diňe bir reňkli suratlary almak bilen çäklenmän, eýsem 100 sagat töweregi gara we ak wideo ýazgylary hem getiripdir.

Inžener H. Sassi (onuň graždanlygy görkezilmändir) 1928-nji ýylda, Owganystanda demir ýollary gurmagyň hyzmaty bilen baglanyşykly çadyryň agzynda işläp otyr. XX asyryň başynda, Owganystanyň üsti bilen uly demir ýol ulgamyny döretmek synanyşyklary, esasan, ýurtda bolan çaknyşyklar sebäpli bes edildi.

Kanyň fotosuratçylary gündelik durmuşy reňkli suratlaryň aýdyň beýan edip bilmeýändigi üçin, kino wideosyny ulanypdyrlar.

Sowet işçisiniň we kolhozçy aýalyň polat heýkeli Pariždäki Sena derýasynyň kenarynda, ýokary göterilip dur. Bu ýadygärlik 1937-nji ýyldaky Bütindünýä sergisi wagtynda, SSSR-iň pawilýonynyň bezegi boldy.

Beýik Depressiýa bütin dünýäniň maliýe bazarlaryna uly zyýan ýetiren wagtda, Kan öz taslamany togtatmaga mejbur boldy.

Işçiniň we kolhozçy aýalyň heýkeliniň (çepde) alnynda, faşistik Germaniýanyň pawilýony bolup, ýokarda bürgüdiň şekili bar. Parižde geçirilen sergiden 4 ýyl soň, Gitler "Barbarossa" operasiýasyny başlatdy hem faşistik goşunlar SSSR-e çozdy.

1932-nji ýylda Kanyň işleri batýar we ol 1940-njy ýylda, nasizm goşunlary Fransiýany basyp alandan, biraz wagt soň aradan çykýar.

Onuň fotosuratçylarynyň döreden suratlary taryhda iň wajyp reňkli fotosurat ýazgysy hasaplanýar.