Hytaý täze nesil liderlerini saýlaýar

Harby delegasiýa açylyş dabarasyndan soň Msalahatlar köşgüni terk edýär.

Adamlar hytaý lideri Mao Tzedonyň Pekin studiosynda goýlan portretini synlaýarlar.

Ýarym harby polisiýa gullukçylary Hangzhou harby bazasynda Kommunistik Partiýanyň 18-nji Milli gurultaýynyň howp-hatarsyz geçjegi barada guralan kasam içişlige gatnaşyp, Kommunistik Partiýanyň baýdagynyň öňünde çest berýärler.

Bir adam Pekindäki amerikan ilçihanasynyň bir myhmanhanada gurnan çäresinde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen prezidentlige kandidat Mit Romniniň kagyz şekiliniň arasynda surata düşýär. 

Bir işçi Hytaýyň merhum lideri Mao Tzedonyň Henan welaýatyndaky ýyladyş elektrik zawodynyň ýanynda goýlan plakatynyň töweregini arassalaýar. 

Ýarym harby polisiýa ofiseri Pekiniň Tiananmen meýdançasyndaky Maslahatlar köşgüniň öňünde dur.

Adamlar Pekindäki Tiananmen meýdançasynda gezelenç edýärler.

Gollary gyzyl mata bilen belgilenen meýletin nobatçylar tertip-düzgüne gözegçilik edip, Pekiniň merkezindäki alleýalaryň birinde gürleşip otyr.

Ýaş pionerler Şanhaýdaky Gündogar synag mekdebinde baýdak galdyrmak dabarasyna ýygnanýar.

Pekiniň Maslahatlar köşgünde geçirilýän metbugat ýygnagynda bir işgär töwere gözegçilik edýär.

Howpsuzlyk ofiseri açylyş dabarasynyň goragynda dur.

Delegatlar açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda.