Türkmenistanda raýatlaryň öz ýaşaýan sebitlerinden başga şäherlerde “propiska” durmak mümkinçiliginiň barha kynlaşmagy, bu ugurda para-berimiň "ozal görlüp eşidilmedik derejede möwjemegine” getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly ynamdar çeşmeleri maglumat berýärler.
“Hususan-da, paýtagt Aşgabatda propiska, ýagny hemişelik ýazga durmak isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi 100 müň ABŞ dollaryna çenli ýetdi. Bu tanyş tapyşyňa görä, araça görä, üýtgäp bilýär” diýip, çeşmämiz 16-njy noýabrda gürrüň berdi.
Türkmenistanda raýatlaryň hereketini çäklendirýän “propiska” ulgamy saklanyp galýar. Raýatyň ýaşaýan ýeriniň ýazgysy onuň pasportynda bellige alynýar. Bu talap raýatlaryň öz ýaşaýan sebitlerinden başga şäherlerde hemişelik ýaşaýyş we iş mümkinçiligini çäklendirýär.
Degişli maglumat Bagtyýarlyk: Ýazga durmak we ýazgydan çykmak üçin töleg nagt talap edilýär, 'kwitansiýa berilmeýär'Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, ýurtda “propiska” edinmek isleýän raýatlardan soralýan paranyň möçberi boýunça Aşgabady Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri we Ahal welaýatynyň Änew şäheri yzarlar.
“Türkmenbaşyda hemişelik ýazga durmak isleýänler 10-15 müň ABŞ dollary möçberindäki parany bermeli bolýarlar. Änewde ýazga durmak üçin bolsa, 3 müň ABŞ dollaryny bermeli” diýip, çeşmämiz belledi.
Onuň sözlerine görä, bu şäherlerde iş mümkinçiliginiň köp bolmagy, paranyň möçberiniň ýokary bolmagyna getirýär.
“Türkmenistanlylaryň Änewe ýazga durmaga-da köp isleg bildirmegi, raýatlaryň bu şäheriň Aşgabadyň çägine goşulmak ähtimallygynyň bardygy barada uly umyt etmegi bilen baglanyşykly. Aslynda bu belli däl. Ýöne şonda-da, balkanly köp raýat Änewe propiska almaga ýykgyn edýär” diýip, balkanly çeşmämiz aýtdy.
Çeşmelerimiziň tassyklamagyna görä, býurokratik bökdençlikler zerarly para bermedik adamlaryň tas hiç biri başga ýere, hususan-da, Aşgabat, Türkmenbaşy we Änew şäherlerine ýazga durup bilmeýär.
"Hat-da, aşgabatly gyzlara öýlenen raýatlar üçin 5 ýyl garaşyp, soňra paýtagtyň propiskasyna geçmek hukugy bolsa-da, olar 20 müň ABŞ dollaryny para hökmünde bermeseler, ýazga alynmaýarlar. Ýöne bu parany bermäge men ýaly köp adamyň mümkinçiligi ýok” diýip, mundan alty ýyl çemesi ozal aşgabatly gyza öýlenen balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Çeşmelerimiz “propiska” meselesiniň köplenç 30 adamdan ybarat ýörite topar tarapyndan çözülýändigini belleýärler.
Degişli maglumat Häkimiýetler içerki zähmet migrantlaryny paýtagtdan we Ahaldan çykarýar“Bu topar Ilaty ýazga alyş bölümiň mejlisler zalynda maslahat geçirip, paranyň möçberine görä, raýaty ýazga almalymy ýa däldigi barada karar çykarýar” diýip, çeşmämiz belledi.
Onuň tassyklamagyna görä, bu toparyň düzüminde etrap kazyýetiniň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýerli edaralarynyň, etrap prokuraturasynyň, Merkezi bank etrap şahamçasynyň dagy wekilleri bar.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Aşgabadyň, Türkmenbaşynyň we Ahalyň polisiýasynyň Ilaty ýazga alyş bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 39-njy maddasynda “her bir raýatyň ýurduň çäginde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugynyň bardygyna” kepil geçilýär.
Muňa garamazdan, Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri saklanyp galýan “propiska” düzgüni raýatlaryň öz ýurdunyň içindäki hereketini ýiti çäklendirýär. Ýurt raýatlary hemişelik ýazgyda duran ýerinden başga ýerde resmi ýagdaýda ýaşap ýa işläp bilmeýärler.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarlar.
6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde ABŞ-nyň wekiliýeti Türkmenistana ýurtda raýatlaryň hereketini çäklendirýän “propiska” ulgamyny aradan aýyrmagy teklip etdi.
"Transparency International” guramasynyň korrupsiýa barada şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.
Degişli maglumat Möhüm seneleriň öňüsyrasynda, welaýat ýaşaýjylary Aşgabatdan kowulýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.