Şu gün, 13-nji martda Köýtendag etrabyndaky “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi, onuň ýylda 1 million tonna sement öndürjekdigi aýdylýar. Türkmen metbugaty bu dabaranyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilendigini habar berýär. Zawodyň birinji tapgyry 2013-nji ýylyň fewral aýynda açyldy we onuň täze iş orunlaryny döretmekde, gurluşyklary ýokary hilli sement bilen üpjün etmekde, daşary ýurtlara satylýan gurluşyk harytlarynyň möçberini artdyrmakda uly ähmiýetiniň bolandygy aýdylýar. Emma çeşmeler täze zawodyň täze iş orunlaryny açmaýandygyny, onuň köne zawodyň işgärleriniň hasabyna işlediljekdigini aýdýarlar.
TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan, “Lebap” sement zawodynyň birinji tapgyrynyň golaýynda gurlan täze zawodda “dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy”.
Şeýle-de, önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň “rugsat edilýän derejeden hem ep-esli azdygy, howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ulanylýandygy” habar berilýär.
Emma zawodyň döwlet gaznasyna düşen bahasy, onda döredilen täze iş orunlarynyň sany, işçileriň aljak aýlyklary barada hiç zat aýdylmaýar.
Degişli maglumat Darganatada dollaryň bahasy ýokarlanýan mahaly, gurluşyk harytlary gymmatlaýarDöwlet eýeçiligindäki metbugatyň bir taraply tassyklamalaryndan tapawutlylykda, sosial media syzyp çykýan maglumatlar “Lebap” sement zawodynyň birinji tapgyrynyň we onuň golaýynda gurlan ikinji tapgyrynyň golaýdaky obalaryň ýaşaýjylarynda uly ekologiýa aladalaryny döredýändigini yşarat edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Azatlygyň ýerli habarçysy bu zawodyň birinji tapgyrynyň iş, önümçilik ýagdaýy bilen gyzyklandy.
“2013-nji ýylda açylan sement zawody şu güne çenli gije-gündiz isläp, gaty köneldi... Has anygy, ol zordan diýen ýaly işleýär. Her aýda bir guraly döwülýär, bir stanogy hatardan çykýar, netijede zawodyň işini saklamaly bolýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli hünärmen aýtdy.
Onuň sözlerine görä, mundan iki ýyl öň bu zawodyň uly daşlary owradýan we üweýän uly enjamy hatardan çykyp, önümçiligiň alty aý çemesi togtadylmagyna sebäp boldy.
“Şonda sement bahalary tas üç esse gymmatlady, haltasy 100 manada ýetdi. Häzir 40 kilogramlyk halta elde gapgarylan sementiň bahasy 28-30 manat, upakowka diýilýän kagyz haltaly sement hiç ýerde satuwda ýok, sebäbi zawoda upakowka goýbermek ne wygodna” diýip, hünärmen aýtdy.
Şeýlelikde, sement ýörite ulaglarda gerek ýerlerine, Türkmenabadyň gurluşyk harytlaryny satýan dükanlaryna iberilýär we dükan eýeleri ony 40 kilogramlyk haltajyklara gapgaryp, ilata satýar.
Bu zawodyň gurluşygynaa 2020-nji ýylyň tomsunda badalga berildi. Täze kärhana, ýerli çeşmäniň tassyklamagyna görä, 2021-nji ýylda ulanmaga berilmelidi. Emma onuň gurluşygy, pandemiýa wagtynda ýoly baglanan daşary ýurt hünärmenleri, getirilmeli enjamlaryň getirilip bilinmändigi sebäpli, gijä galdy.
Habarda zawodyň ýerli firma tarapyndan gurlandygy aýdylýar, emma çeşmeler onuň gurluşyk işleriniň esasan türk inženerleri tarapyndan amala aşyrylandygyny, elektrik enjamlarynyň ählisiniň daşary ýurt hünärmenleriniň elinden geçendigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Özbek telekeçileri Türkmenistandan ne puluny, ne-de $1 millionlyk sementini alyp bilýär“Türkmen gurluşykçylary esasan zawodyň daşky haýatlaryny gurmak, töwerek-daşyny abadanlaşdyrmak, bag, gök ot ekmek işleri bilen meşgullandy” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
TDH-nyň maglumatyna görä, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda gurlan täze zawodyň gurluşygynda 650-den gowrak hünärmen işledi.
Resmi habarda zawodyň gurluşygynyň gijikdirilmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada hiç bir zat aýdylmaýar. Anonimlik şertinde gürleşen ýerli çeşmäniň maglumatyna görä, zawodyň gurluşygynyň gijikmegi maliýe üpjünçiligi, has anygy, döwletiň oňa ýeterlik serişde goýbermezligi, saklanyp galýan konwertasiýa kynçylyklary bilen bagly boldy.
“Pul bolmansoň, zawody gurýan firma daşary ýurtlardan satyn alynmaly enjamlary satyn almakda uly kynçylyk çekdi” diýip, çeşme onuň gurluşygynyň iki ýyl giç soňlanmagynyň esasy sebäbiniň ýurtda dowam edýän maliýe, konwertasiýa meseleleri bilen bagly bolandygyny öňe sürdi.
Täze zawoda alnan işçileriň sany ýa-da onda döredilen täze iş orunlary barada türkmen metbugaty hiç bir zat aýtmaýar. Şol bir wagtda, Azatlygyň çeşmesi häzir täze açylan zawoda hiç bir täze hünärmeniň ýa işçiniň işe alynmandygyny habar berdi.
“Täze zawoda köne zawodda işleýän hünärmenler we işçileri işe geçiriler, sebäbi köne zawodyň işi indi kapitalnyý remont (düýpli bejeriş -red) üçin togtadylýar. Bu bejerişiň iki ýyllap dowam etmegine garaşylýar we, aýdylmagyna görä, bejeriş işleriniň harajady täze zawodyň öndürjek sementiniň hasabyna tölenmeli” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly söhbetdeşi aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.