Merkezi Aziýa döwletleriniň resmileri ahyrsoňy ýyladyş ulgamyny gazylyp alynýan serişdeler arkaly dolandyrmagyň meseleleri hakda, alada edip başladylar. Olar howanyň hapalanmagynyň esasy sebäbi köne maşynlar hem şäher gurluşynyň ýaramaz planlaşdyrylmagy diýýärler.
Merkezi Aziýanyň iri şäherlerinde kömür bilen işleýän elektrik beketleri we ýaşaýyş jaýlaryndaky peçler howa toksinleri goýberýär. Buz örten ýollar könelişen hem haýal hereket edýän awtoulaglardan doly. Sosial ulgamlarda bolsa howanyň nähili ýaramazdygy hem gowy howa arassalaýjyny nireden satyn almalydygy barada, köp gürrüň edilýär.
Howanyň hapalanmagy, esasan hem gyş aýlarynda, sebitinde uzak wagtdan bäri kynçylyk döredip gelýär, indi bolsa ol betbagtlyga öwrülýär.
Ýerli häkimiýetleriň howanyň hapalanmagyna garşy göreşmäge syýasy islegi adatça gowşak bolup gelýär. Eýsem halk köpçüliginiň bu meseleden habarly bolup, onuň saglyk ýagdaýyna ýetirýän aýdyň netijelerine has gowy düşünýän wagtynda, hökümetler bu ýagdaýa äsgermezlikli garamagy dowam edip bilerlermi?
KYNÇYLYK NÄHILI DEREJEDE?
Şu aýda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek howanyň hiliniň iň erbet bolan şäherleriň IQ Air reýtinginde gaýta-gaýta iň ýokary derejä ýetdi. ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak edarasynyň howanyň hili indeksine görä, ol "saglyk üçin iňňän ýaramaz" hasaplanýar.
Gazagystanyň iň uly şäheri Almaty IQ Air şäher nusgasyna goşulmaýar, emma olarda-da ýagdaý şoňa meňzeş.
Gazagystanyň paýtagty Astana we Özbegistanyň paýtagty Daşkent soňky hepdelerde IQ Air kompaniýasynyň iň hapalanan şäherler sanawynda, yzdaky 20-likde saklanyp gelýärler.
Şunuň bilen baglylykda, sebitde howanyň hapalanmagyny ýokardan alnan ençeme suratda hem synlap bolýar: Almatynyň we Bişkegiň töweregi dag baýyrlyklary bolansoň, şäherleriň üstündäki galyň gara-çal duman ýokardan gowy görünýär.
Onuň saglyga ýetirýän zyýany has täsiri.
Bişkekde ýaşaýan wraç Ermek Ysmaýylow gyş aýlarynda, adamlaryň baş agyrydan hem dem alyş kynçylyklaryndan has köp zeýrenýändigini aýdýar.
«Dümew döwründe adamlaryň ýagdaýynyň gitdigiçe erbetleşýändigini görýäris. Olaryň kesele garşy ukyby gowşaýar. Eger öň adamlarda üsgülewük iki hepdä çekýän bolsa, indi onuň bir aý ýa-da alty hepde dowam edýändigini görýäris» diýip, Ysmaýylow Azatlygyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Şu ýylyň başynda UNICEF tarapyndan goldaw edilmeginde geçirilen barlag 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan, 2022-nji ýylyň 30-njy iýuny aralygynda, Bişkekde ýogalan 112 adamyň ölüminiň sebäbiniň howanyň hapalanmagy bilen baglydygyny mälim etdi.
Emma hökümet bu çykarylan netijäni şübhe astynda goýdy.
NÄDIP BU ÝAGDAÝA GELINDI?
Merkezi Aziýanyň şäherleri jaýlary ýylatmak hem ýagtylandyrmak üçin, kömri köp ulanýar. Elbetde, dünýä derejesinde, olar bu meselede ýeke däl.
Sowet döwründe howanyň iň uly hapalanmasy köplenç agyr senagatyň jemlenen ýerlerindäki kiçi şäherlerde bolýardy. Şondan bäri şäher ilaty köpeldi, ulaglaryň sany bolsa megapolisleriň mümkinçiliginden artdy, öň diňe barly adamlar maşyn satyn alýardy.
Uly şäherleriniň eteginde döreýän täze obalar köplenç gaz geçiriji infrastrukturasy bilen baglanyşmaýarlar, ýaşaýjylar peçlerini ýylatmak üçin, kömürden başlap, hojalyk galyndylary, arzan esgä çenli ähli zady ulanýarlar.
Şol bir wagtyň özünde, şäher merkezlerinde beýik ýaşaýyş jaýlary ýagyşdan soňky kömelekler kimin köpelýär. Olar bolsa howanyň akymyna böwet bolýarlar.
Bişkekde beýle hereketleri döwlet syýasaty has-da güýçlendirýär, hili gowy, gymmat bahaly import kömre derek, has arzan we hapa ýerli kömri ileri tutýarlar.
Töweregi daglar bilen gurşalan Bişkek we Almaty temperaturanyň üýtgeýän döwründe, güýçli tüssä duçar bolýar, basyş hapa howanyň aşakda saklanyp durmagyna getirýär.
Astana sährada ýerleşýän şäher, soňky 20 ýylda onuň ilat sany üç esse artdy hem million adamdan geçdi, sähra şemaly şäheri arassalap bilýär. Şol bir wagtda, ol ýer aşa sowuk, ýylylyk üçin ýangyç köp gerek bolýar.
Geçen ýylda Azatlygyň Gazak gullugy şäherdäki 30 müň hususy jaýlardan, diňe 5 müňüsiniň gaz bilen birikdirilendigini habar berdi.
Şeýle hem paýtagtda buýruga daýanýan şäher meýilnamasy netijesinde, pyýada gezilýän zolaklar gaty az galdy, ýolda bolsa maşynlaryň sany gitdigiçe köpeler.
KÖP GAZ GEREKMI ÝA-DA HILI GOWY KÖMÜR?
Sebitiň iki döwleti – Gazagystan we Özbegistan energiýa çeşmelerini täzelemek üçin, maýa goýumyny artdyrmaga çalyşýarlar, emma sebitiň ösýän şäherlerinde, kömrüň we tebigy gazyň ornuny tutjak gün energiýasyndan hem ýelden peýdalanmak işlerine şübheler bar.
Merkezi Aziýanyň garyp ýurtlaryna täzeläp bolýan energiýa çeşmelerine geçmäge mümkinçilik çylşyrymly bolansoň, subsidirlenen elektrik energiýasy we ýylylyk çykdajylary dünýäde iň arzanlaryň biri bolup durýar.
Ýakyn wagtyň dowamyndaky has realistik maksat – kömürden gaz ýylylygyna we elektrik energiýasyna geçmek. Ýöne muny döretmek hem agyr kynçylyklar bilen bagly bolup durýar.
Elektrik energiýasyny öndürmek üçin, gaza möhüm çeşme hökmünde garaýan Özbegistan adaty bolmadyk sowuk howa zerarly bu gyşda ýylylyga we energiýa talap adaty ýagdaýdan has güýçlenensoň, ýangyç ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Gazagystanda hem gaz ýetmezçilik edýär, bu meselede, milli gaz kompaniýasy "GazaqGaz" öndürilýän önümiň bahasynyň arzandygyny tankytlaýar hem munuň gaz çykarmak işine bolan höwesi peseldýändigini aýdýar.
Şu ýylyň tomsunda "GazaqGaz" kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sanjar Žarkeşow status-kwony üýtgetmegiň zerurdygyny aýdyp, Almaty elektrik bekedini kömürden tebigy gaza öwürmek baradaky halk islegini amala aşyrmaly diýdi.
Gyrgyzystanda Daşarky gurşaw ministri Dinara Kutmanowa howanyň hapalanmagy meselesi boýunça geçirilen parlament diňlenişiginde, tüsse kynçylyklary barada çykyş edip, howanyň hilini gowulandyrmak üçin, häkimiýetleriň 6,7 milliard dollarlyk grant gözleýändigi, onuň şu ýylda meýilleşdirilen býujet girdejilerinden iki esse köpdügini aýdyp, deputatlary geň galdyrdy.
Entek "durna gökde" wagtynda, Kutmanowa Bişkek ýyladyş ulgamyny hem ýurduň ýaşaýyş jaýlaryny kömür bilen üpjün edýän ägirt uly Kara-Keçe käninde, uglewodorod fabrigini gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.
Kutmanowa ol fabrigiň kömür briketlerini öndürjekdigini mälim etdi. Briketler ýananynda, çyg kömre garanda, tüsse az bolýar. Şeýle hem ol hökümetiň paýtagtyň jemgyýetçilik gatnaw ulgamynda esasy orun eýeleýän käbir könelişen kiçi awtoulaglary aýyrjakdygyny, olary elektrik taksileri bilen çalyşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
ÝADRO ENERGIÝASYNA GEÇMEK
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda, Orsýetden aktiw täsiri esasynda, Merkezi Aziýaly syýasatçylaryny arassa energiýa çeşmeleriniň biri hökmünde, ýadro energiýasyna geçmek meselesi özüne çekýär.
Özbegistan bilen Gazagystan ýadro elektrik stansiýalaryny gurmak niýetini mälim etdiler. Bu elektrik toguna bolan aşa ýokary talaby ýeňilleşmäge hem kömür bilen işleýän beketlere baglylygy azaltmaga ýardam eder diýip hasaplaýarlar.
2018-nji ýylda Özbegistan Russiýanyň ýadro energiýa kompaniýasy “Rosatom” bilen ýadro energiýasynyň gurluşygy boýunça ylalaşyga gol çekdi, ol 2028-nji ýylda işe girizilmelidi hem 2030-njy ýyla çenli ýurduň milli energiýa üpjünçiliginde, ýadro energiýasynyň paýynyň noldan 15 göterime çenli artmagyna garaşylýardy.
Gazagystanyň häkimiýetleri hem “Rosatom” bilen şeýleräk şertnama baglaşmaga gyzyklanan ýaly göründi. Ýöne oktýabr aýynda "Samruk-Kazyna" milli abadanlaşdyryş gaznasynyň ýolbaşçysy Almasadam Satkaliýew milliardlarça dollarlyk taslamanyň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek üçin, "halkara konsorsiumynyň" döredilmegine goldaw bildirdi.
Ol gurluşygyň enjamlaryň potensial üpjünçiligi hökmünde Russiýany, Fransiýany we Günorta Koreýany ýatlatdy.
Muňa garamazdan, Moskwanyň Ukraina basyp girmegi netijesinde, rus harbylary diňe bir ägirt köp adam ýitgilerine sebäp bolman, eýsem, graždan infrastrukturasyna görlüp-eşidilmedik derejede zyýan ýetirdi. Olar Ýewropanyň iň uly ýadro energiýa bazasy bolan Zaporožýe ýadro elektro stansiýasyny ele geçirip, iň bolmanda bu proýektlere şübhe döretdiler.
Ýer titremeleriň hakyky howply ýeri salýan we Sowet döwründäki ýadro synaglarynyň ajy mirasyny başdan geçiren ýurtda iş alyp barjak Kreml örän gabanjaň ýaran hökmünde, tankydy ýagdaýa düşen proýekte ýaramaz reaksiýa bildirip biler.
Ýadro syýasaty boýunça ekspert Togžan Kasenowa Moskwanyň Ukrainadaky hereketleri “Rosatomyň” ýadro energiýasynyň gurluşygyna gatnaşmagy baradaky islendik çaklamanyň amala aşyrylmaly däldigini aňladýar diýip, Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.
"Ýaragly güýçleri başga bir garaşsyz döwletiň ýadro desgalaryny bikanun basyp alýan hem-de görlüp-eşidilmedik ýadro howplaryny döredýän ýurt ýadro senagatynda ygtybarly hyzmatdaş hasaplanyp bilinmez" diýip, Karnegi Gaznasynyň Ýadro syýasaty programmasynyň ylmy işgäri Kasenowa aýdýar.
"Daşary ýurtlardan satyn alyjylaryna çäkli mümkinçilikleri bolan, sanksiýa astynda galan ýurduň ýadro elektrik stansiýasyny gurmaga ýagdaýy ýetmez" diýip, ol sözüne gowdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.