"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?

Bäşinji bütindünýä Çarwadarlar oýunlary. Gazagystanyň milli ýygyndysy ABŞ-nyň milli ýygyndysyna garşy kokpar (owlak) oýnaýar. Astana, 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabry

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde 8-13-nji sentýabr aralygynda, Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary geçirildi. 90-a golaý ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çarwa medeniýetiniň baýramy Gyrgyzystandan gelip çykdy. Bu baýramçylyk "uly serişdesiz az sanly ýurduň global bir zady edip bilýändigini" subut etdi.

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen oýunlara dünýäniň 89 ýurdundan, 2500 töweregi türgen gatnaşdy. TDH oýunlara Türkmenistandan 29 türgen we 6 tälimçiniň gatnaşandygyny habar berdi.

Aslynda 2014-nji ýylda, şeýle hem 2016-njy we 2018-nji ýyllardaky ilkinji Oýunlar goňşy Gyrgyzystanda geçirilipdi.

Gyrgyzystandaky Yssyk-Kölde geçirilen Çarwadarlaryň oýunlary, 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabry. Suratda Türkiýeden Janset Genel at üstünden ýaý atmak bäsleşigine gatnaşýar.

2016-njy ýylyň tomsunda bilim hünärmeni bolan Bermet Tursunkulowa Merkezi Aziýada meşhur kirişli saz guraly bolan komuz çalyp biljek müň sany ussady toplamak tabşyrylypdy. Özem mümkin boldugyndan, bu işiň çaltlaşdyrylmagy talap edildi.

«Nädip müň komuzçy sazandany tapyp, hemmesini bir ýerde ýygnamaly? Ilkibaşda komuzda 1000 sany sazandany tapmak pikirini kimiň öňe süreni ýadymda däl. Ýöne iýun aýyna çenli köp iş edilmändi – diýip, Tursunkulowa gürrüň berýär. — Men bir işdeşim Gülnara Aýtbaýewa bilen habarlaşdym. Ol däp-dessurlary gorap saklamak bilen meşgullanýar. Biz alyp baryjy tapyp, ýurduň çetki sebitlerinde ýerleşýän mekdepleri çagyryp başladyk. Sebäbi sazandalaryň Gyrgyzystanyň ähli künjeklerine wekilçilik etmegi örän wajypdy».

«Sazandalary tapmak – bir alada. Olary getirmek, iýmek-içmek bilen üpjün etmek, ýörite egin-eşik geýdirmek ýene bir goşmaça alada.

Bu ýerde bize Gyrgyzystanyň hökümetiniň hyzmatdaşlary, hususan-da, Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk we Utgaşdyryjy agentligi ýardam işlerini berdiler» diýip, Bermet Tursunkulowa ýatlaýar.

Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň meýletinçisi, Astana, 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabry

2016-njy ýylyň 3-nji sentýabryna çenli ähli zat taýýar edildi. Ikinji dünýä Çarwadarlar oýunlary Gyrgyzystanyň gündogaryndaky Yssyk-Köl sebitinde, müňlerçe komuzçynyň saz çalmagy bilen açyldy. Şol wagtda tomaşaçylaryň köpüsi ansamblyň hiç haçan kollektiw hökmünde türgenleşmändigine-de şübhelenmediler.

Gyrgyzystanly janköýer milli baýdagy bilen, Astana, 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabry

HIÇ ZADY OÝLAP TAPMAGYŇ GEREGI ÝOK

Gyrgyzystanyň sport ýaryşlarynyň koordinatory we syýahatçylyk boýunça hünärmen Ashat Akibaýew köplenç Çarwalar oýunlarynyň oýlap tapyjysy diýip atlandyrylýar. Emma onuň özi bu aýdylýany adalatly hasaplamaýar.

«Oýunlaryň oýlap tapyjylary biziň ata-babalarymyzdyr, ähli göçme halklaryň ata-babalarydyr. Bu oýunlaryň ählisi eýýäm ol ýa-da beýleki bir görnüşde bar» diýip, şu ýyl Gazagystanda geçirilen Oýunlaryň guramaçylaryna kömek eden Akibaýew aýdýar.

Ýaryşyň programmasy göreşiň dürli görnüşlerini, güýç synanyşmak bäsleşikleri we başgalary öz içine alýar. At üstünden ok-ýaý atmak ussatlygy gadymdan beri meşhurdyr.

Ýakutlaryň milli sporty – taýak tartyşma bäsleşigi, Astana, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry

Käbir fiziki taýdan artykmaç güýç ulanylmaýan ýaryşlar hem az däl. Meselem, aşyk atdy we Afrikanyň günorta-gündogarynda hem Ýakyn Gündogarda meşhur bolan gadymy stol üstündäki oýnalýan "mangala" ýaly bäsleşikler bar.

Ýöne saýtlaryň biriniň teswirinde aýdylyşy ýaly, "damagy çalnan owlak oýny” – gazakça kokpar diýlip atlandyrylýan bäsleşik bolmazdan, Çarwadar oýunlaryny geçirmek mümkin däl. Halkara tomaşaçylaryna hödürlenýän häzirki görnüşinde, däp bolan owlak läşiniň deregine emeli model ulanylsa-da, öz şowhun-täsirini ýitirmeýär.

2014-nji ýylda ilkinji Çarwa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda, Ashat Akibaýew käbir umytsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Däp bolan oýunlaryň syýahatçylary däl, eýsem ýerli ýaşaýjylary-da gyzyklandyrjakdygyna şübheler döredi. Gyrgyzystanyň çäkli infrastrukturasy we material-tehniki bazasynyň azdygy göz öňünde tutulyp, şeýle uly çäräni gurnamaga başlamak işleri-de şübhe döredipdi.

Şübhelenýänler esasan ýalňyşsalar-da, şeýle sorag dowam edýärdi: bir kiçijik ýurtda şeýle uly möçberli çäräni geçirmäge zerurlyk barmy?

Akibaýew ilkinji üç Oýunlarda syýahatçylyk barada berilýän maglumatlary agzap geçdi. 2012-nji ýylda birnäçe ösen ýurtlaryň raýatlaryna wiza düzgüniniň ýatyrylmagy sebäpli Gyrgyzystanda Oýunlara gatnaşyjylaryň sany artdy.

«Aýdaly, biz bu Oýunlaryň ählisine 10 million dollar sarp etdik. Eger-de ilkinji Oýunlaryň öňüsyrasynda Gyrgyzystana iki milliondan sähelçe köp syýahatçy gelen bolsa, onda 2019-njy ýylda, soňky Oýunlardan soň, alty milliondan gowrak adam syýahata geldi – diýip, Akibaýew aýtdy. – Şeýle-de, biz kiçi ýurduň bütin dünýäde bir zady edip bilýändigini özümize hem bütin dünýä subut etdik».

At üstündäki polisiýa işgäri ýaryşyň territoriýasynda gözegçilik edýär. Astana, 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabry

ULY AK ÖÝDÄKI BAÝRAMÇYLYK

Gyrgyzystanyň baý goňşusy Gazagystan hem Oýunlary geçirmegiň mümkindigi baradaky soraglar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Oýunlaryň dördünjisi Türkiýäniň Iznik şäherinde geçirildi. Indi ol ýene 2026-njy ýylda Gyrgyzystana gaýdyp geler.

Maglumata görä, häzirki geçirilen oýunlaryň býujeti 12 million dollara golaý bolupdyr.

Muňa garamazdan, 8-nji sentýabrda dünýäde tanalýan meşhur gazak aýdymçysy Dimaş Kudaýbergeniň çykyşy bilen bezelen şowhunly açylyş dabarasy munuň üçin çykarylan çykdajylara gynanmaly däl diýen täsiri döretdi. Açylyş dabarasynda sinhronlaşdyrylan tanslar, kuwwatly yşyklar hem dartgynly aýdym-sazlar bilen gazak halkynyň bütin taryhy beýan edildi.

Türkiýeli türgen milli gazak oýny asyk atdy oýnaýar. Astana, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry

«Meniň hünärim artistlik. Horeograflarymyza we ony ýerine ýetirijilerimize örän buýsanýaryn – diýip, etniki obajyklaryň arasynda, däp bolan milli senetkärlik we naharlar satylýan ýerde aýlanyp ýören ýaş zenan Aziza Žorobek aýdýar. – Bu ýerde daşary ýurtly adamlara kömek etmek üçin, meýletin gulluk edýän ýaşlaryň bardygyna hem begenýärin, sebäbi biziň halkymyz iňlis dilinde gowy gürläp bilmeýär. Gazagystanyň şeýle uly möçberdäki we derejedäki çäräni gurnamagy başarandygyna-da guwanýaryn».

Bütindünýä Çarwadarlyk oýunlary ilkinji gezek Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alan we gündogar Ukrainadaky harby agressiýasynyň başlanan ýylynda geçirildi we ol moskwalylar bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlygyň güýçlenýän döwrüne gabat geldi.

Şol gezekde Ukraina Çarwadarlaryň oýunlaryna öz türgenlerini iberipdi, emma bu gezek oňa gatnaşmady.

Özbek milli göreşi, Astana, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry

Ýöne 2022-nji ýyldan bäri Çarwa oýunlary türgenleriň milli baýdaklary astynda bäsleşýän birnäçe sport ýaryşlarynyň birine öwrülenden soň, oňa rus we amerikan türgenleri hem öz milli baýdaklarynyň astynda gatnaşýarlar.

Asyl käri diplomat bolan Gazagystanyň prezidenti Tokaýew açylyş dabarasynda eden çykyşynda, sportuň "hormat we agzybirlik" nyşany hökmündäki ähmiýetini nygtady. Prezident gazak dilinde çykyş etdi. Bu ýerde beýleki diller bilen birlikde, iňlis dili hem Astana Oýunlarynyň dili boldy.

«Gazagystan parahatçylygyň we parahatçylykly bilelikde ýaşamagyň ýurdy hökmünde dünýä bellidir – diýip, Tokaýew belledi. – [Bütindünýä Çarwadarlyk oýunlarynyň] halkara raýdaşlygyň berkidilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn».

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.