Çärjewiň 29-njy orta mekdebinde ýangyn döredi

Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Lebap welaýatynyň Farap sebitinde tüsse asmana göterilýär. 20-nji awgust. 2022.

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 29-njy orta mekdebinde 18-nji iýunda günortan ýangyn hadysasy ýüze çykdy. Deslapky habarlar mekdebiň köne elektrik geçirijisinde emele gelen gysga utgaşmanyň ýangynyň döremegine getirendigine yşarat edýär. Adam ýitgileri ýa-da şikeslenmeler barada bada-bat habar berilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýangyn hadysasynyň günortan sagat 13:00 töwereginde ýüze çykandygyny habar berýär. Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri dörän ýangyny söndürmäge wagtynda ýetişip bilmedi.

Ýerli ýaşaýjylar wakanyň bolan ýerine Saýat etrabynyň ýangyn söndürijileriniň gelendigini aýdýar.

“Çärjew etraby uly bir etrap, ýöne ýangyny söndürmek üçin, Saýat etrabynyň ýangyn söndürijileri geldi. Olar gelýänçä mekdep doly ýanyp gutardy” diýip, wakanyň şaýady Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Degişli maglumat Kakanyň galla meýdanynda dörän ýangyn onlarça gektar ýerde ýetişen bugdaý hasylyny ýok etdi

Ýangynyň sebäpleri barada jikme-jik maglumat berilmeýär, ýöne ýerli ýaşaýjylar mekdebiň elektrik geçirijisinde emele gelen gysga utgaşmalara yşarat edýärler.

“Şol gün howa gaty yssy boldy, şemal hem öwsüp durdy, ýüze çykan ýangyn tiz möwç aldy” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Adam ýitgileri we şikeslenmeler barada bada-bat habar berilmedi. Azatlyk Radiosy ýangyn hadysasy boýunça içeri işler edaralaryndan teswir alyp bilmeýär.

Wakanyň bolan gününde, 18-nji iýunda Türkmenistanda Gurban baýramynyň üçünji güni bellenilýärdi. Baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda we guramalarda iş güni däl diýlip yglan edildi. Galyberse-de, ýurduň orta mekdeplerinde şu günler tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Mekdeplerdäki jemleýji döwlet synaglary hem 15-nji iýunda tamamlandy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda elektron neşirler Çärjew etrabynda ýüze çykan ýangyn hadysasy barada habar bermedi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 6-njy iýunda geçirilen soňky mejlisi, beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen bir hatarda, ýurduň çäginde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegine ünsi çekdi.

Bu mejlisde Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan käýinç yglan edildi.

Howpsuzlyk mejlisiniň öňüsyrasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2-nji iýunda Daşoguz şäherinde ýerleşýän ösümlik ýag zawodynda hem ýangyn hadysasynyň ýüze çykandygyny habar berdiler. Bu wakada adam ýitgileri bolmady, ýöne ýangynyň ýüze çykan sebitinde agyz zeper ýetmeler hasaba alyndy.

Biraz öň, Azatlygyň habarçylary Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kürengala daýhan birleşiginde onlarça gektar bugdaý meýdanynda dörän ýangynyň agyr maddy zyýana getirendigini habar berdiler.

Degişli maglumat Daşogzuň ýag zawodynda ýangyn döredi

Mundan ozal, 2024-nji ýyla geçip, ýanwar aýynyň ortalarynda Aşgabatdaky “Owadan” hyzmat merkeziniň binasynda, şeýle-de Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesiniň 1-nji orta mekdebinde ýangyn hadysalary ýüze çykdy.

Hyzmat merkezinde gije ýüze çykan ýangynda bir toý salony weýran boldy, ýöne adam ýitgileri bolmady. Hazar şäherçesinde bolan hadysada birnäçe okuwçy şikeslendi.

Noýabr aýynda Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda hem ýangyn döredi. Bir dükanda “elektrik enjamyndan geleňsiz peýdalanylmagy” bilen bagly ýüze çykan ýangynda adam pidalary bolmady.

Bu wakanyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap welaýatynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegine degişli esewan işleriniň pugtalandyrylandygyny habar berdiler.

Has ozal, sentýabr aýynda hem Daşoguz şäheriniň Tiz kömek merkezinde hem ýangyn hadysasy ýüze çykdy.

Döwlet media serişdeleri ýurduň çäginde ýüze çykýan adatdan daşary hadysalar, şol sanda ýurduň dürli sebitlerinde ýüze çykýan ýangyn wakalary barada habar bermeýär.

Welaýatlarda hereket edýän ýerli neşirler hem şeýle hadysalary agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.