Býujet işgärleriniň zähmet rugsadyny öňümizdäki aýlara geçirmek baradaky haýyşy 'kanagatlandyrylmaýar'

Turkmenistan. weekly photos 37th week. women are writing formal letter and sitting on bank

Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynda işgärleri köpçülikleýin zähmet rugsadyna ibermek dowam edýän mahaly, býujetçiler mejbury talaplaryň ýene biri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary iýul we awgust aýlaryndaky zähmet dynç alyşlaryny öňümizdäki aýlara geçirmek isleýän işgärleriň haýyşlaryny kanagatlandyrmaýarlar. Ýolbaşçylar munuň sebäbini sentýabr aýynda pagta ýygymy möwsüminiň başlanýandygy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 26-njy iýulda sebitden maglumat berdi.

Býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, edara-kärhanalarda işgärleri zähmet rugsadyna ibermek baradaky plan ýanwar aýynda işlenip düzülýär we ýörite grafika taýýarlanylýar.

Degişli maglumat Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýärler, hakyna adam tutmaga mejbur edilýärler

“Grafikada her bir işgäriň zähmet rugsadyna çykmaly aýy kesgitlenilýär. Işgärleriň aglabasyndan iýul we awgust aýlarynda zähmet rugsadyna çykmak we grafika gol goýmak mejbury talap edilýär. Ýöne häzir zähmet dynç alyşlaryny öňümizdäki aýlara geçirmek isleýän işgärleriň bu haýyşlary kanagatlandyrylmaýar” diýip, lebaply saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary haýyşlaryň kanagatlandyrylmazlygynyň sebäbini sentýabr aýynda başlajak pagta ýygymy möwsümi bilen düşündirýärler.

“Ýolbaşçylar sentýabrda, adatça bolşy ýaly, ähli işgärleriň köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşmalydygyny, şol sebäpli işgärleriň aglabasynyň iýul we awgust aýlarynda zähmet dynç alşyna çykmalydygyny aýdýarlar. Olar bu talaby berjaý etmedik işgärleriň ýyllyk zähmet rugsadynyň köýjekdigini hem duýdurýarlar” diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy iýulda eden dowamly synanyşyklary oňyn netije tapmady.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 89-njy maddasyna görä, işgär şu aşakdaky ýagdaýlarda her ýylky esasy rugsady başga wagta geçirmek ýa-da uzaltmak hukugyna eýedir:

Degişli maglumat Maryly býujet işgärlerinden gowaça ýekelemek işleri üçin pul toplanýar
  • wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan mahalynda;
  • göwreliligi ýa-da çaga dograndygy boýunça rugsat berlende;
  • her ýylky esasy rugsat okuw rugsady bilen, nika baglaşmak we jaýlama hem-de ýatlama däp-dessurlaryny amala aşyrmak üçin goşmaça rugsat bilen gabat gelende;

Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda ýyllarboýy mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Ýurtda pagta ýygymyna resmi derejede sentýabr aýynda girişilýär we bu möwsüm dekabryň ortalaryna çenli dowam edýär. Bu döwürde häkimiýetler býujet işgärlerini, käte esgerleri we mekdep okuwçylaryny köpçülikleýin pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edýärler. Käbir edaralaryň işgärlerinden bolsa, hakyna adam tutup, öz deregine pagta meýdanlaryna ibermek talap edilýär.

Türkmenistanda şu ýyl ýurt boýunça 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.