Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýärler, hakyna adam tutmaga mejbur edilýärler

Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Balkan welaýatynyň dürli sebitlerinde býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýärler, ýa-da maddy goşant goşup, öz orunlaryna hakyna adam tutmaga mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji iýulda sebitden habar berdi.

Balkanabat şäherinde ýerleşýän welaýat hassahanasyndan, mekdeplerden we çagalar baglaryndan ýygnalan 330 töweregi býujet işgäri ýa-da edara-kärhanalar tarapyndan hakyna tutulan işçiler 22-23-nji iýul günleri Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynyň gowaça meýdanlaryna çürtüm işlerine iberildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy hepdäniň ahyrynda 24-nji iýul, duşenbe güni hem ýene 100-den gowrak adamy gowaça meýdanlaryna ibermegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Degişli maglumat Gowaça meýdanlarynda ýekeleme işlerine badalga berildi, ideg işleri agyr zähmet talap edýär

Bereket etrabynda birnäçe sebit ýaşaýjysy suw ýetmezçiligi sebäpli boý alyp bilmedik gowaçalaryň ideg işlerine býujet işgärleriniň, şeýle-de tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýän orta hünär mekdepleriniň talyplarynyň mejbury ýagdaýda maddy goşant goşmaga, çürtüm üçin hakyna işçi tutmaga mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.

“Býujet işgärlerinden we tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýän orta hünär mekdepleriniň talyplaryndan gowaçanyň çürtüm işlerine mejbury pul bermek talap edilýär. Olardan öz orunlaryna Bereket etrabyndaky gowaça meýdanlaryna hakyna adam tutmaklyk talap edilýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar oba hojalyk işlerine çekilýän býujet işgärleriniň esasan sebitde telekeçilere, hususy daýhan hojalyklara geçirilen gowaça meýdanlarynyň ideg işlerine iberilýändiklerini aýdýarlar.

Balkan sebitiniň welaýat häkimliginiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde edara-kärhanalaryň işgärleriniň “ýokardan berlen tabşyryk esasynda” oba hojalyk işlerine mejbury çekilýändiklerini gürrüň berdi.

“Telekeçilere geçirilen müňlerçe gektarlyk gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň wagtynda ýerine ýetirilmeýändigi sebäpli, welaýat häkimligi býujet işgärleriniň el güýjünden peýdalanylmagyny tabşyrdy” diýip, häkimlik resmisi aýdýar.

Azatlyk Radiosy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, häkimlik işgäriniň at-familiýasyny agzamakdan saklanýar.

Bu aralykda, şu günler Türkmenistanda yssy howa dowam edýär. Bereket etrabynda howanyň temperaturasy 43 gradusdan aşýar.

“Açyk meýdanda işlejek adam tapmak kyn” diýip, häkimlik resmisi aýtdy.

Gowaçanyň çürtüm işlerine gatnaşmakdan ýa-da öz ornuna hakyna adam tutmakdan boýun gaçyrýan býujet işgärleri işini ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Mejbury talaplardan ýüz öwürýän adamlar işden kowulmak haýbatlaryna duçar bolýarlar.

Degişli maglumat Maryly býujet işgärlerinden gowaça ýekelemek işleri üçin pul toplanýar

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan býujet işgärleri ozallar özleriniň köplenç diňe pagta ýygymyna mejbury çekilendiklerini, ýöne soňky wagtlarda gowaçanyň ideg işlerine-de çekilip başlanandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan häkimlik hünärmeni bu ýagdaýy döwlet eýeçiligindäki ekerançylyk meýdanlarynyň “telekeçilere berilmegi” bilen ilteşdirýär.

“Şu ýyl köp sanly kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alnyp, telekeçilere berilmegi ýerleriň eýesiz taşlanmagyna barabar boldy. Gowaçanyň ekişi, ýekelemesi, otag işleri, suw tutmak işleri, galyberse-de, çürtüm işlerine çenli býujet işgärleriniň boýnuna ýüklenýär” diýip, häkimlik resmisi gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti pagtaçylyk pudagynda ýyllarboýy mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.

Galyberse-de, Balkan welaýatynda býujet işgärleriniň gowaçanyň çürtüm işlerine çekilmegi 21-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda türkmen prezidentiniň oba hojalyk işleri bilen bagly gaýtalaýan talaplaryny ýene bir gezek beýan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýulda geçiren hökümet mejlisinde oba hojalyk işleri boýunça hökümet başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, beýleki käbir oba hojalyk işleri bilen bir hatarda ýurduň “gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilişini” gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.