Büzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylaryna Arkadagdan jaý hödürlenýär

Aşgabadyň çetinde gurlan täze ýaşaýyş jaýlar. (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň çetindäki Büzmeýinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulyp başlandy. Ýaşaýjylara birnäçe aý öňünden duýduryş edilende, ýykylan öýleriň deregine täze jaý beriljegi aýdylypdy. Indi öýleri ýykylýan ýaşaýjylar özlerine teklip edilýän täze jaýlary bahasynyň aratapawudyny töläp, Arkadagdan satyn almaly boljagyny bilip galypdyr. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ýagdaýyň käbir jikme-jiklerini anyklady.

Önünden duýdurylyşy ýaly Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 48 ýyl mundan öň gurlan jaýlary ýykyp başladylar. Ýaşaýjylara goşlaryny göçürmäge bir hepde wagt berlipdir.

"Öýüniň ýykyljagy barada habarnama gowşurylan hojalyklara jaýynyň gapylaryny, penjirelerini, üçeginiň tagtalaryny we satyp boljak beýleki gurluşyk materiallaryny özbaşdak sökmäge we zatlaryny göçürmäge bir hepde möhlet berilýär. Emma bu işleri wagtynda edip bilmedik hojalyklaryň jaýlaryny buldozer we ekskawator ýykyp, guma garyp goýberýär" - diýip, habarçy gürrüň berýär.

Degişli maglumat Änewde onlarça jaý eýesine öýüniň ýykyljakdygy barada habarnama gowşuryldy

Bu jaýlaryň ýykyljagy barada ýaşaýjylara duýduryşyň berlendigi barada habarçylar aýyň başynda mälim edipdi. Häkimiýetler Büzmeýinde onlarça ýyl mundan öň gurlan birnäçe jaýyň ýaşaýjylaryna ýykyljak öýlerine derek täze guruljak jaýlardan öý beriljegini wada berlipdi.

Häzir bolsa, ýykylan jaýlaryň öwezine hojalyklara Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Arkadag şäherinden jaý satyn almak teklip edilipdir.

"Artykmaç inedördül metri üçin goşmaça tölegi ipoteka esasynda berjaý etmek teklip edilýär. Hojalyklaryň köpüsi 'ýamandan boýnuňy satyn al' diýlen jümleden ugur alyp, bir ýerden öý berilse razy bolmaly bolýarlar. Sebäbi adamlar köçede galmakdan howatyr edýärler. Emma Aşgabat şäheriniň ýazgysynda duran ilatyň welaýat ýazgysynda boljagyna nägile bolýanlar hem bar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Häkimiýetler jaýlaryň ýykylmagynyň sebäplerini ýaşaýjylara döwlet derejesinde kabul edilen karar bilen düşündirýärler.

Mundan öň Büzmeýinde köpçülikleýin jaý ýykyşlygy geçen ýylyň güýzünde bolupdy. Şonda Büzmeýin etrabynyň Bagyr we Gökje ýaşaýyş ýerlerinde ençeme jaýyň ýaşaýjylary gyssagly göçmäge mejbur bolupdy. Paýtagtyň şäher planlaşdyryş gurluşlarynyň birnäçe wekili bilen söhbetdeş bolan habarçymyz ýykylýan jaýlaryň ýerleşýän ýeriniň uzak wagtlap ýerinden gozganman duran Aşgabat-siti proýekti üçin göz öňünde tutulýan täze giňişligiň çägine girýändigini oktýabrda habar beripdi.

Türkmen häkimiýetlerinden bu planlar barada hiç hili resmi maglumat bolmady.

Soňky hepdelerde ýaşaýyş jaýlaryň ýumrulmagy Aşgabadyň birnäçe ýerine alnyp barylýar. Bir hepde mundan ozal Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde onlarça hojalyk jaýynyň ýykyljakdygy barada öý eýelerine resmi habarnama gowşuryldy.

Apreliň ortalarynda paýtagtyň merkezi böleginden geçýän Magtymguly köçesiniň günorta tarapynda ýerleşýän Türkmen-türk täjirçilik bankynyň ileri tarapyndaky iki gatly ýaşaýyş jaýlar we howluly jaýlaryň birnäçesi ýumruldy. Olaryň köpüsi 1948-njy ýylyň ýer titremesinden soň gurlan öýlerdi. Şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryň birnäçesi köne aeroporta ýanaşyk giňişlikde ýykyldy. Olar hem iki gatly köne binalardy. Ýaşap oturan jaýlarynyň birden gyssagly ýumrulyp, başlanmagy ýaşaýjylary alada goýdy, olara ýykyljak öýlerine derek täze jaý teklip-edilip edilmejegi aýdylmandyr.

Degişli maglumat Çeşmeler: Bagyrda, Gökjede jaý ýykyp Aşgabat-sitini gurmak planlaşdyrylýar

Aşgabatda täze gurluşyklaryň başlanmagy we ýaşaýyş jaýlaryň ýykylmagy adaty ýagdaýa öwrüldi. Onlarça ýylyň dowamynda paýtagtda müňlerçe ýaşaýyş jaý ýykyldy, maşgalalaryň ençemesi göçmäge mejbur boldy, käbirleri hatda öýsüz galdy.

Soňky ýyllarda paýtagtda we onuň ýakyn töwereginde, şol sanda Büzmeýinde ýaşaýyş jaýlaryň ençemesi guruldy. Emma ýykylan öýleriniň öwezine jaý teklip edilen ýaşaýjylar hem dürli kynçylyklara duçar bolupdy.

Käbirler merkeziden has daş ýerlere göçürilip, paýtagtyň merkezindäki amatlyklardan mahrum bolan bolsa, teklip edilen jaýlaryň bahasynyň gymmatlygy sebäpli, öz köne jaýlarynyň bahasy bilen arasyndaky tapawudy töläp bimän öýsüz galanlar hem bolupdy.

2022-nji ýylda Aşgabadyň merkezinde Teke bazaryň golaýynda ýerleşen ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryna Büzmeýinden jaý teklip edilipdi.

Ozal Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşip, 2018-nji ýylda Aşgabada birikdirilen Büzmeýin etraby paýtagtyň merkezinden 15-20 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Degişli maglumat Arkadagda jaý edinenler wada berlen öý goşlaryň ýoklugyndan häkimiýete şikaýat etdiler

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.