Bütin dünýädäki musulmanlar Gurban baýramyny belleýärler

Täjigistanyň Owganystanyň serhedine golaýdaky Farhor obasynda günüň dogşy. Ýurduň din wekilleri Gurban baýramynyň hormatyna geçiriljek namazyň 16-njy iýunda, ir sagat 6-da başlanjakdygyny habar berdiler.

Gurban baýramyna ýa-da Eid al-Adha, köplenç gurbanlyk hem diýilýär. Ol Ybraýym pygamberiň (ýewreý we hristian dinlerinde Awraam) öz ogly Ysmaýyly Hudaýa wepalylygyň alamaty hökmünde gurban etmäge taýynlamagynyň hatyrasyna geçirilýär.

Täjigistanyň Hojant şäherindäki Merkezi metjitde baýramçylyk namazy. Musulmanlar eden işleri barada oýlanmak, günäleriniň geçilmegini, ýalkaw dilemek hem-de Alla öz şükürlerini bildirmek üçin, baýram namazyna ýygnanýarlar.

Yslamdaky ynanja görä, Ybraýym pygamber ogluny gurban etmekçi bolanda, Alla tagala oňa gurbanlyk üçin goç iberipdir.
 

Moskwanyň Ýeňiş seýilgähindäki Hatyra metjidiniň ýanynda, irden namaza ýygnanan musulmanlar, ol ýer ýangyç bekediniň golaýynda ýerleşýär.

Eid al-Adha Ybraýym pygamberiň Haka wepadarlygynyň we iman berkliginiň alamaty hökmünde bellenýär.
 

Orsýetiň polisiýasy Moskwanyň Juma metjidine namaza gelenlere gözegçilik edýär.

Bütin dünýädäki musulmanlar däp boýunça goýun, geçi, sygyr ýa-da düýe ýaly mallary gurban edýärler. Bu Ybraýym pygamberiň beren gurbanlygynyň alamatydyr.

Priştinanyň Ýokary metjidindäki baýramçylyk namazyna gatnaşýan imanlylar.

Gurbanlyk edilýän et adatça üç bölege bölünýär: onuň üçden biri maşgala galýar, üçden biri dogan-garyndaşlara we ýakynlara berilýär, üçden biri mätäçleriň arasynda paýlanylýar.

Kosowodaky Ýokary metjitde doga okaýan musulman


 

Bişkekde aşa köp adamly metjit

Ertirki namaz Russiýanyň Tatarystan Respublikasynyň Gazan şäherindäki Merjeni metjidiniň daşynda geçirildi. Ol Gazan şäherindäki Sowet döwründe ýapylmakdan halas bolan ýeke-täk metjit bolup, gadymdan bäri işleýär.

Tatarystanyň Nižnekamsk etrabynyň Kolmakça obasynda adamlar köçede namaz okadylar. Sebäbi olaryň metjidinde (arka tarapdan görünýär) bejeriş işleri alnyp barylýar.
 

Saraýewodaky Hüsrew beg Gazy metjidiniň içine gün şöhlesi düşýär.
 

Hüsrew beg Gazy metjidinde bosniýaly oglanjyk baýramçylyk namazynda
 

Howpsuzlyk gullugy Herat şäherindäki Jami metjidine namaza gelenleri barlaýarlar, Owganystan, 17-nji iýun.

Täze Aýyň dogluşy we şol ýerli astronomik gözegçilik esasynda, baýramçylyk günleri ýurtlar boýunça dürli bolup bilýär.
 

Pakistanyň Lahor şäherindäki Badşahi metjidiniň alnynda, namazdan soň aýallar özlerini surata düşürýär.

Gurban baýramy yslam senenamasynda iň uly baýramlaryň biri bolup, her ýylda Saud Arabystanynda geçirilýän haj zyýaratynyň soňlaýjy däplerine gabat gelýär.

Musulmanlaryň millionlarçasy yslam dininiň iň möhüm baýramlaryndan biri bolan Gurban – Eid al-Adha baýramyny belleýär. Bu her ýylda Saud Arabystanynda geçýän Haj zyýaratynyň soňky däpleri bilen utgaşýar.