Kreml "Talybany" terrorçylaryň sanawyndan çykaryp, Owganystandan zähmet migrantlaryny kabul etmäge taýýarmy? Orsýetiň Adalat ministrligi we Daşary işler ministrligi häzirki wagtda Owganystana gözegçilik edýän "Talyban" yslam toparyny terrorçylyk guramalarynyň sanawyndan çykarmagy talap edýärler. Häkimiýetler hatda "Talybana" Russiýanyň zähmet bazaryna girmäge rugsat bermekçi bolýarlar.
"Talyban" Russiýada 2003-nji ýyldan bäri terror guramasy hökmünde ykrar edilýär. Emma munuň özi Kremliň jeňçileri iň ýokary derejede kabul etmegine päsgel bermeýär. Gepleşikleriň nobatdaky tapgyry Sankt-Peterburgda bolan halkara ykdysady forumynda geçirildi. FSB-niň saýtyndaky terror guramalarynyň sanawynda, "Talyban" topary “Al-Kaýda”, “Yslam döwleti”, şeýle-de “Kolumbiýa” toplumy we Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň tarapynda söweşýän “Orsýetiň Azatlyk Legiony” bilen ýanaşykda durýar. 2024-nji ýylyň maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Adalat ministrligi bilen Daşary işler ministrligi Putine "Talybany" terror guramalarynyň toparyndaky sanawyndan çykarmak baradaky teklibi bilen ýüzlendi. “Olar özleriniň territoriýasyndaky ýurda gözegçilik edýän adamlar. Häzirki wagtda bolsa olar Owganystanda häkimiýetde, bize bolup duran zatdan ugur alyp, şoňa görä-de, gatnaşyklary guramagymyz gerek” diýip, Putin beýanat berdi.
Onuň bu aýdanlaryna Orsýetiň sebitleriniň wekilleri çalt täsir bildirdiler, iň bolmanda bu barada "Talybanyň" özi aýdýar. "Çeçenistan we Tatarstan, şeýle hem beýleki respublikalar [Russiýa Federasiýasynyň bir bölegi hökmünde] Owganystandan [zähmet migrantlarynyň] işe ýerleşdirilmeginiň mümkinçiliklerini amala aşyrmagy teklip etdiler, aýratyn-da, oba hojalyk pudagynda" diýip, Owganystanyň "Talyban" hereketi tarapyndan döredilen wagtlaýyn hökümetinde zähmet we sosial gatnaşyklar ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Abdul Umari aýtdy.
Şeýlelikde, Kremliň "Talybana" öz ähmiýetini artdyrmak serpaýyny berendigi baradaky pikiri döreýär. Gündogary öwreniji Ruslan Süleýmanow hakykatda munuň diňe beýanat bolup durýandygyny belleýär: "Biz Çeçenistanyň we Tatarstanyň wekilleriniň Owganystana barýandygyny, "Talyban" tarapyndan döredilen wagtlaýyn hökümetiň resmileri bilen duşuşýandygyny bilýäris. Biz “Talybanyň” Orsýete gelýändigini-de, Çeçenistanyň we Tatarystanyň wekilleri bilen aýratynlykda duşuşýandyklaryny-da bilýäris. Olaryň aýratyn mähirli gatnaşyklary bar. Hususan-da, Owganystanda tatar jemagatynyň bardygy bellidir. Duşuşyklaryň birinde "Talyban" tatar azlygyna aladaly garajakdygyna söz berdi, emma bularyň bary diňe wada derejesinde" diýip, ol aýdýar.
Russiýanyň ýokary wezipeli resmilerinden, meselem, ozalky Goranmak ministri Sergeý Şoýgu 2023-nji ýylyň baharynda, Owganystandaky barlyşyksyz toparlar tarapyndan döredilýän howpy yglan etdi. Gazanda "Talyban" muňa jogap berip, özleriniň "howpsuzlygy pugtalandyrmak syýasatyny" alyp barýandyklaryny we bu ugurda Russiýa bilen dialog geçirmäge taýýardyklaryny aýtdy.
"Öňki goranmak ministri "Talybany" aç-açan tankyt etdi. Ol Owganystanyň territoriýasyndan, terror howpunyň döreýändigini aýtdy. Näme üçin häzir janyňy howp astyna salmaly? Bu beýanat "Talybana" tizden terrorçylaryň sanawyndan aýryljakdygyna, hatda wagtlaýyn hökümetiň ykrar ediljekdigine umyt berýän owadan hereket ýaly bolup göründi. Emma häzirlikçe bu sözleriň aňyrsynda hiç zat ýok. Meniň pikirimçe, häzir rus döwleti ol migrantlar bilen işleşmäge taýýar däl. Sebäbi bu uly wagty talap edýär hem howply. “Krokus Сiti Hollda” bolan terrorçylykly hüjümden soň mälim bolşy ýaly, hakykatdan-da, Owganystandan terror howpunyň ýüze çykýandygy düşnükli boldy" diýip, Ruslan Süleýmanow aýdýar.
Orsýetde migrantlara, şol sanda zähmet migrantlaryna gözegçilik etmek 140-dan gowrak adamyň heläkçiligine getiren “Krokus Сiti Hollda” bolan terrorçylykly hüjümden soň berkedi. Moskwa hüjüme sebäpkär diýip, resmi taýdan Ukrainany günäkärlese-de, "Yslam döwleti" toparynyň Owganystandaky öýjügi bolan "Wilaýat Horasan" toparynyň hereketiniň halkara giňişligini eýeleýändigini aýan edipdi.
Zähmet migrantlaryny çekmek barada aýdyp, Putin "gelýänler hiç hili problema döretmeli däldir" diýip, takyk belleýär. Şeýle hem "Talybanyň" özi Owganystanda haýsydyr bir terror öýjükleriniň bardygyny ret edýär. "Hürriýet" türk neşiri Türkiýäniň ýörite gulluklarynyň "Wilaýat Horasan" toparynyň Moskwada ikinji terrorçylykly hüjümiň öňüni almakda, rus häkimiýetlerine kömek edendigini habar berdi: aýdylmagyna görä, terrorçylar söwda merkezine hüjüme taýýarlanypdyrlar. Orsýetiň ýörite gulluklary bu maglumat barada häzirlikçe kommentariýa bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.