"Bu gün suwy alarsyňyz, ertir näme bolar?" Syrderýany we onuň boýundaky diriligi nädip halas etmeli?

Aral deňziniň demirgazyk bölegi. Gazagystan, Gyzylorda oblasty, 2024-nji ýylyň 3-nji iýuly

Ylymlaryň doktory, ekolog we suw serişdeleri boýunça hünärmen, ekosistemanyň çözgütleri boýunça EkoMind merkeziniň ýolbaşçysy Arman Ötepowyň pikirine görä, ekosistema çemeleşmek usuly bilen Syrderýany, şa baglylykda Aral deňzini halas edip bolar. Şeýle hem ol derýanyň ugrundaky gidrotehniki gurluşlaryň ählisini aýyrmak zerur diýip hasap edýär. Ol bu gurluşlary janly organizmdäki gan lagtalary bilen deňeşdirýär. Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Syrderýanyň we Aral deňziniň ekologiki ýagdaýy we Gazagystanyň suw resurslaryny häzirki wagtda tygşytlamagyň näme üçin zerurdygy barada pikir ýöredýär.

Merkezi Aziýanyň iň uly derýalarynyň biri bolan Syrderýa dört döwletiň – Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň içinden geçip, Aral deňzine guýýar. Azatlygyň Gazak gullugynyň žurnalisti we foto suratçysy Pýotr Trotsenko Syrderýanyň boýlarynda syýahatda bolup, derýanyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň boýunda ýaşaýan ýönekeý adamlaryň – balykçylaryň, söwdagärleriň, daýhanlaryň durmuşy barada gürrüň bermek isledi. Şeýle hem ol derýa howdanynyň problemalaryny öwrenýän we olary çözmegiň ýollaryny agtarýan hünärmenler bilen söhbetdeş boldy.

"SYRDERÝA ÖZ TEBIGY WEZIPELERINI BERJAÝ EDIP BILMEÝÄR"

Pýotr Trotsenko: Aral deňziniň demirgazyk böleginiň derejesi gönüden-göni Syrderýanyň suwuna baglydyr. Soňky ýyllarda derýanyň suwy azaldy, ýöne bu ýyl belli derejede kadaly ýagdaýa ýetdi. Bu nämä bagly?

Arman Ötepow: Aslynda Syrderýa öz tebigy wezipelerini berjaý edip bilmeýär. Bizde ol derýa suwy üpjün edýän gidrotehniki desgalar arkaly bökdelýär, suwuň derejesini ýokarlandyrmak, esasan, oba hojalygynyň zerurlyklary üçin gerek bolýar.

Daşky gurşawy goramak we suw serişdeleri boýunça hünärmen Arman Ötepow

Diňe Gyzylorda oblastynyň çäginde 90 müň gektardan gowrak şaly ekerançylygy bolup, ol meýdan ýyl-ýyldan artýar. Gazagystanyň çäginde, tutuş derýanyň boýunda, Aral deňzine çenli tebigy akymy Şardara suw howdanynyň režimi sebäpli bolýar. Ondan aşakda oba hojalyk zerurlyklary üçin gurlan Köksaraý garşydaş-regulýatory bar. Soňra Gyzylorda gidrokontroly we Aklak gidrotehniki kompleksi, aýakda bolsa Aral deňzi bar.

Şonda-da Kökaral bendini galdyrmagyň zerurdygy aýdylýar. Eger biz bendiň gurluşygyny giňeltsek, onda tebigy suw režimini dikeldip bilýäris: ähli emeli çäreler, ähli suw howdanlary, birmeňzeş Kamyşlybaş köl bilen utgaşýar. Olar diklener. Diňe bendi galdyrmak gerek.

Şol oba hojalyk ulgamlary suw serişdelerini az netijeli ulanýarlar, olar ähli suwuň 70 göterimini sarp edýärler, onuň ýarysy [infrastrukturanyň peýdasyzlygy sebäpli] ýöne ýere ýitirilýär.

Syrderýa Gyzylorda şäheriniň golaýynda. 2024-nji ýylyň 2-nji iýuly

Men Gazagystanyň suwuň ekosistemaly hyzmatlaryny täzelemegiň zerurdygyna ynanýaryn. Eger ol aradan aýrylsa, ähli zadyň soňuna çykyp biler. Suw aýlanyşygynyň bozulmagy howanyň ähli üýtgemeleriniň sebäbi bolup durýar. Ýadyňyzdamy, mekdepde tebigatdaky suw aýlanyşygy öwredilýärdi. Şol aýlanyşyk bozuldy, sebäbi ýer [gaty guramakdan] suwy siňdirmek ukybyny ýitirdi. Eger toprak suwy saklap bilse, ilki bilen, onuň hilini gowulandyrýar, ikinjiden bolsa, bioköpdürliligi dikeldýär.

Pýotr Trotsenko: Ýagny ol tebigy süzgüç hökmünde hyzmat edýär.

Arman Ötepow: Hawa, ol ähli kynçylyklary çözýän tebigy süzgüçdir. Tokaý örtügi dikeldilmeli – munda biotik nasosyň (sorgujyň) teoriýasy ýüze çykdy: gurak döwürde ösümlik bugartmagy artdyrýar, bulutlary emele getirýär we ýagyşy döredýär. Mangystauda mysal üçin, bulutlar emele gelýär, ýöne soňra ol deňziň üstünde ýagýar, aslynda bolsa bar zat başgaça bolmaly ahyryn. Munuň sebäbi topragyň nemi özüne siňdirmek, ýagny çygy sorup almak ukybyny ýitirmegindedir.

"KÖKARAL BENDINI GIŇELTMEK HEM GÜÝÇLENDIRMEK GEREK"

Pýotr Trotsenko: Kökaral bendiniň gurulmagy iş ýüzünde Aral deňziniň demirgazyk bölegini halas etdi, ol ýerde balyk köpeldi. Ýöne Aralyň balykçylary suwuň ýene-de azalyp başlandygyny aýdýarlar.

Arman Ötepow: Kökaral bendiniň gurluşygy 2005-nji ýylda tamamlandy. 2006-njy ýylda bolsa Aral deňziniň demirgazyk böleginde suwuň derejesi we suwdaky duzuň çägi deňleşip, balygyň mukdarynyň gözümiziň alnynda artyp başlamagyna sebäp boldy. Şeýle batyrgaý çaklamany bize hiç kim bermändi. Owaly bilen balygyň işbil tlaýan ýerleri dikeldildi, bu bolsa balygyň köpelmegine şert döretdi. Näme diýseňizem, adamlaryň balyklary emeli usulda köpeltmek üçin edýän ähli tagallasy çöldäki çägäniň bir dänesi bolup durýar.

Pýotr Trotsenko: Elbetde, Aral deňzindäki balyklaryň kynçylyklary köp. Mysal üçin, Kökaral bendini alsak, ol bir bölek suwy saklady, deňziň günorta böleginde balyklar duzuň ýokary konsentrasiýasy sebäpli gyryldylar.

Arman Ötepow: Hawa, ýagdaý elhenç, balyklar hakykatdanam ölýär. Aslynda, ol ýerde suw ýok, diňe batgalyk bar. Men ol ýere ençeme gezek bardym. Biz balyklary tor gurup ýa-da az täsirli toguň kömegi bilen saklap, meseläni çözmäge çalyşdyk.

Aslynda, wagtyň geçmegi bilen akabanyň ugry egrelip, häzir derýa sözüň göni manysynda bendiň üstüne direnip durýar. Häzir bendiň derejesi beýle beýik däl, suwuň derejesi ýokary galanda, artykmajyny Aral deňziniň günorta bölegine goýbermek zerur bolýar, bu bolsa üç milliard kubmetre çenli barýar.

Men gyssagly ýagdaýda ýa-da bende agram salanda, suwuň goýberilmelidigini inkär etmeýärin. Emma esasy zat, ol başga ýere geçirilmeli. Öňki Aral deňziniň günorta-günbatar böleginde biziň uly Tuşçybas kölümiz bar. Ol ýerde suwuň duzlulyk derejesi ýokary bolmagynda saklanýar, emma wagtal-wagtal ol täzelenýär. Artykmaç suwy ol ýere goýbermek gerek.

Balykçylar Aral deňziniň demirgazyk böleginde

Pýotr Trotsenko: Näme üçin şeýle bendi beýik edip gurmadylar?

Arman Ötepow: Megerem, hasaplama işleri nädogry geçirilendir. Men muny häzir kesgitläp bilemok. Ýöne eger bent 5-6 metr beýigräk edilen bolsa, belki-de, mesele çözülerdi. Indi Kökaral bendini ýokarlandyrmak meselesini hemme taraplaýyn çözmeli diýip pikir edýärin.

BÜTIN DÜNÝÄ DERÝALARYŇ ÜSTÜNDÄKI GIDROTEHNIKI GURLUŞYKDAN DAŞLAŞÝAR

Pýotr Trotsenko: Geliň, Gazagystanda ýakynda döredilen Suw resurslary we irrigasiýa ministrligi barada gürrüň edeliň. Ministrlik eýýäm işiň käbir netijelerini görkezýärmi?

Arman Ötepow: Owal başda ministrligiň döredilmegi arassa howadan dem alýan ýaly boldy. Häzir ýeke-täk kynçylyk düzgün-nyzam düzümi bilen bagly. Işe bolan çemeleşmeleri üýtgetmeli. Ministrlik kömek sorap, hünärmenlere ýüz tutdy. Şu ýylyň başynda 100 adamdan gowrak iş toparyny döretdik we täze Suw kodeksi boýunça tekliplerimizi taýýarladyk: 500 sahypadan ybarat, oňa 700-den gowrak düzedişler girizildi. Bu düzedişlere Majilisde henizem seredilýär.

Pýotr Trotsenko: Meselä ekosistema usulynda çemeleşmek nämeleri öz içine alýar?

Arman Ötepow: Ekosistema usulynda çemeleşmek tebigy ekologiýa ulgamlarynyň, janly organizmleriň, tebigy landşaftlaryň aýratynlyklaryny we tebigy baglanyşyklaryny nazara almak bilen kararlary kabul etmekde, ol durnuklylygy we netijeliligi üpjün edýär. Kararda ekosistemanyň işiniň dört kategoriýasy göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda biz suwy üpjünçilik funksiýasy arkaly göz öňünde tutýarys.

Ýöne suw howany – klimaty düzgünleşdirmek wezipelerini-de ýerine ýetirýär, derýanyň akymy suwuň hilini düzgünleşdirýär, suw janly-jandarlaryň köp görnüşiniň ýaşaýan ýeridir. Eger-de biz tokaý barada gürrüň edýän bolsak, onda ony kesip, onuň peýdasy hasaplanyp bilinjek zat kub metrdir. Şol bir wagtyň özünde, tokaýyň düzgünleşdiriji funksiýasy hem bar: kömürturşy gazyny özüne siňdirýär, dürli bölejikleri özünde saklaýar. Olarda öz kökleri bilen artykmaç suwy siňdirmek ukyby bar. Bu iň ýakyn jaýlara inýän kölegedir.

Bu adamda zähmet öndürijiliginiň artmagydyr: eýýäm geçirilen barlaglara görä, eger adamyň agaçlaryň kölegesinde günde 20 minutdan gowrak ýöremäge mümkinçiligi bar bolsa, onuň öndürijiligi 30% artýar. Başgaça aýdanyňda, bu hem ölçäp bolýan örän aýdyň ykdysady görkezijidir.

Aralsk şäheriniň öňki portunyň golaýynda guran deňziň düýbi

Häzir bütin dünýä derýalaryň üstündäki gidrotehniki gurluşykdan daşlaşýar: gidrotehniki gurluşyk tebigaty zaýalaýar, ýok edýär, netijede durmuşyň hilini ýaramazlaşdyrýar.

Pýotr Trotsenko: Diýmek, derýalara şol gurluşlaryň peýda bolmazyndan öňki akyş usulyna ýol berilmelimi? Men dogry düşünýärinmi?

Arman Ötepow: Örän dogry. Gidrotehniki gurluşlar adam bedenindäki gan lagtalary ýalydyr. Derýalara bolsa özüniň tebigy akyş ugruny dikeltmek möhüm. Muňa eýýäm üstünlikli mysallar köp. Mysal üçin Germaniýada Reýn derýasynyň boýunda 19-njy asyrdan bäri gurlan 800-den gowrak gidrotehniki gurluşyk aýryldy. Munuň özi derýanyň ýagdaýyny ep-esli gowulandyrdy.

"DAWA-JENJELLER DÖRÄR, SUW ÜÇIN GÖREŞ BOLAR"

Pýotr Trotsenko: Ýene Aral deňzine we Syrderýa dolanalyň. Alym hökmünde, eger hiç zat üýtgemese, geljek ýyllar üçin öňünden nämeleri aýdyp bilersiňiz?

Arman Ötepow: Men, belkem, başgalaryň öňünden aýdylanlaryna goşulyp bilerin: buzluklar azalýar, derýalary dolýar. Ýöne biz 2030-njy ýylda suwa eýe bolmakda uly kynçylyklara uçrap bileris. Meseläni töwerekleýin çözmeýändigimiz üçin, bu kynçylyga hökman ýüzbe-ýüz bolarys. Elbetde, häzir tutuş Aral deňzini dikeltmegiň mümkin däldigi aýdyň. Esasan hem ýokardaky goňşularymyzyň, Owganystanda uly kanalyň gazylýandygyny, ýagny suwuň Amyderýadan sowulýandygy göz öňünde tutalyň. Özbegistan näme eder?! Syrderýanyň köp suwuny ulanýarlar, bilýäňizmi? Häzirki wagtda uly suw howdanlarynyň gurluşygy boýunça Gyrgyzystanda we Özbegistanda köp işler edilýär. Täjigistan bilen Gazagystanda hem ol işler alnyp barylýar. Olaryň hemmesi öz territoriýasynda mümkin boldugyndan köp suw saklamak üçin.

Şoňa görä-de, bu ýerde meselä hemme taraplaýyn çemeleşmek örän möhümdir. Suw howdanlaryny gurmak däl-de, topragyň özüne suwy siňdirişini, ýagny çyglylygy özüne dartmagyny dikeltmek zerurdyr. Tebigata garşy gitmeli däl.

Pýotr Trotsenko: Diýmek, diňe Gazagystan däl, eýsem Syrderýa basseýniniň ähli ýurtlary bilelikde hereket edip, suw resurslaryny ýitirip bolýandygyna örän çalt düşünmekleri zerurmy?

Arman Ötepow: Örän dogry. Ýöne owaly bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň her biriniň näme üçin tagalla edýändigine düşünmeli. Eger-de siz olaryň haýsy biriniň Konstitusiýasyny açsaňyz, haýsydyr bir ýol bilen bolsa-da, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmak barada aýdylýandyr. Bu ýagdaýda ähli döwletler planlaşdyrmagyň çäklerini giňeltmeli bolýarlar. Ýagşy, bu gün suw alarsyňyz, ertir näme bolar? Siz topragyň zaýalanmagy proseslerini nädip togtadyp bilersiňiz, ol wagt geçdigi saýy öňüni alyp bolmajak ýagdaýa öwrülýär? Bu kynçylyklar bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynda syýasy tolgunyşyklara täsir eder. Dawa-jenjeller dörär, suw üçin göreş bolar.

Şeýle hem ekologiki migrasiýanyň başlanjagy-da gutulgysyzdyr. Biz 70-80-nji ýyllarda Aral deňzi gurap başlanynda muňa şaýat bolduk. Balykçylar ýüzugra dargadylar, kimleri Balhaşa gitdi, kimleri Kapçagaýa gitdi, kimler balyk tutmak işini düýpden taşlady. Obalar boşap galdy.

Häzir ol obalaryň ýarysyndan gowragynda täze jaýlar bar, adamlaryň gowy telewizorlary, satellit antennalary bar, gowy maşynda gezýärler. Demirgazyk Aral deňzine suw gaýdyp gelende, ýaşaýyş nähili özgerdi. Eger-de biz ýene-de tebigata bolan gödek garaýşymyzy dowam etsek, uly kynçylyklara duçar bolarys.