BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ähli agzalary HAMAS-yň Ysraýyla eden hüjümini ýazgardylar. Emma ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykdan soňra, mejlis Ýakyn Gündogarda ýagdaýyň ýitileşmegi barada, hiç hili beýanat kabul etmedi.
«Duşuşykda aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan zatlara girmek islemeýärin, emma HSMAS-yň hüjümlerini ýazgarýan köp sanly ýurt boldy – diýip, ABŞ-nyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynyň orunbasary Robert Wud aýtdy. – «Elbetde, olaryň ählisi [hüjümi ýazgarmady], ýöne jikme-jikliklere girmek islemeýärin. Meniň pikirimçe, siz muny meniň sözüm bolmazdanam sanap bilersiňiz».
«Ýagdaý durnuksyz we örän howply bolup galýar» diýip, Wud belledi hem-de resmileriň dawanyň tutuş sebite ýaýramagynyň öňüni almak üçin, ähli tagallalary edýändigini hem sözüne goşdy.
«Bu Ysraýyl üçin 11-nji sentýabry. Ysraýyllar biziň ogul-gyzlarymyzy öýlerine dolanyp gelmegi üçin, elinde baryny eder» diýip, Ysraýylyň BMG-däki hemişelik wekili Gilad Erdan BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň gyssagly duşuşygynyň öňüsyrasynda beýanat etdi.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly duşuşygy oktýabr aýynyň ýedinji güni Gaza zolagyndan, Ysraýyla garşy gurnalan ägirt uly raketa hüjümleri sebäpli çagyryldy. HAMAS hereketiniň söweşijileri Ysraýylyň territoriýasyna girdi. Ýesir alnanlar, Ysraýyl esgerleriniň öldürilendigi barada habarlar bar. Azyndan 700 sany ysraýylly ilat heläk boldy we 2 müňden gowrak adam ýaralandy. Ysraýyl goşuny Gaza zolagyna howa hüjümi bilen jogap berdi. Taraplar uruş ýagdaýyny yglan etdiler.
HAMAS-yň hüjümine Ysraýylyň jogaby
Ýordanyň Günbatar kenarynda Ysraýyl goşuny bilen palestinalylaryň arasynda, çaknyşyklar dowam edýär. Ysraýyl resmileriniň aýtmagyna görä, Palestinanyň birnäçe jeňçileri henizem Ysraýylyň territoriýasynda galypdyr.
Ysraýylyň uçarlary HAMAS-yň infrastrukturasyny ýok etmek üçin, 9-njy oktýabr gijesi Gaza zolagyna hüjümlerini dowam etdirdiler. Bu barada Times of Israel neşiri harbylara salgylanyp habar berýär.
Howa güýçleriniň soňky sagatlarda urlan zarbalaryň arasynda, birnäçe komanda postlary, HAMAS söweşijileriniň ýaşaýan jaýy, HAMAS-yň harby-deňiz güýçleriniň serkerdeler merkezi, HAMAS-yň metjitde ýerleşen, şeýle hem başga bir ulanýan obýektleri, barlag-razwedka üçin militarlar tarapyndan ulanylan ýerler nyşana alyndy diýip, gazet ýazýar.
Ölenler we ýaralananlar
Ysraýylyň goranmak güýçleriniň habar bermegine görä, şenbe güni irden 700-den gowrak ysraýylly ýogaldy we 2150 adam ýaralandy.
Palestinanyň häkimiýetiniň habar bermegine görä, Ysraýylyň Gaza zolagyna gurnan jogap howa hüjümlerinde 413 adam ýogaldy, 2 müň 300 adam ýaralandy.
9-njy oktýabr güni irden Ysraýylyň goranmak güýçleri HAMAS-yň söweşijileri bilen bolan söweşlerde, Günorta Ysraýylda wepat bolan beýleki 16 esgeriň adyny yglan etdiler. Şeýlelikde, Ysraýyl esgerlerinden ölenleriň sany 73-e ýetirýär.
Ýesirler barada maglumat
HAMAS Ysraýyla edilen hüjümde 100 sany ysraýyllynyň tussag edendigini, şol sanda ýokary derejeli harby serkerdeleriň hem bardygyny aýdýar. Muny terror guramasynyň wekili Musa Abu Marzuk beýan edipdir.
Şol bir wagtda Palestinanyň “yslam jihady” toparynyň başlygy Ziýad al-Nahala öz esgerleriniň 30-a golaý ysraýyllyny ýesir alandygyny aýtdy. Ol tussaglaryň diňe palestinaly tussaglar Ysraýylyň türmelerinden boşadylandan soňra öýlerine dolanjakdygyny nygtady.
Ysraýylyň häkimiýetleri HAMAS-yň hüjümi mahalynda, tussaglaryň sany barada anyk sanlary bermeýärler. Mundan öň Ysraýylyň ABŞ-daky ilçihanasy 100-den gowrak adamyň ogurlanandygyny habar beripdi.
Tussaglaryň köpüsi Nature Party elektron aýdym-saz festiwalyndan alnyp gidilendir diýlip hasaplanýar, ol festiwal 7-nji oktýabr gijesi Gaza serhediniň golaýynda ýerleşýän Reim şäherinde geçýärdi.
Ol ýerden Zaka halas ediş gullugynyň meýletinçileri 260 adamyň jesedini tapdylar. Soňky maglumatlara görä, HAMAS söweşijileriniň Ysraýyla eden hüjüminden, jemi 700-den gowrak ysraýylly ýogaldy.
Ysraýyldaky ýagdaý
HAMAS-yň hüjüminden soň, ýiten ysraýyllylaryň maşgala agzalary metbugat konferensiýasy geçirilip, olary gözlemek üçin, döwlet wekiliniň bellenilmegini talap edilipdir. Dogan-garyndaşlary dereksiz ýitenler barada döwlet gullugyndan maglumat alyp bilmeýändiklerini aýtdylar. «Men polisiýa, Tiz kömek gullugyna, harby bölüme jaň edip başladym – ol ýerde tertip-düzgün doly bozulypdy» diýip, metbugat konferensiýasyna gatnaşyjylaryň biri aýtdy.
«Biz jogap talap edýäris. Her bir jogaba razy bolmarys. Biz çagalarymyzyň yzyna dolanmagyny isleýäris. Ähli zat takmynan 48 sagat mundan öň başlandy. Käbir maşgalalar entegem hiç zady bilmeýär» diýip, tussaglaryň garyndaşlary aýdýarlar.
Dünýä jemgyýetçiliginiň reaksiýasy
Ysraýyldaky ýagdaýyň agyrlaşmagy bilen baglylykda, ABŞ-nyň prezidenti Joe Baýden ýurda goşmaça harby kömek iberjekdigini aýtdy, Pentagon ABŞ-nyň Jerald Ford uçarlary daşaýjy hüjüm toparyny Ýer Orta deňziniň gündogaryna iberdi. Oňa uçar göteriji ABŞ-a degişli Jerald Ford gämisi, raketa kreýiseri "Normandiýa" we beýleki harby-deňiz güýçleri girýär.
"Biz şeýle hem ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň F-35, F-15, F-16 we A-10 kysymly söweş eskadralaryny sebitde güýçlendirmek üçin ädimler ätdik. Galyberse-de, ABŞ-nyň hökümeti haýal etmän, Ysraýylyň goranyş güýçlerine goşmaça enjamlary we serişdeleri, şol sanda söweş enjamlaryny berer" diýip, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin sözüne goşdy.
Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä azyk programmasy söweşden ejir çeken ýerlerde, hususan-da, Gaza sebitinde esasy azyk önümleri meselesinde döreýän kynçylyklar barada çuňňur alada bildirdi.
Gaza zolagyndaky ýaşaýjylara elektrik energiýasyny berýän ýeke-täk elektrik bekedi birnäçe günüň dowamynda, ýangyçsyz galyp biler diýip, BMG-niň beýanatynda aýdylýar. Gaza zolagynda ýaşaýan 2,3 milliona golaý adamyň doly garaňkylykda galmak howpy bar.
Eýranyň roly
Eýranyň howpsuzlyk resmileri Palestinanyň HAMAS hereketine Ysraýyla hüjüm etmegi planlaşdyrmaga kömek etdi diýip, The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar.
HAMAS-yň we Liwandaky “Hizbullahyň” ýokary derejeli resmileri 2-nji oktýabrda Beýrutda toparlaryň söweşijileri bilen geçiren duşuşygynda, Eýranyň aňtaw gulluklarynyň "hüjüme ýaşyl yşyk berendigini" neşir habar berdi.
Eýranyň Yslam rewolýusiýa garawullary korpusynyň ofiserleriniň awgust aýyndan bäri HAMAS bilen bilelikde Ysraýyla howadan, gury ýer we deňiz üstünden hüjümleri meýilleşdirmegi işläp taýýarlamak boýunça, iş alyp barandygyny WSJ-niň söhbetdeşleriniň tassyklandygyny aýdýar. Operasiýanyň jikme-jiklikleri Eýran tarapyndan goldanylýan dört toparyň wekilleri, şol sanda HAMAS we “Hizbullah” bilen takyklanypdyr.
Eýranyň Ysraýyla garşy hüjümi guramaga gatnaşýandygy baradaky maglumatlary Ýewropa resmileriniň biri we Siriýa hökümetiniň maslahatçysy tassyklady.
HAMAS-yň ýokary wezipeli resmisi Mahmud Mirdawi toparyň hüjümi özleri tarapyndan planlaşdyrylandygyny aýtdy. Tähranyň Ysraýyla HAMAS söweşijileriň hüjümiň planlaşdyrylmagyna gatnaşmandygy Eýranyň BMG-däki missiýasy tarapyndan hem beýan edildi.
«Biz Palestinany berk goldaýarys, emma Palestinanyň jogabyna gatnaşmaýarys, sebäbi bu kararlar diňe Palestinanyň özi tarapyndan kabul edilýär» diýip, hemişelik wekil aýtdy.
"Olar öz şowsuzlygyny aklap, Eýranyň aktiw güýjüni we operatiw meýilnamasyny günäkärlemäge çalyşýarlar" diýip, ol wekil sözüne goşdy.
Gazagystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň häkimiýetleri Palestina-Ysraýyl konflikti barada alada bildirip, taraplary ýaragly çaknyşygy bes etmäge, krizisi syýasy we diplomatik ýollar bilen çözmäge çagyryş etdiler. Türkmenistan bu babatda dymyşlygyny saklaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.