Media habarlaryna görä, Britaniýa, ýapyk gapylaryň aňyrsynda, Ukrainanyň “Storm Shadow” raketalary bilen Russiýanyň çägine uzak aralyk zarbalaryny urmagyna ýaşyl çyra ýakdy. Bu aralykda, Moskwanyň goşunlary öten agşam ýene-de Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky energetika desgalaryny we raýat infrastrukturalaryny nyşana alyp, azyndan 14 adamy ýaralady.
"The Guardian" gazetine görä, hökümet çeşmeleri Kiýewiň Britaniýada ýasalan ganatly raketalardan peýdalanyp, Russiýanyň çägine zarba urmagyna ygtyýar bermek barasyndaky kararyň bireýýäm kabul edilendigini, ýöne bu ädimiň aç-açan yglan edilmändigini we britan premýer-ministri Keir Starmer 13-nji sentýabrda ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen Waşingtonda duşuşanda hem munuň köpçülige mälim edilmejekdigini aýtdylar.
Britan resmileri "The Guardian-yň" habaryny tassyklamady.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski birnäçe aý bäri, Moskwanyň hüjüm mümkinçiliklerini çäklendirmek maksady bilen, Günbataryň ýaraglaryny, şol sanda ABŞ-nyň “ATACAMS” we Britaniýanyň “Storm Shadow-laryny” ulanmak arkaly rus çäginiň çuňluklaryna ot açmak babatynda Ukraina rugsat berilmegi boýunça Kiýewiň ýaranlaryna haýyş bilen ýüzlenip gelýärdi.
Degişli maglumat Ukrain dronlary Moskwa we onuň aeroportlaryna wehim salýar, rus dronlary Kiýewi nyşana alýarBaýden şu hepdäniň başlarynda öz administrasiýasynyň çäklendirmeleri ýatyrmak meselesine “garaýandygyny” aýtdy, ýöne jikme-jiklik bermedi.
Bu aralykda, döwlet sekretary Entoni Blinken 11-nji sentýabrda Kiýewe amala aşyran saparynyň dowamynda Ak tamyň uzak aralyk ýaraglaryndan peýdalanylmagy babatyndaky çäklendirmeleri aradan aýyrmagyň bosagasynda durandygyny güýçli yşarat etdi.
“Biz Ukrainanyň özüni netijeli gorap bilmegi üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmegi dowam etdirmegiň üstünde gyssagly iş alyp barýarys” diýip, ol britan daşary işler ministri Deýwid Lammy hem-de ukrain daşary işler ministri Andriý Sybiha bilen geçiren metbugat ýygnagynda aýtdy.
Sumy sebitiniň harby administrasiýasy Russiýanyň geçen gije amala aşyran hüjüminde “Şahed” görnüşli öz-özüni heläkleýji dronlardan peýdalanandygyny aýtdy. Konotop şäheriniň häkimi Artýom Semenihin şäherçede elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň bölekleýin kesilendigini hem-de tok we suw üpjünçiligjni gaýtadan dikeltmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny Telegramda aýtdy. Ol energetika infrastrukturasynyň agyr zyýan çekendigini aýtdy.
Russiýa Ukrainanyň möhüm energetika infrastrukturalaryny sistematik görnüşde nyşana alyp, agyr zyýan ýetirip gelýär we asuda raýatlaryň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini çäklendirýär.
Bulara jogap hökmünde ukrain dronlary Russiýanyň çuň içine zarba urup, Moskwanyň harby tagallalarynda möhüm bolan energetika desgalaryna, hususan-da nebit gurnamalaryna zyýan ýetirip gelýär.
Blinken we Lammy Kiýewde ukrain resmileri bilen geçiren duşuşyklaryndan soňra, täze ýardam bukjasyny yglan edip, Ukrainany terk etdiler.
Blinken 700 million dollardan gowrak ýardam yglan etdi, bu serişdeleriň agramly bölegi Ukrainanyň energetika toruny güýçlendirmäge gönükdiriler. Lammy bolsa öz ýurdunyň ýardam we karz kepillikleri hökmünde ýene-de 600 million funt-sterling (781 million dollar) möçberinde ýardam we karz kepillikleri bilen üpjün etjekdigini aýtdy.
Bu aralykda, rus güýçleri Kursk sebitindäki ukrain goşunlarynyň üstüne hüjüm edip başlady we käbir çäkleri yzyna gaýtaryp aldy diýip, Moskwa tarapdar uruş bloggerleri we ukrain harby analitikleri 11-nji sentýabrda aýtdy.
Bu hüjümler geçen aý garaşylmadyk ýagdaýda rus çägine hüjüm edip, Kursk sebitiniň käbir böleklerinde gözegçiligi ele geçiren ukrain güýçleriniň günbatar ganatyna garşy gönükdirilýär. Käbir çeşmeler bu hüjümleri garşylyklaýyn hüjüm hökmünde häsiýetlendirýär.
Degişli maglumat Ukraina Russiýanyň Kiýewe eden soňky dron hüjümleriniň şu aýyň dowamynda bäşinji hüjüm bolandygyny aýdýarUkrain açyk aňtaw çeşmesi bolan “DeepState” rus harbylarynyň “Seým derýasynyň üsti bilen, soňra beýleki derýalaryň üsti bilen sowutly tehnikalary daşap, işjeň hüjüm operasiýalaryna girişendigini” Telegramda aýtdy.
“DeepState” Korenewo şäherçesinde ýene bir zarbanyň bolup geçendigini we bu şäherçäniň ýaňy-ýakynda ýitirilendigini aýtdy.
Birmeňzeş maglumat Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen ilteşikli “Rybar” kanaly tarapyndan hem paýlaşyldy.
Kurskda söweşýän Ahmat ýörite güýçleriniň serkerdesi general-maýor Apti Alautdinow rus güýçleriniň hüjüme gidip, 10 çemesi ilatly ýeri yzyna alandygyny aýtdy diýip, TASS habar berdi.
“Ýagdaý biz üçin gowy. Biz bu ýerde öz ugrumyzdaky duşmany ýok etmegi we garşy durmagy dowam etdirýäris. Duşman güýçleri örän agyr ýitgi çekdi we bu ýerleri elde saklamagyň kyn boljakdygyna düşünip başladylar” diýip, TASS Alautdinowy sitirledi.
Käbir rus söweşijileriniň Snagost obasynda hem-de başga-da birnäçe ilatly ýerde rus gözegçiligini gaýtadan dikeldendigi öňe sürülýär, ýöne bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar.
Ukrain tarapy Kursk sebitindeki ýagdaýlar babatynda hiç hili üýtgeşiklik habar bermedi.
Rus hüjümleri ukrain toparynyň Kursk sebitindäki logistika merkezi bolan Sudža şäherine howp abandyrmaýar. Sudža Snagost obasyndan 40 kilometr aradaşlykda ýerleşýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.