Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýakynlary Britaniýada, 40 million funt sterlingden gowrak bolan mülke eýeçilik edýärler diýip, Günbataryň habar beriş serişdeleri ýazýar. Mülküň eýeleri baradaky maglumatlar täze düzgünnama laýyklykda aýan edilýär, soňky düzgüne görä, deňiz kenaryndaky kompaniýalar ahyrky peýdalanyjyny yglan etmelidirler.
DUMANLY ALBIONDAKY NAZARBAÝEWANYŇ WE KULIBAÝEWIŇ KÖŞKLERI
Britaniýanyň The Times gazeti Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýakynlarynyň Beýik Britaniýadaky gozganmaýan emläginiň bahasynyň 40 million funt sterlinge barabardygyny habar berýär. Ol baýlyk deňiz kenaryndaky kompaniýa tarapyndan hasaba alnypdyr.
Täze aýdyňlyk düzgünlerine laýyklykda, Beýik Britaniýada emläge eýe bolan daşary ýurt kompaniýalary onuň iň soňky eýesiniň girdejilerini yglan etmelidir. Öňler beýle maglumat gizlin hasaplanyp, köpçülige mälim edilmeýärdi. Ýöne geçen ýyl Orsýetiň Ukraina çozup girmeginden soň, Londonda daşary ýurtly ýuridik şahslaryň hasaba alnyşy döredilip, ofşor zonalardaky kompaniýalaryň üsti bilen Birleşen Korollykdan kaşaň emläklere eýe bolýanlar barada, maglumatlar aýan edilýär.
The Times gazetinde hasaba alyş maglumatlary ýer hasaba alnyşy bilen deňeşdirilip, korrupsiýa bilen dolandyrylýan ýurtlardan gelen awtokratlaryň çagalarynyň we olaryň ýakyn egindeşleriniň ýüzlerçe million funt sterlinge barabar bolan emlägi satyn alandyklary anyklanypdyr. Britaniýanyň hökümet hasaba alnyş gullugyna görä, Gazagystanyň öňki prezidentiniň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa Londonda 40 million funt sterlingden gowrak bahasy bolan gozganmaýan emlägiň soňky eýesidir. Onuň Londonyň demirgazygynda ýerleşýän Highgate etrabynda 9,3 million funt sterlinge barabar jaýy bar we ýene-de Çelside iki sany 31 million funt sterlinge durýan kwartirasy bar. Ol gozganmaýan emläkler Panamadaky Tropicana Assets Foundation hem-de Villa Magna Foundation ofşor kompaniýalarynda hasaba alnypdyr. Bu emläkler eýýäm Britan neşirleriniň ünsüni özüne çekdi.
Nazarbaýewiň giýewi, onuň ortanjy gyzy Dinaranyň äri Timur Kulibaýew 2007-nji ýylda, Berkşirdäki Sunninghill Parkda, häzirki patyşanyň dogany, şazada Endrýusiň emlägini ofşor kompaniýasynyň üsti bilen satyn aldy. Ol bu emläk üçin soralýan bahadan üç million funt sterling artykmaç töläp, ýagny 15 million funt sterlinge satyn alypdy. Şeýle-de, The Times gazetiniň ýazmagyna görä, Kulibaýew Britaniýanyň Wirgin adalarynda hasaba alnan kompaniýa arkaly Hyde Parkyň golaýynda 1,5 million funt sterlinge durýan emlägiň hem eýesidir.
Nursoltan Nazarbaýew we Dariga Nazarbaýewa The Times gazetiniň sowallaryna jogap bermediler. Kulibaýewiň bähbitlerini goraýan Schillings kompaniýasy bolsa, ol “işi üstünlikli barýan garaşsyz biznes eýesi bolup, 35 ýyllyk işewür hyzmatynyň dowamynda, özüniň baýlygyny kanunalaýyk ýol bilen açyk görnüşde gazandy” diýip maglumat berdi.
Gazetde beýleki awtokratlaryň maşgalalarynyň emlägi barada hem gürrüň gidýär. Azerbaýjan prezidenti Ilham Aliýewiň çagalarynyň Londonda bahasy 21 million funt sterlinge barabar bolan jaýlaryň eýeleridigi aýdylýar. Angolanyň öňki prezidenti Hose Eduardo duş Santoşyň gyzynyň 10 million funt sterlinge barabar jaýynyň bardygy mälim edilýär.
Beýik Britaniýada ofşor kompaniýalaryň üsti bilen gozganmaýan emläk edinmäge kanun tarapyndan rugsat berilýär. Ýöne täze düzgüne laýyklykda, daşary ýurt kompaniýalary ýanwar aýynyň ahyryna çenli ahyrky emläk eýeleri barada maglumat bermeli boldular. Hökümet bu düzgüniň aýdyňlygy üpjün edýändigini belledi.
Britaniýanyň "Transparency International" halkara guramasynyň barlag bölüminiň başlygy Ben Kowdokyň aýtmagyna görä, ofşor kompaniýalaryň ahyrky eýeleriniň aýan edilmegi syýasy taýdan paş edilen adamlaryň baýlygyny dünýäniň görmegine kömek edýär. Ol ýurduň gozganmaýan emläk bazary "öz baýlygyny gizlemek üçin howpsuz ýer" bolmaly diýip hasaplaýar.
Britaniýanyň parlamentiniň agzasy Margaret Hodge Londonyň awtokrat režimler bilen gatnaşyklaryny kesmek meselesinde, berklik görkezmeýändigine özüniň gynanýandygyny aýtdy. Ol deputat adam hukuklary meselesinde ýaramaz abraýa eýe bolan şeýle režimler bilen baglanyşygyň agyr ahlak kynçylyklaryny döredýändigine ynanýar.
«Beýik Britaniýa awtoritar ýurtlardan gelýän saýlantgylaryň ýoluna gyzyl haly düşedi. Biz olardan pul almagy bes etmeli» diýip, Margaret Hodge aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.